01:11

Türmeden Prezident köşgüne giden ýol...

Категория: Publisistika | Просмотров: 544 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Ekrem Bugra EKINJI | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 yaş_taryhçy  
Gowy makala, gowy seljerme. 2012-de ihwançylar ("musulman doganlar" guramasy) dogrudanam saylaw bilen özlerinden bolan M.Mursini kürsä getirdiler. Türküñ prezidenti Erdogan 4-5 günlükde Mursi kazyýet mejlisi gidip durka aradan çykandygy sebäpli Türkiyäniñ hemme ýerinde gaýybana jynaza namazyny kyldyrtdy. Göräýmäge geñ görer ýaly hiç zat ýogam ýaly, emma üns beriñ: günde bolmasa-da günaşa diýen ýaly Türkiýäniñ Ýaragly güýçlerinde, polisiya edaralarynda näçe esgerdir, näçe gullukçy terroristlere garşy ýaragly çaknyşyklarda we beýleki sagdaylarda wepat bolýarlar, Siriýada we Yrakda birgiden türkmenler ýerli hakimiyetlerdir dürli terrorçylykly toparlar bolan IGL, PYD, YPG, PKK tarapyndan yerinden yurdundan jyda düşürlip, birgideni şehit bolyar, diñe 1991-den bäri garaşsyz türki respublikalarda birnäçe sany belli syýasatçylar aradan çykdy: Ebulfeýz Elçibeý, Geýdar Aliýew, Saparmyrat Türkmenbaşy, Islam Karimow, Rauf Denktaş we ş.m.. bularyñ haysy birine Türkiyaniñ dini işler ministri alagetdin "geliñ aslybir doganlarymyzyñ ruhuny hormatlap, gaýybana jynaza namazyny okalyñ!" diyen yeri boldy?
Dinem bu Erdoganyñ partiyasynyñ elinde oyunjak bolupdyr...
Mursini agdaryp ýerine geçen general Abdylfettah Sisiniñ diktatorlygyna söz ýok. Syýasy karýerasynyñ jedellidigine we kimligine garamazdan Mursi ýaly dünýäde tanalýan syýasatçynyñ tussaglykda (ylaýta-da kazyyet mejlisi gidip durka) ölmegi-de ylalaşyp bolmajak ýagdaý (şol sanda ölümi-de şübheli). Emma Sisi hem Mursiniñ öz bellän adamy. Ýagny Mursi hem amerikanlaryñ saýasynda kemala gelen adam, Sisi hem...
Ýagny ulanyp bolansoñlar, makalada hem aýdylyşy ýaly "aýakçylygyny" edenleri ýollaryndan ayyrmak üçin başga bir aýakçyny ulanýarlar.
Mursi Amerikada okan, doktorlyk dissertasiyasyny hem Amerikada goran, NASA ýaly guramada işlän, NASA ýaly dunya belli guramada amerikan bähbitlerine ömürboýy wepaly boljakdygyña kasam etmeseñ işe alanoklar, haçan-da amerikan sponsorlygyndaky "Musulman doganlar" topary Mursini häkimiyet başyna getirensoñlar, Mursi amerikanlara syrt çöwrüp başlady welin amerikanlar Sisini herekete geçirdiler. Erdoganyñ bir dogry sözi bar: "Yslamyñ ylymlysy ýa ylymsyzy bolmaz, yslam - yslamdyr" diyip. Şoñ yaly-da dine syýasat aralaşdygy - bu eyyäm din dal. Erdogan eyyämden syýasylaşan yslamyñ çöküşe geçendigini duyup öñünden şerraylyk edyär: "maña-da soñuñ Mursi yaly bolar" diyyänler bar" diyip. Mursi saylawlarda 50-51 % ses alanam bolsa, halkyñ saýlaw hukugyna borçly edilen gatlagynyñ 50 göterimi saýlawlara gitmedi, saýlawlara gideniñem ýarsy beren bolsa, pikir edip görüñ: ony goldanlar zordan 25%-e ýetýär (eger saýlaw hakykatdanam demokratik esasda geçirilen adalatly saýlaw bolsa). Diymek, Müsüriñ özünde-de bu guramany halk halap baranok. Syýasy gözboýagçylyk. Galyberse-de dünyaniñ köp yurdy bu guramany terrorçylykly toparlaryñ sanawyna girizdi. Hem makalada-da az-owlak aydylypdyr, Hasan el-Benna, Seýit Kutub ýaly kimligi näbelli "alymlaryñ" kitaplaryny okamak şübhelidir. Çünki olar radikal pikirli yslamçylardyr, Müsüre süýthorçylygy getiren, prosenti kanuny yagdaya salan M.Abdonyñ masondygyny-ha bilmeýän ýok. Seyit Kutubdyr Hasan el-Benna hem osmanly duşmany, Kutubyñ garaýyşlarynda wahhabylyga ýakynlyk bar.
Mursiniñ şahsyyeti barada pylan zat diyip günäsine galyp biljek däl (yatan yeri yagty bolsun, name etmişi bolsa hasabyny özi berer Hudaýa), yone onuñ gelip çykan guramasy welin barypýatan amerikan sponsorlygyndaky howply guramalaryñ hataryna girýär (amerikanlaryñ guramany terrorçylykly toparlaryñ sanawyna goşandygyna ynanmañ, çünki amerikanlar bu oýny hemişe edip geldi: edil IGL-de, Boko Haramda, Talibanda, El-Nusrada we beyleki radikal teçeniýelerde bolşy ýaly, ilki özi goldayar, ösdüryär, ulanýar, belli bir wagtdan soñam terrorçy gurama diyip yglan edyär, ýagny ulanyp bolansoñ "itden çykarmak" olaryñ köneki endigi).

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]