01:04 Ýagyş! | |
ÝAGYŞ!
Ýagyş ýaganda zemin nämüçin şeýle tämiz hem owadan keşpde ülpüldeşýärkä?! Ýagyş damjalaryn syn edip görseňiz ol asmanyň gudraty. Hiç bir damja asla biri-birine degmez. Sebäbi olaryň hersini bir melek getirýärmişin gökden. Şonuň üçinem ýagyş ýaganda dünýäniň ýüzi ajaýyp ysa bürenýär. Bu melekleriň ysy bolmaly. Ýagyş ýaganda dileg etmek gerek. Sebäbi damjalary getiren melekler yzlaryna ynsanlaryň dileglerini göterip dolanarmyşyn. Ejem hemişe ýagşyň damjalaryny ellemegi öwrederdi. Asmandan gaýyp gelýän damjalary elläniňde ýakymlylyk aralaşýar kalbyňa. Göýä ýakyn biri bilen salamlaşýan ýaly duýgy dolar ýüregiňe. Ýagyş. Dogrudanam ýagan wagtyň ynsanlaryň ýüreginem ýuwýanyň çynmyka?! Ýeňlän bulutlar ýaly adamlaram ýeňleýä seň bilen. Seni söýýänleriň köplüginiň syry nämedekä?! Alymlar seniň nähili hadysa esasynda ýagýanlygyňy anyklasada men barybir seni asmanyň gudraty hasaplaýan. Sebäbi sen çagalykdan kalbyma giripsiň owadan älemgoşaryň bilen. Mydama älemgoşardan gülgüne reňki saýlap bahar paslyny söýerdim ýagşyň kän ýagýanlygy üçin. Ýagyş sen çagalygymyň süýjüliginem özüňde gizleýän ýaly. Ýakymly duýgulara intizar gursaklary lerzana getirýän ýyldyrymlaryň bilen bile biz seni söýýäris, ýagyş! Aýmyrat Bäşimow Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |