10:07 Ähli ordenleri ýerleşer ýaly... | |
ÄHLI ORDENLERI ÝERLEŞER ÝALY...
Degişmeler
Bir gezek Stalin M.Gorkini ýanyna çagyryp, şeýle diýipdir: - Alekseý Maksimowiç, Siz ynha "Ene" diýip, ajaýyp eser döretdiñiz. Indi "Ata" diýibem bir roman ýazyp bilmezmisiñiz? - Bilmedim-dä, Ýoldaş Stalin, oñ üçin ylham gerek-dä. Ýöne synanyp görmek bolar. - Şeýdiñ onda, synanyp görüñ. Synanmagyñ kynlygy ýok ahyryn o diýen. Dogry aýdýan dälmi men, ýoldaş Beriýa... * * * L.I.Brežnew söwda ministrini çagyryp aýdýar: - Ine, köne bolşewiklerden arza gowuşdy, olar soñky döwürde satuwa çykarylýan araklaryñ agyzýapysynda açmaga amatly bolýan gulajygynyñ ýoklugyndan nägile bolýarlar!.. - Barlap göreris, Leonid Iliç... Soñra Brežnew aşhana geçip, holodilnikdäki çüýşä el ýetirýär, oniñ agzyndaky gapagy towlap açyp, öz ýanyndan pikire batýar: "Päheý, gulajygyñ nämä geregi bar bärde? Gojajyklar yrsaraýar-ow!.. * * * - Bizde haçan pýançylygyñ soñuna çykylarka? - On ikinji bäşýyllykda. - A näme üçin on birinji bäşýyllykda däl? - On birinji bäşýyllykda azyk-owkadyñ soñuna çykylar. * * * - Eşitdiñmi, Leonid Iliçi operasiýa edýärmişler-ä? - Ýok, men-ä eşidemok. Nämäñ operasiýasyka ol? - Ähli ordenleri ýerleşer ýaly döşüni giñeldýärmişler. * * * Brežnew golastylarynyñ hal-ýagdaýyny bilmek isläp, ýönekeýräk geýnip, ol içine çykypdyr. Ol işbilli buterbrod symyşlap duran oglanjygy görüp: - Hany, kakañ nirede? - diýip sorapdyr. - Täze maşynymyzy münüp, işe gitdi. - A ejeñ hany onda? - Köne maşynymyzy münüp, bazara gitdi. - Öýüñizde kim bar onda? - Enem bar, reñkli telewizor görýär ol. - Ine, gördüñmi, bu zatlaryñ hemmesi meñ arkamdan bolandyr, oglanjyk! - Ene!!! Amerikadan Izýa daýym geldi! @ Russiýanyñ "КРОКОДИЛ" žurnalyndan terjime. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |