22:55 Türkmen halk yrymlary -11: Haýwanlar, guşlar hakyndaky yrymlar | |
HAÝWANLAR, GUŞLAR HAKYNDAKY YRYMLAR
Hiç wagt ýatan ýylana degmeli dälmiş. Gowulyga garaşmaly däl. Ýoldaşy hökman ar alar. Ýylan ýatan adama degmezmiş. Uklap ýatan adamynyň üstünde köke ýaly tegelenip ýatyberýärmiş. * * * Durnanyň ýolbaşçysyny atsaň, ýoldaşlary azaşyp ýörermiş. Atan adam uly günä gazanar. * * * Horaz bosaga gelip gygyrsa, myhman gelermiş. * * * Goýny ýedi ýyllap urman, sökmän, käýinmän bakan çopan Hydyr görermiş. * * * Gurt (möjek, böri) türkmenlerde gowy görülýär. «Gurt ýüzi mübärek» diýlen nakyl hem türkmen halkynda örän ýörgünli ulanylýar. * * * Iti urmaklyk külli günä hasaplanylýar. * * * Owuzy gyzgynka iýmeli dälmiş. Täze doglan gölejik ýalmawuz kimin iýermen bolarmyş. * * * Ýylanyň aýagyny gören ýa baý bolarmyş ýa-da garyp düşermiş. * * * Sygyrlar guzlanda, käbir ýerlerde «Zeňňi aşy» bişirilýär. * * * Bogaz sygyr ýalanarmyş. * * * Türkmenler ata münenlerinde, atyň çep tarapyndan baryp, çep aýaklaryny üzeňňä basyp, çep elleri bilen eýere ýapyşyp atlanar ekenler. Söweşjeň türkmeniň sag eli gerekli ýerinde boş bolar ýaly şeýle ediler ekeni. * * * At ýuwulanda, sypaň-sermeň edilende, onuň çep gapdalyny çep eliň bilen, sag gap¬dalyny bolsa sag eliň bilen ýuwmaly. * * * Atyň aýaklaryny galdyrmak isleseň hem, çep gapdalyny çep eliň bilen sag gapdalyny sag eliň bilen galdyrmaly. * * * At münüp barýan türkmen bilen öňünden gelýän atly türk-men gabatlaşsa, «Erbet niýet bilen öňüňden çykmadym» diýen manyda sag eginleri bilen gabatlaşmaly. * * * Garga gagyldasa, myhman geler ýa-da habar geler. * * * Halal mal eýesinden aýrylmazmyş. * * * Düýe: «Eýämiň ýykyljak ýeri meniň dabanymdanam ýum-şak bolsun!» diýenmiş. * * * Mal-gara, öý haýwanlary özleriniň ölü¬mi bilen hem eýesiniň başyna gelen belany sowarmyş. * * * Mal öldürilende, iç goşlaryny ýata suw¬da ýuwmak bolmaýar. * * * Mal haram ölse, «Başa gelenini sowsun!» diýmelimiş. Oňa onçakly gynanmaly dälmiş. * * * Sygyr saglanda iniň halal bolmaly. Şonda öýe rysgal-döw-let gelýärmiş. * * * Mallary suwa ýakmaga baranyňda, ýuwaşjadan sykylyklasaň, sykylyk sesi eşidilse, mallar suwy gowy içermiş. * * * Sygry, goýny, düýäni depmek günä. Adam uzagyndan ço-lak bolarmyş. * * * Ýylan her gün bir gelen ýerinde düýrlenip ýatsa, şol ýerde gyzyl bardygynyň alamaty. * * * Ýylanyň gowuny garyşlap görseň, eliň hiç haçan derlemezmiş. * * * Hažžyk (kelpese) güne seredip oturyp, günden özüne güýç alýar ekeni. Ol haýwan güne seredip oturansoň, adamlar arasynda oňa «Güne gargar» diýilýär ekeni. Emma ol haýwan güne gargaman, ondan güýç alýarmyş. * * * Münen atyň büdrese, gowy görülmeýär. Ýöne nähili hem bolsa kalbyňda ýagşy niýetler saklap, gowulyga ýormalymyş. * * * Baýguş gygyrsa, «Baýhatyn, baýhatyn, baýlygyňdan ber hatyn!» diýip, ondan dileg etmeli, ýogsa «şer getirýär» diýlip, yrym edilýär. Bu akylly guş «baýguş» diýseň, halamazmyş, «gan gus!» diýip gargarmyş . * * * «Gargalar tamyň üstüne üýşüp gagyldaşsalar, toý bolar» diýilýär. * * * Düýe bagyryberse, gowulygyň alamaty hasaplanylmaýar. * * * Düşdüş sallananda, ak düşdüş bolsa, garyndaşyň, gara düşdüş bolsa, dost-ýarlaryň myhmançylyga geljekdir. * * * It zaryn-zaryn uwlasa, türkmençilikde gowulyga ýorulmaýar, «betbagtlyk bolaýmasyn» diýlen ynanç bilen hudaýýoly paýlanylýar. * * * Möý öldüren adamynyň günäleri dökülermiş. * * * Öýe guş uçup girse, bagtlylykdan nyşan hasaplanylýar. Türkmen halky öz öýünde höwürtge ýasanan guşa bagtlylygyň alamaty hökmünde garapdyr. * * * Öýe ýylan girse, öldürmeli däl, eger öldürseň, her hili betbagtçylyk bolmagy ähtimalmyş. * * * Bardy-geldi ýylany öldürmeli bolsa, tizlik bilen ony gömmeseň, ýyldyz görende direlermiş. * * * Pişik nirä bakyp ýuwunsa, şol tarapdan myhman geler. * * * Sygyr guzlanda öz eşenini iýse, gowy görülmeýär. Şol öýden betgylykly çaga çykarmyş. * * * Sygyr, goýun guzlan wagty enesi bilen arasyndan geçseň, enesi emdirmäge almaýarmyş. * * * Sygryň owuz süýdi, owuzy ol öýe, bu öýe dadyrylanda, içine kömür bölegi atylsa, göz degmekden gorap saklaýar. * * * Towuk horaza öýkünip gygyrsa, şol towugyň damagyny çalmaly, ýogsam, öýe betbagtlyk getirermiş. * * * «Horazyň sesini edip gygyrýan mäkiýan (towuk), biwagt gygyrýan horaz şumlugy aňladýar» diýilýär. * * * Towşan awçyny görüp, çommalyp otury¬berse, atmaly däl, atsaň, betbagtlyk getirýär. * * * Eger birden ýylan, içýan, dürli mör-möjekler bosup başlasa, ýer titrejekliginiň alamaty. * * * Öýüň töweregine pyşdyl gelse, rysgal-döwlet getirermiş. Pyşdylyň çanagynyň üstüne gatyk guýup goýbermelimiş. * * * Hudaýatyny öldürmeklik külli günädir. Taýýarlan: Gurbanjemal YLÝASOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |