11:52 Türkmeniň edermen Alabaýlary | |
TÜRKMENIŇ EDERMEN ALABAÝLARY
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ähli pudaklarda sazlaşykly ösüş gazanylmagynda döredilýän ähli mümkinçilikler bilen bir hatarda türkmen halkynyň gadymdan gelýän, gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan we umumadamzat gymmatlyklaryna öwrülen mukaddesliklerimiziň has-da şöhratlandyrylýanlygynyň ähmiýeti örän uludyr. Sebäbi türkmeniň adam ýaly syzýan derejä çykaran ahalteke bedewleri, nepis halylary, datly gawunlary, şol sanda türkmen halkynyň özüniň wepaly dosty hasaplaýan alabaý itleri halkymyzyň milli gymmatlygydyr. «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy alabaý itleriniň abraýyny has-da artdyrýar. Bu assosiasiýa ilkinji nobatda Türkmenistanda bu ugurda alnyp barylýan işleri, tagallalary birleşdirmäge, ylmy esaslarda alyp barmaga, alabaýlaryň aňyrdan saklanyp gelýän ugurlaryny dowam etdirmäge, arassa ganlylygyny saklamaga we bu ugurdaky işleriň hemmesini kanunalaýyklykda alyp barmaga mümkinçilik berer. Maslahatda türkmen alabaý itlerini öwrenýän hünärmenler, hususy itşynaslar, alymlar çykyş etdiler. Çuň many-mazmunly çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmen alabaýy» kitabynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Maslahatda «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň tüýs öz wagtynda döredilýändigi we örän maksadalaýykdygy buýsanç bilen bellenildi. Milli Liderimiziň kömek-goldawlarynyň esasynda häzirki döwre çenli hem bu ugurda uly işler alnyp barylýar. 2019-njy ýylyň sentýabrynda açylan «Türkmen albaý itleri» hojalyk jemgyýetinde türkmen alabaýlarynyň ady rowaýata öwrülen tohumlaryny hünär derejesinde ösdürip ýetişdirmekde uly işler alnyp barylýar. Şonda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan we ýiti zehininden dörän «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp kitaby hünärmenlere, alymlara gollanma bolup hyzmat edýär. Onda örän çeper we sada dilde wakalar beýan edilen, ajaýyp suratlar bilen bezelen. «At – myrat», «It geldi, gut geldi», «Itim – gutum» diýen myrat we bagt bilen baglanyşykly pähimler türkmenleriň bedewlerinde myradyny, alabaý itlerinde bolsa bagtyny görendigini subut edýär. Çünki wepaly dosty we ynamdar syrdaşy hasaplap gelen bu ajaýyplygynyň gadymlygy, batyrlygy, duýgurlygy, edermenligi, akyllylygy bilen bir hatarda olaryň örän wepalydygyny, ynamdardygyny subut edýän köp taryhy maglumatlar kitapda öz beýanyny tapýar we häzirki döwürde has-da ýaşlarda türkmen alabaýlaryna bolan söýgini artdyrýar. Şonuň bilen birlikde dünýäniň beýleki ýurtlaryndaky alabaý itleriniň muşdaklary bilen hyzmatdaşlykda bolmaga mümkinçilik döreder we olaryň işine hem oňyn täsirini ýetirer. Türkmenistanyň çäklerinde Altyndepede, Goňurdepede, Nusaýda, Gadymy Merwden 60 kilometr uzaklykda ýerleşýän Daňdanakanda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan arheologik tapyndylar alabaýlaryň itleriň tohumlarynyň iň gadymylarynyň biridigini tassyklaýar. Bu taryhy maglumatlar hem-de Milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmen alabaýy» diýen kitaby, taýsyz tagallalarynyň esasynda döredilen «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň geljekdäki amala aşyrjak işleri, şeýle-de milli Liderimiziň başlangyjy bilen 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde alabaýyň şekiliniň kabul edilmegi türkmen halkynyň bu mukaddesliginiň abraýyny dünýäde has-da artdyrýar. Bularyň hemmesi türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip gelen gymmatlyklaryna milli Liderimiziň tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň Täze Galkynyşy döwründe uly sarpa goýulýandygyny we onuň has-da kämilleşdirilip, geljekki nesillerimize ýetirilmegine giň mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdyň şöhlelendirýär. Milli Liderimiziň bu eseri şöhratly alabaýlaryň gelip çykyşy we ösüşi barada gürrüň bermek bilen çäklenmän, ahalteke bedewleri hem-de türkmen halylary ýaly gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli gymmatlyklar bilen bir hatarda durýan alabaýlaryň medeni aýratynlyklaryny açyp görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, alabaý halkyň medeniýetiniň möhüm bölegidir. Ol halkymyzyň aňynda sazlaşyk, gözellik, diňe bir maddy däl, eýsem, ilkinji nobatda, ruhy gymmatlyk hökmünde özboluşly ähmiýete eýedir. Häzirki döwürde bu ýörelgeler öz wajyplygyny ýitirmän, eýsem, mazmun taýdan has-da baýlaşdy. Munuň özi halkymyzyň köp nesilleriň buýsanç duýgularyny hem-de halk seçgiçiliginiň ýokary derejesini kemala getirmäge mümkinçilik beren yhlasly zähmetiniň aýdyň subutnamasydyr. Eziz Diýarymyzda itşynaslygy ösdürmek, bu ugurda gazanylan üstünlikleri we ýetilen derejeleri halkara derejede giňden wagyz etmek maksady bilen, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň “Türkmeniň nusgalyk alabaýy” žurnaly döredildi. Bu ýöriteleşdirilen žurnal kinologiýa ugry bilen çäklenmän, şu ulgamyň medeni ugruna möhüm ähmiýet berýär. Çünki onuň wezipesi alabaý itleriň saklanylmagyny we ösdürilmegini wagyz etmekden ybaratdyr. Häzirki zaman usulynda çap edilen we bezegli žurnalyň sahypalarynda alabaýlar hakynda örän gyzykly maglumatlar beýan edilýär. Alabaý halkymyzyň ykbalynda, halk döredijiliginde, edebiýatynda we filosofiýasynda möhüm orun eýeleýär. Kasym RUSDEMOW, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |