01:05 Türkmen taryhy medeni ýadygärlikleri | |
TÜRKMEN TARYHY MEDENI ÝADYGÄRLIKLERI
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky medeni mirasy meselesine uly üns berýär. Häzirki döwürde medeni-taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak, olarda rejeleýiş işlerini geçirmek ugrunda netijeli işler geçirilýär. Türkmen topragy Beýik Ýüpek ýolunyň esasy şahalarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, halkymyz taryhyň ähli döwürlerinde bilimiň ösmegine, dünýä halklarynyň medeniýetleriniň ulaşyp, ylmy gymmatlyklaryň barha baýlaşmagyna ägirt uly goşant goşupdyr. Esasan hem Nusaý, Şähryslam, Paraw, Dehistan, Sarahs, Abiwerd, Merw, Amul, Zemm, Köneürgenç şäherlerinde dünýä alymlaryny özünde jemlän meşhur ylym-bilim ojaklary hereket edipdir. Olarda dünýä belli alymlar ýaşapdyrlar, döredipdirler, kämilleşipdirler. Garaşsyzlyk jemgyýetiniň medeni mirasa şeýle garamagy Gahryman Arkadagymyzyň: “Her bir halkyň medeni-ruhy dünýägaraýşy, edim-gylymy, milli aýratynlyklary öz milli gymmatlyklaryna esaslanýar. Biziň ata-babalarymyzyň köneden gelýän ýörelgelerini daýanyp öz medeniýetimizi, dünýägaraýşymyzy kämil derejesine çykarandygy bellidir” diýen paýhasly jümlesinde aýdyň beýanyny tapýar. Taryhy çeşmelerde Türkmenistanyň çägindäki oba-kentleriň tiz hem ýokary depginde özüniň kaşaň binalary, täsin medeni öwüşginleri, kämil sungaty bilen şöhratlanan köp adamly şäherlere öwrülendigini, olarda suwy tygşytly ulanmak tejribeleriniň kämilleşdirilip, ekerançylygyň nusgalyk derejä ýetirilendigini, ykdysadyýet, tehnologiýalar, senagat, ynsanperwer ylymlarynyň ösüş derejesiniň ýokary bolandygy öwran-öwran nygtalýar. Şeýle şan-şöhratly öňegidişlikler parasatly hem-de adalatly hökümdaryň daşyna jem bolup zähmet çeken alym pederlerimiziň ylmy gazananlaryna esaslanypdyr. Mysal üçin, Hafyz Tanyşyň 1559-njy ýylda ýazan «Abdullanama» atly eserinde hatda mongol ýörişinden soňky asyrlarda hem her bir türkmen şäheriniň çäginde örän kaşaň köşkleriň, serhowuzly çarbaglaryň bolandygy, söwda we hojalyk ähmiýetli döwrebap desgalaryň yzygiderli gurlandygy, türkmen topragynda ylym-bilimiň dünýä derejesinde ösendigi uly buýsanç bilen bellenilipdir. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda hasaba alnan taryhy we medeni ýadygärlikleriň goralmagyny üpjün etmek, olary öwrenmek we wagyz etmek, dikeldiş işlerini geçirmek, ozal alymlaryň üns merkezine düşmedik, entek mälim bolmadyk ýadygärlikleri ýüze çykarmak, olaryň goralmagyny üpjün etmek babatda uly ösüş gazanyldy. Türkmen ýadygärlik dikeldijileri öz işinde ÝUNESKO-nyň we beýleki halkara guramalaryň käbir maksatnamalaýyn resminamalarynda bellige alnan, umumy kabul edilen kadalara we ýörelgelere kybap gelýän işleri ýöretmegiň täze usullaryny peýdalanyp başladylar. Şeýle usulyýet taryhy desgalaryň asyrlaryň dowamynda başyndan geçiren ýitgilere we bejergilere garamazdan, häzirki ýagdaýynda bellige alynmagyny we olaryň üpjün edilmegini göz öňünde tutýar. Ýadygärlikleri ýa-da olaryň aýry-aýry böleklerini ilkibaşdaky görnüşinde dikeltmek işi diňe olary geljekde weýrançylyklardan halas etmek hem-de desganyň ozalky keşbiniň we materiallarynyň jedelsiz subutnamalary bolan ýagdaýynda amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasyny aýawly saklamak we dünýä ýaýmak meselelerine aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz SerdarBerdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, taryhy-medeni ýadygärlikleri ylmy esasda öwrenmek boýunça köpugurly işler ýaýbaňlandyryldy. Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanandan soň, güneşli diýarymyzda taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, sungatyň binagärçilik, heýkeltaraşlyk, suratkeşlik, amaly-haşam, mozaika, agajy we daşy oýmurlap nagyşlamak ýaly dürli ugurlarynyň pajarlap ösmegi üçin giň mümkinçilikler döredildi. Şunuň bilen birlikde soňky ýyllarda dünýäde deňi-taýy bolmadyk taryhy-medeni ýadygärliklerimizi gorap saklamak, öwrenmek we abatlamak boýunça köpugurly işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň egsilmez sahawaty we beýik tagallalary bilen türkmen binagärlik sungatynyň gadymdan gelýän köpmüňýyllyk taryhy täzeden dikeldildi. Asyrlardan – asyrlara, nesillerden – nesillere geçip gelen milli binagärlik medeniýetimiz häzirki zamanyň iň kämil tehnologiýalary bilen utgaşdyrylýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda döreýiş gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan taryhy we medeni ýadygärlikleriň naýbaşy gözellikleri Aşgabatda hem-de welaýatlarymyzda gurulýan häzirki zaman binalarynda özüniň dowamat dowamyny tapýar. Şunuň ýaly taryhy-medeni ýadygärlikleri ylmy esasda öwrenmek boýunça köpugurly işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys! Kerim HUDAÝBERDIÝEW, Türkmenistanyň Telekimmunikasiýalar we informatika institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |