19:46 Sungat we adam | |
SUNGAT WE ADAM
Edebi makalalar
Tolstoýyň şu sözleri ynsany çuň pikirlenmäge iterýär: "Sungat pikirlenip, hakykaty görüp we jemgyýete düşünip bilýän adamlaryň işidir". Wan Gog bolsa: "Men özümi diňe surat çekemde diri duýýaryn" diýip belleýar. Bu iki şahsyýetiň aýdanlary hem sungatyň nähili derejede zerurdygyny görkezip biler. Elbetde, sungatyň peýdalaryny düşünmek üçin hökman bir Tolstoý ýa-da Wan Gog bolmak hökmän däl. Aslynda sungatyň peýdasy hemmeler üçin deň ýa-da tapawutly bolup biler. Galam we çotga, saz guraly bolan ýa-da ruhy dünýäsi baý bolan her bir ynsanyň sungatyň gymmatyna düşünmäge mümkinçiligi bar. Geliň indi, sungatyň aslynyň nämedigini göreliň. Sungatyň haýsy hem bolsa bir pudagyny öwrenmek ruhy döredijiligiňizi ösdürmage kömek edýär. Bu pursatda, her kimiň kellesine şeýle sorag gelip biler: "Men gaty bir döredijilikli adam däl. Men nädip sungat bilen meşgullanaryn?" Aslynda sungat gaty bir kyn zat däl, ýönekeýje zat göz öňüne getirmek, töweregiňi seljermek bilen başlanýar. Sungatyp başga bir peýdasy hem elmydama beýniňi işjeň saklamaga kömek edýär. Mysal üçin bu barada Pikasso: "Sungat gündelik durmuşyň tozanyny ruhdan arassalaýar." diýip belleýär. Bulardan başga-da sungat gelejekki nesilleriň taryhy mirasydyr. Sungat- bu adamlaryň durmuşdaky ýönekeýje pursatlardan täsin duýgulary, öwüşginleri, garaň içindäki gizlenen agy görüp bilmekdir. Bulutlary göreniňizde ondan bir suraty görüp bilmedir, ruhy düşünjeleri islendik bir saz guraly, bir çotga bilen şekillendirmekdir. Bulardan başga-da sungatyň çagalara bolan täsiri uludyr. OLaryň bir zada ünsüni jemlemek ukybyny artdyrýar. Geçirilen barlaglaryň netijesinde, sungat bilen meşgullanýan çagalar we ýetginjekleriň durmuşynda has köp üstünlik gazanýandyklary subut edildi. Şeýle hem alymlar, sungaty talyplaryň bilim durmuşyna ornaşdyrmagyň onuň okuwyna, gelejegine, kariýerasyna uly goşant goşýar diýip hasaplaýarlar. Okanyňyz üçin köp sagboluň! Oguljan ALLANUROWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleriniň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň Hytaý, Türkmen dili we edebiýaty hünäriniň 1-nji ýyl talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |