20:14 277 ýyl geçensoñ mazary tapylan Ibn Arabynyñ ölümi | |
277 ÝYL GEÇENSOÑ MAZARY TAPYLAN IBN ARABYNYÑ ÖLÜMI
Geň-taňsy wakalar
Birwagtlar musulman ýurt bolan Ispaniýada dünýä inen we Siriýada reaksioner ruhanylar tarapyndan Siriýada dardan asylyp şehit edilen Muhiddin ibn Arabynyñ syrly ölümi "Direliş. Ärtogrul" teleserialynyñ üsti bilen gaýtadan uly gyzyklanma eýe boldy. Onum "Sin Şine girende Mimiñ gabryny taparlar" diýen sözüniñ manysyny 277 ýyllap tirip bilmediler. Diñe Osmanly türkmen patyşasy Soltan Ýowuz Selim Ibn Arabynyñ mazaryny tapanda, onuñ näme diýmek isländigine düşünip galdylar. ■ Ibn Arabynyñ ölümi Taryhyñ çañly sahypalaryny yzyna agdaryp, Ibn Arabynyñ ýaşan döwrüne göz aýlamaga synanyşalyñ. Şamda ýurt gezip ýören bir täsin derwüş - beýik alym, Hakdan halatly pir ýaşapdyr. Oña Muhiddin ibn Araby diýipdirler. Döwründe ondan öñe geçjek alym bolmandyr. Ýöne ol käbir betpygylly adamlaryñ töhmetine ýygy-ýygydan uçrapdyr. "Gülüñ biten ýerinde gadry ýok" diýleni. Ýoluna gül düşelmäge mynasyp adama azar bermän gezmeklikden geçen, gaýtam birnäçe gezek ony janyna kast etmäge synanyşypdyrlar. Galyberse-de, onuñ daş-töweregi pul, wezipe, bähbit üçin üzeññiden üç geçýän, adam satmagy ýeke apbasyça-da görmeýän göýdük pikirli ejize ganym adamlardan doly bolupdyr. Günlerde bir gün Muhiddin ibn Arabynyñ sabyr-käsesi dolupdyr. Beýik pir adamlaryñ pesligine çydap bilmän seslenipdir: - Eý halaýyk! Siziñ çokunýan hudaýyñyz meniñ aýagymyñ astynda! Şeýle diýibem aýagyny üç gezek ýere urupdyr. Göýdükleşen, has dogrusy, mankurtlaşan adamlar onuñ bu sözüne düşünmändirler. Nirden düşünsinler?!. Puly hudaý edinip, Allany ýatdan çykaran jemgyýetde alymlaryñ sözüne däl-de, şarlatanlaryñ sözüne gulak gerilýär ahyryn. Adamlar "Toba estapyrylla, Ibn Araby Allatagalany aýak astyna aldym diýýär-ow" diýişip, piri jezalandyryp öldürmegiñ kül-külüne düşüpdirler. Ölüminiñ öñ ýanynda Ibn Araby şeýle diýýär: - Sin Şine girende Mimiñ gabryny taparlar. Sebäp diýseñ şol wagt ölüm jezasy berlen adamyñ mazary ýitirim edilip, üstüni çöp-çalam bilen basyrypdyrlar. Aý aýlanypdyr, ýyl geçipdir... Ibn Arabynyñ ölüminden iki asyr gowrak geçensoñ Ýowuz Soltan Selim dünýä inipdir. Mälim bolşy ýaly, Ýowuz Selim harby ýörişleriniñ köpüsini Gündogar ýurtlaryna geçiripdir. Bir gün ol düýşünde Muhiddin ibn Arabynyñ özüni çagyrýandygyny görýär. Halypasyndan fetwa alyp, 60 müñ adamlyk goşun jemleýär we Siwasdan Sinaý çölüne bakan ýola çykýar. Düýşünde Ibn Araby oña çöl hakyndaky maglumatlary beripdir. "Suwuñyzy düýe derilerine dolduryñ, agzyny-da mäkäm baglañ" diýip sargyt edipdir. Ýowuz Soltan Selim Sinaý çölüne gadam basanda ýyllap nem dammaýan çölde ýagyş guýup başlaýar. Soltan 60 müñ adamy bilen çöli kesip geçende ýeke esgeriniñ bitiniñ burny ganamandyr. Eýsem, ylymyñ muña berip biljek jogaby, mañzyña batnykly düşündiriş barmyka? Nädip Garagumdan bäşbeter janalyjy çöli aşyp bildilerkä? Ýörişleriñ hemmesi ýeñiş bilen tamamlanypdyr. Mundan beýläk yslam dünýäsi üçin mukaddes saýylýan goş-golamlar (mukaddes amanatlar), halyflyk Osmanlynyñ elindedi. Ýowuz Selimiñ getiren mukaddes emläkleri häzirem Stambulyñ Topgapy muzeýinde (öñki Topgapy köşgi) saklanylýar. Uzyn gepiñ keltesi, Ýowuz Selim Şamy eýelänsoñ, Ibn Aranynyñ mazaryny agtaryp başlaýar. "Agtaryp Käbäni tapypdyrlar". Elbetde, şöhratly türkmen soltany Ibn Araby hezretleriniñ mübärek guburyny tapypdyr. ■ "Sin Şine girende Mimiñ gabryny taparlar" Soltan ilkibaşda soraýar-ideýär, hiç ugur tapmaýar. Beýik piriñ nirede ýatandygyny hiç kim bilmändir. Soñ gezip ýören çopanyñ biri: "Soltanym, onuñ nirdedigini menem bilemok welin, goýunlarymyñ käbiri bir ýere ýetende, şol ýere hiç aýak basmaýarlar, şol ýeriñ daşyndan aýlanyp duruberýärler" diýipdir. Ýowuz Selim heýjana gelýär: - Gazyñ şol ýeri! Gazyñ! Esgerler aýdylan ýeri gazyp başlanlarynda Ibn Arabynyñ diri ýaly ýylgyryp ýatan bozulmadyk jesediniñ üstünden barýarlar. Allanyñ gudratyna, "Şehitler hemişe diridir" diýen jümläniñ hikmetine seretseñizläñ! Ýowuz Soltan Selim jesediñ tapylan ýerinde kaşañ kümmet gurdurýar we piri şol ýerde depin edýär. Biraz wagt geçensoñ soltan piriñ näme üçin ölüm bilen jezalandyrylandygyny sorag-ideg edýär. Halk bolup geçenleri soltana gürrüñ beripdir. Ýowuz Selim: - Meni Ibn Araby hezretleriniñ aýagyny üç gezek uran ýerine äkidiñ - diýipdir. Soltan salgy berilen ýere baryp, ol ýeri-de gazdyryp başlaýar. Gudrata serediñ: gazylan ýerden çuwal-çuwal altyn çykyberipdir! Indi "Sin Şine girende Mimiñ gabryny taparlar" diýen jümläniñ manysyny tirmäge synanyşalyñ: Sin - Selim, Şın - Şam, Mim - Muhiddin diýmekdir, ýagny, "Selim Şama gelende meniñ mazarymy taparlar" diýmekligi añladýar. Baryp-ha Ýowuz Selim dogulmanka iki ýarym asyrdan gowrak wagt öñ aýdylyp gidilen söz. Häzir Türkiýäniñ Stambul şäheriniñ Fatih raýonyndaky mukaddes emläkler saklanylýan muzeýde bir daş bar. Ol daşyñ ýüzünde-de: "Iza dehalessinu weşşin. Zehere kabru Muhiddin" diýen ýazgy bar. @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |