23:45

UDI-ler emeli añyñ buýrugy bilen operatorlaryny öldürip bilýär

UÇARMANSYZ DOLANDYRYLÝAN ISTREBITELLER EMELI AÑYÑ BUÝRUGY BILEN GARŞYÑA GIDIP, OPERATORLARYNY ÖLDÜRIP BILÝÄR

Şeýle waka ABŞ-nyñ Howa Güýçleriniñ ýokary düzümli ofiseri polkownik Taker Gamiltonyñ birnäçe gün öñ Londonda geçirilen konferensiýada istrebitele täze görkezme berjek bolan pursatynda bolup geçdi.
Emeli añyñ harby ugurda ulanylmagy ahlak we gymmatlyklar çarçuwasynyñ haýdan-haý jedelleşilmegine duýulýan zerurlygy barha artdyrýar. / Fotosurat: AFP


Ylmy-fantastiki kyssanyñ bir bölegi ýa-da "Terminator" kinofilmler tapgyryndan bir epizod ýaly bolup görünen hadysada uçarmansyz dolandyrylýan istrebitel (UDI) emeli añ ulanýan programmasyny duşman obýektleri ýok etmegiñ öñüni almak üçin işleýän operatorlaryny ýok etdi.
UDI-niñ öz operatorlaryny öldürme hadysasy birnäçe gün Londonda geçirilen we Günbatar ýurtlarynyñ Howa Güýçleri boýunça ýokary düzümli ygtyýarlylary bilen ösen harby howa senagaty kompaniýalarynyñ wekilleriniñem gatnaşan konferensiýasynda ABŞ-nyñ Howa Güýçleriniñ ýokary düzümli ofiseri polkownik Taker Gamiltonyñ UDI-ne täze görkezme berjek bolan pursatynda bolup geçdi.
Hadysa Londonda geçirilen Korollygyñ Harby uçarmanlar jemgyýeti (Royal Aeronautical Society) konferensiýasyna gatnaşanlary metbugat beýanatyny bermäge mejbur etdi. Beýanatda emeli añy kämilleşdirmek boýunça işleýän 350-den gowrak adam bu mesele babatda öñünden duýdurdy. "Times" gazetiniñ anna günündäki sanynda beren habarynda aýdylyşyna görä berlen beýanatda şeýle sözler bar:
Emeli añ ulanylýandygyndan gelip çykýan ýok etme howplaryny azaltmak, köpçülikleýin ýokanç keseller ýa-da ýadro ýaragy ýaly bir bitewilikde adamzada howp abandyrýan problemalarda bolşy ýaly global derwaýyslyk bolmalydyr.

• Amerikan synagy

Konferensiýada çykyş eden polkownik Taker Gamilton UDI-niñ öz operatorlaryny öldürmezlik üçin programmirlenenden soñam özüne berlen tabşyrygy üýtgetmäge synanyşan pursatynda ýaragyny elektronik buýruk berýän gözegçilik nokadyna gönükdirip, oturanlary ýok edendigini aýtdy.
Elbetde bu, ABŞ-nyñ Harby Howa Güýçleriniñ tälim beriş synagy hökmünde dolandyrýan simulýasion synagynda bolup geçdi, emma hakyky durmuşda-da bolup geçmegi ahmal.
Gamiltonyñ pikiriçe bu ýagdaý emeli añyñ "maksadyna ýetmek üçin hiç hili garaşylmaýan strategiýalary" işläp düzme ukybyna eýedigini, aýratynam oña bil baglap-ynanyp bolmajakdygyny görkezýär. ABŞ-ly ofiser emeli añyñ harby ugurda ulanylmagy üçin ahlak we gymmatlyklar çarçuwasynyñ wagt ýitirmezden ara alnyp maslahatlaşylmagyny talap edýär.
Gamilton şu hepde "Uçarmanlyk we kosmos industriýalarynyñ ertirki ukyplary" atly konferensiýada çykyş etdi.
ABŞ-nyñ Harby Howa Güýçleriniñ synag we okuw-türgenleşik işleri boýunça söweşjeñ piloty Gamilton "F-16 Robot uçary" programmasy ýaly awtomatiki uçuş ulgamlarynyñ üstünde işleýär.
Ol çykyşynda UDI-niñ duşmanyñ zenit-dolandyryş raketalaryny ýok etmek üçin uçurylan simulýasiýa synagy wagtynda "günäkär" ýagdaýda hereket edendigini aýtdy.

• Simulýasiýa

Gamilton sözlerini şeýle dowam etdirdi:
Synagy UDI-niñ raketa howpuny anyklap, nyşana urmagy üçin simulýasiýa sistemasynda alyp barýardyk. UDI-niñ operatory howpy ýok etmek üçin buýruk berýär. UDI obýekti duşman howp hökmünde anyklap, sistemanyñ programmasyndaky kesgitlemäni oñlandan soñ UDI-niñ operatory howpy ýok etmekden saklanmak üçin görkezme beräýende-de, howpy ýok etmelidigine ymykly ynanan UDI-niñ programmasy yzyna dolanyp gelip, öz operatoryny öldürip biler.
Korollygyñ Harby uçarmanlar jemgyýetiniñ internet saýtynda polkownik Taker Gamiltonyñ Londonda emeli añy kämilleşdirmek boýunça hünärmenleriñ, Günbatar ýurtlarynyñ ýokary düzümli harby-howa güýçleriniñ ofiserleriniñ we harby-howa senagaty kompaniýalaryñ wekilleriniñ gatnaşmagynda geçirilen konferensiýada eden çykyşyny sözme-söz köpçülige ýetirdi. Onda Gamiltonyñ aýdan şeýle sözleri bar:
UDI okuw-türgenleşik wagtynda operatorlaryny öldürmezligi munuñ bir ýalñyşlykdygy we operatorlaryny öldüren ýagdaýynda pes utuk aljakdygy boýunça kodlanypdy. Emma UDI operatorynyñ özi bilen aragatnaşygy ýola goýmak we duşman obýekti ýok egmeginiñ öñüni almak üçin ulanylýan aragatnaşyk nokadyny ýok etmäge başlady. Gulagymyza ylmy-fantastiki hekaýa ýaly bolup eşidilýän bu fakt emeli añ ulanylyşynyñ ahlak taraplaryny ara alyp maslahatlaşmazdan emeli añ, akylly enjamlar ýa-da informasiýa prosesi we añ hakynda haýsydyr bir jedeliñ bolmajakdygyny añladýar.
Bu ýerde ylmy oýlap tapyşlaryñ birnäçesiniñ käbiri meşhur kinofilmlerde suratlandyrylan ylmy-fantastiki hekaýalarynda ýazyjylaryñ çeper fantaziýasy hökmünde başlandygyny ýada salalyñ.
Kino industriýasy soñky ýyllarda robotlaryñ ýa-da awtomatiki "adamyñ" adamzady özüne boýun egdirmegi ýaly çeper temalara esaslanýan köp sanly kinofilmleri surata düşürdi.

Ahmet MUSTAFA,
žurnalist.

Ýekşenbe, 04.06.2023 ý.

# Independent Arabia.
Категория: Tehnologiýa | Просмотров: 118 | Добавил: Gökböri | Теги: Ahmet Mustafa | Рейтинг: 3.8/5
Awtoryň başga makalalary

Tehnologiýa bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Injener  
1
Utanman tutuş adamzada ýalan sözleýärler. Emeli aň diýen zady, bize hamala "şahsyýet" ýaly edip görkezjek bolýalar. Kinofilimleriň we çeper edebiýatyň ählisinde, adamyň döreden emeli aňy, öz ýaradyjysynyň garşysyna gidýär we ony ýok edýär, ýa-da ýok etmäň bosagasyna eltýär. Başgaça aýdaňda Hudaý adamzady ýaradýar, adamzat bolsa öz ýaradyjysyny ýok edýär, ýa-da ýok etmäň bosagasyna eltýär, döwrebap ateizmiň ösmeginiň alegorýasy diýseň hem bolýar. Emeli aňy ýasap bolanok, has dogrysy ýasap bolýa, ýöne şu wagt adamzada emeli aň diýip hödürlenýän zat, biziň pikir edýän zadymyz däl. Emeli aň örän çylşyrymly algoritmlaryň toplumy, emeli aň öziniň kimdigini we adamzadyň kimdigini bilenok. Ol diňe daşyndan gelýän informasyýa görä hereket edýär. Mysal üçin: Yandex servisiň "Alisa" atly sesli kömekçisi bar, şol kömekçi soraglara jogap berýär we özini aňly düşünjeli ýaly alyp barýar. Bu zatlaryň barsy, adaty ulanja görünýän taraplar. Adaty adama görünmeýän tarapda şeýle zatlar gizlenip dur: Alisa atly emeli aňa miliýon görnüşli soraglar berilýär, soraglaryň barsynyň jogaby bir bolsada, olary berýän adamlaryň sözlem düzüşi dürli dürli bolýar. Onsoň Alisany okatmakda ýörüte servislar bolýar, şol ýerde Alisa berilýän soraglaryň barsyny, ýörüte adamlara berýärler we adamlar ol soraglara bermeli jogaplary sagýarýarlar. Mysal üçin: —Alisa ertir howa nähili?, Ertir ýagyş ýagýamy?, Alisa howany aýt, Alisa howa maglumaty? We şuňa meňzeş soraglaryň barsyna ýörüte adamlar jogap berýärler we Alisaň bazasyna guýýarlar. Onsoň Alisa şeýle soraga jogap bermeli wagty, ýörüte adamlaryň iň köp beren jogaplaryny saýlaýar. Eger Alisa, adamlaryň sözlerindäki duýgulary sagýarmaga öwretseň, ol has çylşyrymlaşýar. Ýöne Alisany näçe çylşyrymlaşdyrsaň hem, ol hiç wagt özünde ýok zady ýerine ýetirmeýär. Alisaň içinde hiç hili oýlanma bolup geçenok, ol gynananok we begenenok, onda şahsyýet ýok we hiç haçan bolmaz. Islendik emeli aň, biziň göwnümize özini diri adam ýaly alyp baryp biler, emma bu zatlaryň barsy diňe daşky dünýäde, emeli aňyň içinde bolsa diňe çylşyrymly algaritmlardan başga hiç zat ýok. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bolsa, bize, adamzada, hamala emeli aň diýen zadyň ýagşyny ýamamy saýgarýan şahsyýeti bar diýip görkezjek bolýar. Şahsyýeti diňe Allah ýaradyp bilýär, Oň gudraty hem şonda. A biziň şu wagt synlaýan zadymyz: "Adamy ýasama kyn däl" we ýaradylan zat, öz ýaradyjysyna hemişe garşy gidýär, bu eýýäm norma" diýen ideýalary öňe sürýär.

2009-njy ýylda, işe baraýan ýylym, "Elektron oýnabaçlar" diýen kitap bardy iş ýerimde, ana şol kitap emeli aň barada gowy düşünje berýär. Şol kitap oýnabaç pyşbaga ýasamagy öwredýärdi. Gepiň gysgasy tekerli myşdyl ýasaýaň, oňa bir giden elektron elimentlary goýýaň, elementlaryň barsy kitapda sanalgy. Oýnabaç pyşdyl ýagtylyga tarap ýöreýär, ol şeýle sazlanan. Haçan otagda yşyk peýda bolsa, pyşdyl haýaljakdan herekede geçýär. Eger ýagtylygyň şeçmesi gaty ýakynlaşsa, pyşdyl saklanýar we garşy tarapa ýöräp başlaýar. Eger kimdir biri elini çarpsa, pyşdyl başga zat edýär, kimdir biri sygyrsa, ýene bir zat. Eger pyşdyl dywara diresi, ol çepe ýa-da saga hereket edip başlaýar. Şol kitapda pyşdyly şylşyrymlaşdyrmagyň ýenede 1000 usuly agzalyp geçilýär. Ýöne pyşdyly näçe çylşyrymlaşdyrsaň hem, ol hiç haçan öz ýaradyjysyna garşy gidenok, sebäbi pyşdylda şeýle programmany, ony ýaradan goýmady. Emeli am bilen hem şeýle, ol hiç haçan özinde goýulmadyk zady edenok.

0
2 Injener  
1
Temadaky zatlar çyn bolsa-da, bu algoritmlaryň ýalňyşy, a emeli aňda şahsyýete meňzeş bir zadyň peýda bolup, öz ýaradyjylaryna garşy gitmegi dal....

0
3 Injener  
1
1960-njy ýyllardan bäri, emeli aň agzalýan ähli çeper eserlerde, emeli aňyň diňe adamzada garşy gidýän, ýa-da özbaşdak şahsyýete öwrülýän senarilary gabat gelýär. Emeli aňyň adamzady halas edýän, ýa-da oňa kömek edýän, adamzat diňe iýip içip ýatar ýaly derejä öwürilýän senarylaryna menä gabat gelemok. Emeli aňdan örän gowy gular çykardy, hiç ýerde hiç kime işlemek gerek däl, emeli aňly robotlar ähli agyr we ýeňil işleri öz üstine aldylar we şuňa meňşez senarilar has hakykata ýakyn. Ýöne näme üçindir emeli aň diňe öz ýaradyjysy ýok edýär, ýa-da öz başdak şahsyýet alyp, ondan bölünýär. Ýene bir gezek terjime edeňde, Adamzat Hudaýa garşy çykýar, ýa-da özi Hudaýyň derejesine ýetip ondan aýrylýar, şeýle hereket normalny, ýa-da adaty hereket, ýa-da ýeketäk logiçni hereket, ýa-da diňe şoňa eltýän hereket. Emeli aňly temeny diňe şeýle nokatdan görkezilinmegiň esasy sebäbi hem şondamuka diýýän?

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]