01:28

Täze Döwür - Täze Talap

Категория: Edebiýaty öwreniş | Просмотров: 1074 | Добавил: Нawеran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Edebiýaty öwreniş bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 13
0
1 nurberdiannaew28  
442
Çykyshyňyzy üns bilen okadym. Birinjiden, sosializm bütün dünýäde ret edilenok.Hytaý, Wetnam, Demirgazyk Koreýa, Kuba we ýenede köp döwlet kommunizmi gurjak bolup ymtylýar. Sosializm we kommunizim ideýzsy Orsýetde hem agdyklyk edýär. Orsýetiň biz barada näme maksadynyň bardygyny  biljek bolsaň, olaryň gazýet-jurnallaryny oka. 
  Türkmen edebiýatyna uly ynam bildiripsiň. Bu gowy. Kitap ýazmak üçin döwümiz amatly. Ýöne bu mümkinçilikden peýdalanyp, öňdebaryjy eserleri ýazyp boljagyny aňshyrýan ýazyjy-shahyrlarymyz ýok diýen ýaly. Ýazyjy-shahyrlarymyz täze ideallary öňe sürmäniň ornuna, shol köne döwüriň edebiýatyny magtap ýatyrlar. Siziň özüňiz hem köne edebiýata gidýärsiňiz. Köne edebiýatdan ýüz öwürmeseň, täze edebiýaty ýazyp boljagyna ynam ýok.

0
2 Bagabat  
43
Birinjiden-ä...
Sosializmiň dünýäniň niresinde ret edilendigini ýa-da edilmändigini Osman aga pahyryň senden-menden has gowurak bilendigine men 100 däl, 1000 göterim kepil geçip biljek. Sosializmiň, kommunizmiň nazary hem amaly esaslarynam ol bende ikimiz ýalylardan has düýplüräk öwrenen bolaýmasa...
Ikinjidenem...
Aýatda gezip ýörende-de ýetmiş ýaşyna ýakyn baran, tas 30 tomdan gowrak çeper we ylmy işleri ýazyp, diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem daşary ýurtlarda-da ykrar edilen okumyş, alym adama "gazet-žurnal okamagy" ägirt uly hondanbärisilik bilen "pent kylmanam", onuň aýdan ol ýa-da beýleki pikirleri bilen ylalaşmaýandygyňy ýazyp bolardy geräm?!
Üçünjiden bolsa...
Ýeriň ýüzünde merhumyň merhumdygyny bilmän, onuň bilen diri ýaly dawa etjek bolmak ýaly namart bolgusyzlyk ýokmuka diýýärin, eger-de çakym çak bolsa...Sebäp diýseň, sen näme diýip pytjyň ataňda-da merhum saňa jogap berip bilmeýär-dä. Seniň bolsa keýpiň kelläňde, taraşlaman şaglat-da otur...
Dördünjidenem...
Iň bolmanda makalanyň mazmunyndan onuň ýazylan wagtyny "mazgili meýni" diýlip atlandyrylýan çap-çal närse-de ýekeje çyzyjak bolanda-da çaklasaň bolýandygyna ünsi çekesim geldi...Geçen asyryň ahyry, sosializm-kommunizm ideallaryndan göwni geçme, milli ruhy gymmatlyklaryň gözlegleri...-Bu hem ýaňky çal närsedäki toplananlary "gugllamak" üçin açarsözler...Eger-de onda "gugllara" bir zatlar bir zatlar ba bolsa...
Bäşinjidenem...
Başga halklar-a bilemmok, ýöne türkmenleriň gadymylar-a "dirisini sylan baý bolar, ölüsini sylan beg" diýip aýdyp ötüpdirler...
Altynjydanam...
Täze ideallary ýazýan ýa-da ýazyp biljek ýazyjy-şahyrlaryň ýoklugy hakda aýdylanlar babatda...Slyş daragoý, häzirki zaman ýazyjy-şahyrlarynyň haýsynyň nämäsini beýle çintgäp okadyň-a munyýny ýaly çürt-kesik netije çykarar ýaly? Agageldi Allanazarymy, Kömek Kulynymy, Merdan Baýadymy, Sungat Gurbangeldinimi, Hemra Hudaýgulynymy, Nobatguly aga pahyrymy, Osman aga pahyrymy, Umyt Külänimi, Maksat Bäşimowymy, Juma Hudaýgulyýewimi, Atajan Taganymy, Orazguly Annaýewimi, Annatagan Nurgeldiýewimi, Kakamyrat Ataýewimi, Reýimbaý Sabyrowymy, Sapargeldi Annasähet Iner oglunymy ýa-da şahyrlardan Seýitmyrat Geldiýewimi, Kakamyrat Rejebowymy, Has Türkmenimi, Laçyn Pürjäýewanymy, Aşyr Hanowymy... Ýa-da seniň ýaly "daragoýlara" diňe başga "daragoýlar" "Ine şu ýazyjyňyz bilen şu şahyryňyz-a juda ajaýyp!" diýip ykrar etse, şol "täzeçe ýazyjy hem şahyr" bolup, galanyny okamak geregem dälmi? "Men seniň ýazanlaryňy okamadym, ýöne onda-da ol biderek" diýýänçi tankytçylardan öýdýän? Hä däninim?!
Ýedinjidenem...
Türkmen diliniň dürs ýazuw kadalaryna laýyklykda "Wetnam" diýlip ýazylmaýar-da "Wýetnam" diýlip, "shahyr" diýip däl-de "şahyr" diýlip ýazylýä...
Çikişimizleri wüns werip okaniňizlara köp minnetdar!

0
3 nurberdiannaew28  
442
Men onuň merhumdygyny bilmändirin. Geçirersiňiz.Siz oňa kim bolýarsyňyz. Gaty janygyp goranýarsyňyz. Üns berseňiz men tankytda däl. Men öz oýymy aýytdym.

0
4 Bagabat  
43
"Goranýarsyňyz" - Hymh...
Goranmaga, käşgä esas bolsa...
Diňe gaharymy getiren zat, her bir gabat gelen adama: "dogan, doganjygym" diýip ýüzlenmegi hemişe özüne borç diýip bilen, gözem, göwnem neresse çaganyňky ýaly bolan pahyryň eden işlerine, janyndan syzdyryp zynharlaýan pikirlerine göwnüýetmezçilik bilen "gazýet-jurnal oka" diýlen bolmagy janyma batdy.
Arada, internetde köpçüligiň teležkaçy aýdymçysy Nury Meredow (Nury Kasoý diýýäler) pahyryň bir toýda nähak göwnüne degenlerinde, edepsizlere: "balagyňyzy geýmäni bir oňaryň" diýip gaharlanyşyny gördüm...
Osman aga pahyr nire, "gazýet-jurnal oka" nire...

0
5 Bagabat  
43
Magtymguly Pyragy geplemesden burun "söz aslyna ýagşy ýetmegi" nesihat edýär. Osman Ödäýewi tanaman türkmen edebiýatyna baha kesmäge synanyşyk etmek bolsa... Näbileýin-dä!
Bilmeýän zadyň barada kimdir biriniň pikirini gaýtalaýan "totyguşluk" hem şol "näbileýin-dä" üçin ýene-de bir esas.

0
6 Kitapcy  
410
Ilki teswiri özüm ýazaýyn diýip durdum şuña, Serdar halypa öñürtilän eken, şonda-da ilki ýazaýyn soñ okaryn siziñ teswiriñizem, sebäbu berjek jogabymyzyñ içinde käbir pikirleriñ deñeçerräk gopjagyny öñünden bilýärin. smile
Ýañy milli kitaphanada Nobatguly halypa bagyşlanan ajaýyp şygyrlaryñ biri duşdy-da, şony göçürip aljak bolup başagaý bolup durşuma, telefonym öçdi galdy... Neme, Nurberdi akga, bü biziñ hormatly Osman Ödämiz ilki özi amal edip görüm-görelde bolmadyk sözüni ile-güne ündejek ýazyjy däldi (ýatan ýeri ýagty bolsun!) Osman Öde sözüñ doly manysynda täze türkmen edebiýatynyñ kerwenbaşysydyr, läheñidir, bu ada mynasyp başga-da birnäçe ýazyjy-şahyrlarymyz bar.

prozada - Osman Ödäýew, Kaýum Tañrygulyýew, Çary Aşyrow, Tirkiş Jumageldiýew, Öwezdurdy Nepesow, Sapargeldi Annasähet Iner ogly, Hemra Şirow, Juma Hudaýguly, Hemra Hudaýguly, Ýagmyr Hudaýguly, Şirinjemal Geldiýewa, Şirin Gurbanowa, Owadan Gurdowa, Ogulsenem Taññyýewa, Hydyr we Ylýas Amangeldiýewler, Ogulgerek Ussaýewa, Agageldi Allanazarow, Atajan Tagan, Hudaýberdi Diwangulyýew, Rahym Esenow, Kömek Kulyýew, Meretgylyç Ýagmyrow, Döwletmyrat Nuryýew, Şöhrat Mülkiýew, Abdylla Yslamow, Şöhrat Abdyýew, Esen Ataýew, Baba Şyhyýew, Amanmyrat Şakulyýew, Oraz Ýagmyr, Ýazmyrat Mämmediýew, Amanmuhammet Nepesow, Annatagan Nurgeldiýew, Kakamyrat Ataýew, Serdar Ataýew, Goçy Annasähedow, Jumageldi Mülkiýew, Narmuhammet Kakabaýew, Gurbannazar Orazgulyýew, Rejepmyrat Durdyýew, Annageldi Nurgeldiýew, Sytdyh Meret, Annaguly Nurmämmet, Şadurdy Çarygulyýew, Şadurdy Çaryýew, Reýimbaý Sabyrow, Meretmuhammet Orazow, Merdan Baýat, Maksat Bäşimow... 

poeziýada: Berdinazar Hudaýnazarow, Atamyrat Atabaýew, Annaberdi Agabaýew, Nobatguly Rejebow, Kakabaý Ylýasow, Sapar Öräýew, Baýram Jütdiýew, Atajan Annaberdi, Gurbandurdy Geldiýew, Näzik Annatyýewa, Kasym Nurbadow, Durdymuhammet Gurban, Şiraly Nurmyradow, Saparmyrat Öwezberdiýew, Bapba Gökleñ, Ilmet Gurban, Oguljemal Çaryýewa, Ogultäç Oraztaganowa, Şähribossan Geldimämmedowa, Bibi Orazdurdyýewa, Azymberdi Kakaýew, Amanmyrat Bugaýew, Rejepgeldi Mejikow, Abdyreşit Taşow, Orazguly Annaýew, Guldurdy Sähetdurdyýew, Laçyn Pürjäýewa, Kakamyrat Rejebow, Leýli Gurbanowa, Seýitmyrat Geldiýew, Gülşirin Hanowa, Hudaýberdi Söhbetow, Torum Ýaýlan, Ýaban Saparow, Mahym Rozyýewa, Oguljennet Bäşimowa, Seýran Otuzow, Aýgül Garaýewa... 

Baýbu-uww, sanasañ sogaby bar, soñky otuz ýylyñ täze edebiýaty öwrenilmegine we baha berilmegine garaşýar. Şu ýerde ady tutulan-u-tutulmadyk belli ýazyjy-şahyrlarymyz TÄZE DÖWRÜÑ TÄZE TALABYNA LAÝYK TÄZE ESERLER döretdi diýip doly aýtsa bolar. Elbetde, ýokarda ady agzalanlaryñ içinde häkimiýetin saýasynda eser döredenlerem bar, syýasy režimden az-kem sowaşyp ýekebara gezeni-de bar, gep onda däl, gep olaryñ sözüñ doly manysynda milli edebiýaty döredip bilendiklerinde...

0
7 Kitapcy  
410
Kommunizme gezek gelende, Hytaý Mao Szedundan soñ bireýýäm kapitalistik gurluşly reformalara egilşik edendigi üçin häzir HYTAÝ bolup dur dünýäde ady.. D.Koreýa, Kuba, Wýetnam ýaly ýurtlarda bolsa ynha, şularda şeýleräk nusga alarlyk zat bar diýip barmak çommaldyp görkezere zat tapmasañyz gerek.

0
8 Kitapcy  
410
Orsyýetde-de kommunistleriñ oñarýan işi bitirýän goşy bardyr öýdemok, Žirinowskidir Zýuganow ýalylary häkimiýet ynha bizde oppozisiýa bar diýmek üçin gözlük hökmünde saklaýar, Orsyýediñ kommunistik partiýasy ors oligarhlarynyñ demindenem çykyp bilmeýär...

0
9 Kitapcy  
410
Orsyýediñ gazet-žurnallary elýetersiz däl ahyryn, gadyrdan, www.gazeta.ru saýtyna girseñ Orsyýediñ islendik merkezi we ýerli gazetlerini okap durmaly, okalmaýanyny näbilýäñ, köpçülige girip beý diýseñ aýyp bor.
tizden şu saýtda-da goýjak ruslañ www.gazeta.ru, türkleriñem www.gazeteoku.com saýtlarynyñ linkini, islendik okyjy saýtymyzdan göni girip okarlary ýaly.

0
10 Kitapcy  
410
Döwran Agaly aga tüweleme diýseñ asylly işi amala aşyrdy, Osman aganyñ edebi mirasyny doly toplady diýen ýaly, häzir milli kitaphana barýan welin, otuzdanam agdyk owadam tomluklary görýäñ gözüñ dokunýar, nesip bolsa tomluklar kyrka ýetse gerek.
Meñ ýokarda agzan ýazyjy-şahyrlarymyñam edebi mirasyny toplasañ iñ azyndan gazet-žurnala çykan makaladyr çeper eserlerindenem 10-15 tom çyksa gerek (kitap bolup çap edilenleri, gazet-žurnallaryñ gatynda galanlary, çap edilmedikleri, golýazma görnüşindäkiler, hemmesini toplap bolsa-ha ondanam köp çykar).

0
11 Kitapcy  
410
Diñe Öwezdurdy Nepesowyñ çap edilen we edilmedik romanlarynyñ sany 30-a ýeteñkirlän eken, powestdir hekaýalary-da şonça iki esse bar. Hut özüm ýaşulyñ golýazmalarynyñ on toma barabaryny komýutere geçirtdim özünden alyp.

0
12 Kitapcy  
410
Meselem, Aşyrmät Garlynyñ galamyndan Fridrih Nişsäniñ "Zaratuştra şeýle diýipdi" romanynyñ terjimesiniñ bardygyny bilýäsmi? Bilemzok.

0
13 Kitapcy  
410
Meselem, Çary Aşyryñ Mary söweşi hakynda "Hemze Mürzäniñ ýörişi" romanyny, T.Hojakgaýewiñ Gökdepe temaly eserleriñ içinde iñ naýbaşysy hasaplanyp boljak epopeýasynyñ bardygyny, Nargylyç Hojageldiýewiñ eden abyrsyz işlerini bilýänimiz näçeräk?

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]