20:28 Wagta tarap 12 ädim | |
WAGTA TARAP 12 ÄDIM
1-nji ädim: Işlemäge wagt tapyň-bu üstünligiň bahasydyr. 2-nji ädim: Oýlanmak üçin wagt tapyň-bu güýç kuwwatyň gözbaşydyr. 3-nji ädim: Oýnamak üçin wagt tapyň-bu ýaşlygyň juwanlygyň syrydyr. 4-nji ädim: Okamak üçin wagt tapyň-bu bilimleriň düýp esasydyr. 5-nji ädim: Ybadat üçin wagt tapyň-bu halallyk ýoludyr 6-njy ädim: Dostluk üçin wagt tapyň-bu bagtyň gözbaşydyr. 7-nji ädim: Söýgi-mähir üçin wagt tapyň-bu durmuşyň mukaddes peşgeşidir. 8-nji ädim: Arzuw etmäge wagt tapyň-bu durmuşyň mukaddes peşgeşidir. 9-njy ädim: Gülki üçin wagt tapyň-ol durmuşdaky kynçylyklardan baş alyp çykmaga ýardam eder. 10-njy ädim: Gözellik üçin wagt tapyň-ol çar ýanymyzda näçe diýseň bar. 11-nji ädim: Saglyk üçin wagt tapyň-bu durmuşyň ýeke täk genji hazynasydyr. 12-nji ädim: Meýilnamalaşdyrmak üçin wagt tapyň-bu ýokarky 11 ädimi geçmek üçin wagt tapmalydygyň syrydyr. Leýli ABDULLAÝEWA, Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |