07:59

Ullakan sanlar hakda kiçijek poema

ULLAKAN SANLAR HAKDA KIÇIJEK POEMA

1

«Elli dört million baş garyldy guma.
Ýara düşdi togsan million bedene...»
— Azajyk dur, gardaş — diýesiň gelýär
bu gün syýasatdan gürrüň edene.

Bir,
Iki...
On...
On bäş...
Ýöne sanabam
O sanlaryň aňyrsyna ýetme ýok
Millionlaň parahat ýatany üçin,
Bu gün
millionlara rahat ýatma ýok.

Adamzatdan has ir dörän topraga
Bolmandy beýle köp gan siňen ýeri...
Birdenem,
Şeýle bir galňady taryh,
Hem
şeýle ýukaldy ömür depderi.

Geçmişi,
geljegi
nyşana alyp,
Gopan wagty Ýewropada kyýamat,
Şonda kabul edip ilkinji oky,
ýykylypdy ýaralanan syýasat.

3

«...Partizanlaň ysy gelýän» obalaň
Külüniň asmana galan ýyllary,
Gyzlaň heniz el degmedik göwsüni
Pyçak dilim-dilim dilen ýyllary,
Ýüzläp,
müňläp
ýewreýleriň kükregin
Gülleleň petir deý bezän ýyllary,
Oberşturmbanfýurer pistoletini
Ýesir çagalara gezän ýyllary...
Syýasat o ýyllar asgyndy juda
Bu bolýan zatlara garşy çykardan.
«Adam başy daşdan gaty» bolsa-da,
Ýitgiler agyrdy çydap-çekerden...

4

Gel, iň gowsy goýaly şu gürrüňi,
Gowsy başga harmanlary döreli.
Eýerläp atlanan sowallar hakda
Beýdip, haçana çen dymyp ýöreli?

Wagty geler,
syýasatly gürrüňe
Belki,
dolanarys ýene bir gezek
(Onsoňam, gül hakda söz açjak bolsaň,
Iň bolmanda ysyn almagyň gerek!)

Gowsy, gel, ýatlaly ýene bir ýola
Her demine müňi ýuwdan ajaly.
Müňläp ömri syrtmagyndan geçiren
Eşafotlar hakda söhbet açaly.

Çyn söze berimsiz ýalanlar hakda,
Bozulan şert hakda,
bozanlar hakda,
Tüsse bolup göge galanlar hakda,
Öz gabryny özi gazanlar hakda...

Hany,
ýeser bolsaň dur-da gürlemän
Öwezin dolmajak bergiler hakda,
Ýañy göze görnen gunçalarmyzy
Penjesine gysan gyrgylar hakda...

Häzirlikçe syýasaty goýaly,
Oňa dolanarys ýene bir sapar.
Ölenleň öňünde ölinçä borçly
Diriler, gör, haçan ynjalyk tapar?!

Gel, gowsy gürläli muňläp ýüregi
Entekler daglaýan azarlar hakda,
Gel, gowsy gürläli müňläp ýüregi
Ýüreginde gizlän mazarlar hakda.

Nirelerde ýatyr ýar gujagynda
Ýatmaga ýetişmän giden ýigitler,
Soňam
ahmyr bilen
bulaşyp gana,
Atmaga ýetişmän giden ýigitler?

Bir çak
kükregine
ok biten görler,
Bir çak
töweregne
ot biten görler,
Gör, nirde ýatyrlar?
Olara bolsa
Bärde şindi-şindem garaşyp ýörler.

Ýyllar gowzudardan ejizräk gelýär
Eneleň umytdan doly ýüregni.
Bölejik kagyzlar —
tutýarmy näme
Arslan ýaly pyýadalañ deregni?!

Eneleň
şindizem
gözleri ýolda...
Ogullaň
şindizem
özleri ýolda...
Ýol bolsa şeýle bir gidipdir uzap!..
Ah, garaşmak bolsa
şeýle bir güzap!..

6

Pidalara togap edýän diriler
Eýsem, bu gün haýsy ýoldan barýalar?
Olar şeýle gymmat düşen ýaşaýşyň
Sarpasyn tutmagy wada berýäler.

Ýöne, syýasatdan söhbet açylsa,
Hemme kişi Siserona dönäýýär...
Alymlara bil baglaýar adamlar.
Önmesiz ýaragam,
birden önäýýär...
Ylmyň jümmüşine siňýäni üçin
Köpler garamatyň alnynda durlar
Bäş ýyllap oýlanyp,
bir açyş edip,
Soň welin
on ýyllap
sandyrap ýörler.

Azmy saňa
Nagasakiň nalasy,
Hirosimadaky ahyrzamana?
Aldyň ahyr almytyňy atomdan,
eý,
Ynsanýet,
gelmezmisen amana?!

7

Adamlaň şeýle bir ýaşasy gelýär,
Adamlar şeýle bir iripdir jeňden.

Şindi-şindem
gije-gündiz rahat ýok.
Bir çak Buhenwaldda kakylan jaňdan.

Şindi-şindem oýa batýar adamlar:
Konslagerler näçe?
Näçeräk pida? ...
Rawensbrýukda bolsa diwarlar dymýar,
Mauthauzenden çykanok seda.

Bu gün näletläre döz gelip bilmän
Oswensimiň turbalary yranýar...
Başynda gara saç
galmadyk ene
Iner ogluň geljegine ynanýar.

Ene
ogul ýollap,
ogla garaşýar;
Ol nätsin ordeni,
nätsin medaly?..
Ah,
nämüçin gan dökýäler adamlar,
Edil bir-birinde kasty bar ýaly?!

Bahasy
gan bilen
ölçelýän bolsa,
kime gerek goşa-goşa ordenler?
Kime gerek
suw deregne gan akýan
Wolgalar,
Dunaýlar,
Reýnler,
Oderler?..

8

Jeňde ölmek üçin gelen ýok dünýä,
Atsyz-sorsuz ýitmek üçin dogan ýok.
Artykmaç ogul ýok enelermizde,
Uýalarda üýşüp ýatan dogan ýok.

Her döwlet özüçe akyl ýetirýär
Bu gün dünýämiziň dymyp durşuna...
Bizde welin üýşüp ýatan ömür ýok —
Çalşar ýaly dokuz gram gurşuna!..

9

...Millionlaň parahat ýatany üçin,
Bu gün millionlara rahat ýatma ýok...
Şunça ýyllap damyp duran gözýaşlaň
Entek-entek aňyrsyna ýetme ýok...

Şiraly NURMYRADOW
Категория: Poemalar | Просмотров: 236 | Добавил: Revo | Теги: Şiraly Nurmyradow | Рейтинг: 1.0/1
Awtoryň başga makalalary

Poemalar bölümiň başga makalalary

Ива / поэма - 02.05.2023
Awazam guwanjym, Watan - baş täjim / publisistik poema - 10.05.2023
Песнь Давиду - 11.04.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]