01:41

Türkmen halky sany boýunça kiçimişmi?

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 469 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Ýazmyrat Mämmediýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 5
0
1 Bagabat  
43
Dürli çeşmelerden ugur alsaň, özlerini "türkmen" diýip atlandyrýan adamlaryň sany Ýeriň ýüzünde 22 milliondan geçýän bolmaly. Emma Wikipediýa akga aýdýar: 7 million adam türkmen diliniň dürli şiwelerinde gepleýär diýip. Ýöne mysal üçin, Wikipedia akga Hytaýdaky 300 müň adamdan geçýän salyr taýpasy barada düýbünden agzamaýar ýa-da Pakistan bilen Hindistanyň serhedinde Mahmyt Gaznaly döwründen bäri ýaşaýan türkmenler barada-da Wikipedia akgada hiç hili maglumat saklanmaýar. Diýmek, bu ugurdan has düýpli we degerli deliller bilen doly subut edilen ylmy seljermeleri geçirip, olaryň köpçülige elýeterli sada dilde beýan edip ýaýratmak biziň öz alymlarymyzyň işi. Wikipedia akga bolsa Delfiý Orakulam däl, Wanga ýa-da Nostradamusam däl, hatda Göroglynyň Agaýunus perisem däl, dyrnagyna seredip, jahanyň hemmeje gelen-geçen syryny bilip oturary ýaly. Ýazmyrat aga (Ýazmyrat Mämmediýewe) bitiren işleri üçin hormatym biçak uly bolsa-da, Eflatunyň şägirdi hem dosty Aristoteliň aýdyşy ýaly: "Platon, sen meniň dostum, ýöne maňa hakykat gymmatly" diýşi ýaly, bu makala bolsa, ylmy äheň berlen, çaklamalar makalasy bolup durýar. Anyk netije ýok. Ýa-da diňe maňa şeýle bolup görünýändir...

0
2 Bagabat  
43
Тюрки в Индии и в Пакистане - История и этнография ...www.disput.az › Форумы › История и этнография
Первыми пересленцами тюрками в Индию, были тюрки Махмуда Газневи diýip ýazýarlar.

0
3 Bagabat  
43
Ýaňky "hunzalar" diýýänleriň hem sypatlary, geýim eşikleri türkleriňki. Ýöne olaryň sany bary-ýogy 87 müň diýip ýazýar Wikipedia akgamyz.

0
4 Adalat19  
3
Orslar Türkmenistana birinji gezek gelenlerinde bary ýogy 1 ml 200 müň türkmen sanapdyrlar. Şol döwürler halkyň sany beýle az bolar ýaly her maşgala 2,5 çaga dogurmaly. Takmynan biziň şu döwür çaga dogurşymyz ýaly bolmalyda? Her maşgalada 2 çaga we prezerwatiwyň nämedigini bilmeýänlerde 3-4 çaga. Bu hem wikipediýa akgaň berýän maglumaty. A teper wnimaniýa wapros: Näme üçin 100-150 ýyl mundan öň türkmenler çaga dogurmandyrlar? Ol döwürler jaý problemasy ýokdy, gara öý dikseň al saňa jaý. Iş problemasy ýokdy, bar edip biljek işiň daýhançylyk bilen çarwadarlyk. Onda näme üçin türkmenler köpelenokdy?  Türkmenler diňe SSSR-yň saýasynda azajygam bolsa köpeldiler. Her maşgala 4-5 çagadan dogurup başladylar. Bu zatlaryň bary sosializmyň sylagy. SSSR adamlary jaý bilen we iş bilen üpjin etdi. Indi welin SSSR pytrady. Orslar edil gelen ýerlerine gitdiler. Diýmek türkmenleriň sany hem şol öňki görkezjisine gelmeli. 1 ml 200 müň sany türkmen?

0
5 Adalat19  
3
Köp sanly halk aslam köp bolýara.. sen olary gyr-gyrma. Ruslar şu wagt 130 milýon. Şol bir bada ruslaryň käbir jemgiýeti 1917-nji ýyldan bäri 300 milýon rus halkynyň gyrylandygyny subut etjek bolýar. Hytaýlar 1 miliýartdan köp. Ýöne 2-nji jahan urşunda 60 milýon ýitirdiler. Hytaý halky soňky 100 ýylda köpelmedä, hytaý halky müň ýyllyklaryň içinden köpelip gelýär. Bolmasa şol halkyň hem başyndan az zat geçmedi. Sanap görseň biziňkilerden hem köp zatlar geçendir? Türkmeniň hemişe az sanlydygy türkmeniň diňe öz günäsi. Asyryň başynda belki türkmen azalsa azalandyr. Ýöne meň deňduşarym, 1980-1990 ýyllar aralykda dogulanlaryň köpüsi , maşgalada 4-5 çagaly. Indi meň çagalarymuň deň duşlary nähili? Maşgalada köp bolsa 2 çaga, has seýrek 3 çaga, ondanam seýrek 4 çaga.

Özbekler tassana 30 ml, Azerlar 15 ml, Eýran 50 ml. Näme üçin türkmenler 6 ml, ol hem diňe resmi habar boýunça? Asyryň başyndaky gyrgynçylyk diňe biziň paýymyza düşdümi?

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]