09:29 Türkmenler hakynda 100 hekaýat -4: Halyf we Feth ibn Hakan | |
4. Mugtasym we Feth ibn Hakan
Günleriň birinde halyf Mugtasym özüniň aýratyn hormat goýýan türkmen weziri Hakanyň oýüne barypdyr. Howluda ýedi ýaşlyja Feth oýnap yören ekeni. Halyf Mugtasym Fethiň ýanyna baryp: «Hany sen aýt, emiriň öýümi ýa-da öz howlyňyz — haýsysy has gowy?» diýip sorapdyr. Kiçijik Feth säginmändir: «Emir biziň howlymyzdaka has gowy». Kiçijik Fethiň bu dilewarlygyna halyf Mugtasymyň göwni göterilipdir. Ony ýene gürletmek islapdir. Barmagyndaky gymmatbaha gaşly yüzügini görkezip: «Heý-de, dünýäde şundan ajaýyp zady görüpmidiň?» diýip sorapdyr. Fethiň jogaby nagt bolupdyr: «Hawa görüpdim. Şol ýüzügi dakynýan barmaklar ondan has ajaýypdyr». Halyf Mugtasym näme diýjegini bilmändir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |