01:29 Ugradylmajak hat | |
UGRADYLMAJAK HAT
Altynjy duýgy. Diňe üýtgeşik adamlara esasanam enelere mahsus bolan aýratynlyk. Altynjy duýgy bilen ynsan balasy başgalara näbelli bolan zatlary hem öňünden duýup bilýär. Menem altynjy duýgym bilen seniň dünýämi boşadyp gitjegiňi duýan ekenim. Ýüregimi eýelän söýgümi böwsüp ynjalygmy gaçyrýanam şolmyka ýa-da?! Belki seni dünýämden çykmaga mejburlan özüm bolmagymam ahmal. Beýnimiň häli şindi ýüregime ugradýan belliklerimikä meniň altynjy duýgy diýýänim. Arzuwlardan galan gyýkyndyklarym ownujak armanlarymyň yzasy bolmagam ahmal. Dünýäde özümiň üýtgeşikdigime ynanyp ýörkäm adaty gyzlaryň biridigimi bilýän gursagymdaky hakykatyň ýaňydyr ol. Aslynda saňa bolan duýgularym söýgüdir öýdüp ýörenim şonuň özi altynjy duýgym. Şonuň üçinem men seni dünýämden çykarmaga mejbur bolupdym. Gözlerimde goýup giden gussalaryň yzyna meňzäp indi duýgylaram könelipdir. Öňküler ýaly beýnimiň ýüregimi kötekläsem gelenok. Gursagymdaky höwesi gyran aýylganç sesli tyg mysaly bir zat duýgularma goşup armanlarymam gyrypdyr. Ýürek dym dyrs. Ömür bolsa geçip dur. Ýyllar geçse-de juwanlygymdan galan ýekeje miras altynjy duýgym welin gitmedi. Ol ýenede ýüregimiň bir künjünde ýerleşip maňa yza berýär. Altynjy duýgym gursagyma köz bolup seni yzyňa dolamagy sorap seslenýär. Kalbymyň taýy, altynjy duýgymyň miwesi, aýtsana, sen nirede?! Maral ABDYLLAÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |