21:11 "Ýüreklerde orun tutan Arkadag!" | |
"ÝÜREKLERDE ORUN TUTAN ARKADAG!"
Aýdym bolup köpleriň dilinde ýaňlanan bu sözler hemmeleriň kalbyna-da ornady. Ynsanlaryň onda-da tutuş halkyň kalbynda orun almak üçin milletiň Lideri bolmagy başarmak gerek. Elbetde munuň üçin ylahdan berlen zehin bilen birlikde tutanýerlilik bilen yhlasam zerur. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň abadanlygy bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin edýän yhlasy çeken zähmeti bolsa halkymyzyň dilinde senasy kalbynyň söýgüsi bolup ýaşaýar. Gahryman Arkadagymyz ruhy taýdanam il-gününiň ruhy daýanjy bolup durýar. Muny Milli Liderimiziň atalyk kitaplarynyň mysalynda aýdyň görmek bolýar. Üstümizdäki ýylda neşir edilen "Ömrümiň manysynyň dowamaty" eseri hem okyjylaryna ýapylan gymmatly serpaýdyr. Kitabyň mazmuny "Ömrümiň manysy" kitabynda berlen ömür menzilleriniň okyjylaryny şol ajaýyp söhbediň dowamyna atarýar. Pähim-paýhasa manyly ömürleriň söhbedine teşne kalplary suwarýan bu kitap her bir türkmen ýaşlarynyň esasan hem talyp ýaşlaryň ýan kitabyna öwrülendigini buýsanç bilen bellemek bolar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda bagtyýar okap bilim alýan giň mümkinçiliklerden peýdalanýan biz talyp ýaşlaryň gül döwrümize buýsanjymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyza Gahryman Arkadagymyza egsilmez alkyş gursagymyzyň hemrasy. Goý Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri rowaç alsyn. Maral Berdimyradowa Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |