10:41

Werter täsiri

Категория: Publisistika | Просмотров: 459 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Bagabat  
43
Jan - Hakyň ynsana bagyş eden iň gözel peşgeşi we isrip-har etmän wagtlaýyn ulanmaga beren amanady. Hakyň maňlaýyňa ýazan ýazgydyndaky nämedir bir zada döz gelmän ýa-da öňüňde açyp goýan milliardlarça ýollarynyň birini ýöremek üçin saýlap alyp bilmän, Kadyr Rahmanyň uzadan serpaýyny gadyrbilmezlik bilen yzyna zyňmagyň ynsanlar tarapyndan berilýän jogabyny Kakamyrat aga (Kakamyrat Ataýew) juda ýerine düşen, ussat çeperçilik bilen "Ýüp" hekaýasynda beripdir. Ine şol "jogaply" parça:
"Başga bir bisähet gün gündiziň günortany öý eýesiniň ýeňles duýgulara hem bipeýan oý-pikirlere akyl-huşuny aldyran, hüwjük saçly, neşebent ogly bir ýerlerden ýüzüni ak tam edip geldi-de, özüni asyp heläklemek niýeti bilen ýüpi bassyrma agajyndan aýlap geçirdi. Halka ýasady. Dözümli-dözümli çekişdirip, berkdigini ýa däldigini barlap gördi. Aýagynyň aşagyna ýemşik-ýumşyk köne bedräni düňderip goýup, halkadan boýnuny geçirdi. Onsoň pikirlenmän-zat etmän, bedräni depip goýberdi. Ýok, bolmady. Ýalňyş ölçän eken. Ýüp uzyn bolup, aýagy ýere degip dur. Bu ýagdaý asylyp ölmäge ýeterlik sebäp bolup biljek däl. Nätmeli? Etjek alajyň ýok. Ajalyňa gol bulaýanyň çyn bolsa, ýüpi gysgaltmaly. Aýagyň aşagyna-da bedre däl-de, hol çelegi düňderip goýmaly. Ol ilki bilen çelegi düňderip goýdy. Ýüpi hem biraz gysgaltdy. Emma bolmajak bolsa bolmaz eken. – Waý-ý, il-gün ýeteweriň! Dat-bidat, ýeteweriň-uw! – diýip, öý bikesi iniňi tikeneklediji gorkunç hem çirkin ses bilen gygyryp, bir ýerden peýda boldy. Ajal kerwenine daklyşmak üçin ber-başagaý bolup duran oglan oslagsyz, haýýar sese ziňk edip gitdi. Ejesi bolsa eýýäm haçan ýetip gelip, ýaňky köne bedräni oglundan aýlap saldy. Bedre nyşana jaýdar degdi. Ogly "hyk" edip, bir büküldi-de, şol pursadyň özünde zut gaçyp gitdi."

0
2 Bagabat  
43
"Gamgyn ýumor" neneňsi kontrastly eşidilýänem bolsa, gamgyn ýumor bilen ýazylan bu setirler döwrüň aýnasam, adaty ynsan filosofiýasam...
Ajaýyp hekaýanyň salgysy bolsa, ine: (Kim okap, lezzet alaryn diýse):
http://kitapcy.com/news/2018-06-10-38

0
3 Gökböri  
136
Awtoryñ şu makalasy hem öz janyna kast etme wakalaryny ýene bir tarapdan seljerýär:
http://kitapcy.com/news/2020-07-18-11492

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]