09:35 Türmede düýş | |
TÜRMEDE DÜÝŞ
Goşgular
Düýşümde ýanyma gyzym geldi-de Saçlarymy sypaşdyrdy, darady. - Ah, atajan, kän gezdiñ! - diýp güldi-de, Gözlerime mähir bilen garady. Şatlygymdan aljyrap hem mesirgäp, Bagryma men mäkäm gysdym gyzymy. Söýgiñ, mähriñ duýgysyndan esirgäp, Bir az salym unudypdym özümi. Şondan soñra çykyp gitdik meýdana, Gujaklady bizi güller deñizi. Ömür süýji, söýgi - ýakymly jana, Gör nähili ýagty, erkin - ýer ýüzi!.. Oýandym men, görsem şol öñki türme, Gollarymda öñki urlan bukowlar. Baş ujumda öñki gaýgy, - geñ görme, Ynha oýanar diýp garap dur olar. Ah, näm üçin ymsyndyryp köýdürýär, Hiç haçan dolanyp gelmejek ýazym? Şatlygy diñe bir düýşler duýdurýar, Näm üçin tükenmez gaýgym, azabym?! sentýabr, 1943 ý. Terjime eden: Berdi KERBABAÝEW. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||