12:01 Ýaşlar ýurduň kuwwaty | |
ÝAŞLAR ÝURDUŇ KUWWATY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen biziň — ýaşlaryň ylymly-bilimli, ilhalar, watançy adamlar bolup ýetişmegimiz ugrunda uly aladalar edilýär, ýurdumyzyň bilim we ylym binýadyny pugtalandyrmaga, ulgamy dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine ýetirmäge, maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini berkitmäge gönükdirilen uly işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp eserinde: “Geljegimize ynamlylygymyz watançy, akylly-başly oýlanyp bilýän ýaşlarymyza baglydyr” diýip belleýär. Diýmek, 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagynyň düýp özeninde ertirki günümiz hakyndaky hem-de geljek babatdaky alada durýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň ylym-bilim almagyna, öz hünärleriniň eýesi bolmaga, giň dünýägaraýyşly, aň-düşünjeli bolup ýetişmegine ähli mümkinçilikler döredilýär. Döwletli ýoluň ak geljege dowam bolmagy üçin türkmen ýaşlaryna bildirilýän ynam ýokary. Şol ynamy ödemek, ýurdumyzyň ösüşine öz mynasyp goşandyny goşmak, döredijilikli zähmet çekmek her bir ýaş nesil üçin parzdyr. Ýakynda, ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleri döretmek, ýaş nesilleri halkymyzyň ruhy-ahlak däpleri, watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, olaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini, şahsy başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek maksady bilen yglan edilen bu ajaýyp ýylymyz, ýagny “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” mynasybetli hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar biziň geljegimizdir” diýen ajaýyp sözlerinden ugur alyp, ýurdumyzyň belent ösüşini, alnyp barylýan tutumly işleri ýaşlaryň arasynda giňişleýin wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşi Mary etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde gurnamagynda etrabyň medeniýet öýünde “Arkadagly Serdar bilen ýaşlar bagtyýar” ady bilen wagyz - nesihat duşuşygy geçirildi. Geçirilen duşuşyga etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ak sakgally ýaşulular, kümüş saçly mährem eneler, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginde ýaşlaryň uly güýç bolup durýandygyny Gahryman Arkadagymyz hem, Arkadagly Serdarymyz hem yzygiderli nygtaýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýakynda bolup geçen gurultaýynda hem giňişleýin aýdyldy. Ýurdumyzda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn zehinleriniň taplanmagy, işjeňlik sypatlarynyň kämilleşmegi üçin ähli şertler döredilip, olara jogapkärli wezipeler ynanylýar. 2023-nji ýylyň şygarynyň bagtyýar ýaşlarymyzyň ady bilen baglanyşdyrylmagy ýöne ýerden däldir. Ýaşlaryň hatarlaryndan hormatly Prezidentimiz ýaly beýik şahsyýetleriň saýlanyp öňe çykmagy buýsançly başymyzy Göge diredýär. Arkadagly Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işleri diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, dünýä derejesinde-de nusgalyk bolup durýar. Watanymyzyň geljekki ösüşlerini ýaşlarda görýän Arkadagly Serdarymyz ýaş nesle uly ynam bildirip, okamagymyz, öwrenmegimiz üçin hemme şertleri döredýär. Bilim alýan orta mekdeplerimiziň iň ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy ösen döwrümiziň talaplaryny doly ödemäge mümkinçilik berýär. Üstümizdäki ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi ýaşlar hakynda edilýän aladanyň bimöçberdiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. 2023-nji ýyl ýurdumyzda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edildi. Munuň özi ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginde, özgermeginde ýaşlara uly ynam bildirilýändigini görkezýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda okamak, öwrenmek, döretmek üçin ähli mümkinçilikler, şertler döredilýär. Ýaşlar jemgyýetiň iň işjeň bölegi hökmünde ýurduň ähli babatda ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda hem ýaşlary goldamaga, olaryň jemgyýetdäki mynasyp ornuny tapmaga gönükdirilen döwlet syýasaty amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda bu ugurda maddy-tehniki binýady berkidýän çäreleri durmuşa geçirmek bilen birlikde, degişli kanunlar, maksatnamalar, konsepsiýalar kabul edilýär. Geçen ýyl «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini görkezýän bolsa, şu ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy ýagty ertirlerimiziň eýelerine bildirilýän uly umytdan hem-de ynamdan nyşandyr. Munuň özi ýaşlaryň syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda durmuşa geçirilýän işlere işjeň gatnaşmagy, olaryň watançylyk, halallyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelenmegini gazanmak, ýaş nesliň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek hem-de döredijilikli başlangyçlaryny goldamak ýaly asylly maksada gönükdirilendir. Bu işler ýaş türkmenistanlylary Watanymyzyň we halkymyzyň ýagty geljeginiň bähbidine täze üstünliklere ruhlandyrýar. Biz — bagtyýar ýaşlar şu ajaýyp, eşretli zamanada ýaşaýandygymyza buýsanýarys. Eziz Watanymyzyň daýanjy hem buýsanjy bolan ýaşlara uly ynam bildirip, ýeňişlere atarýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. Mekan DÖWLETMYRADOW, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |