20:25 Altyn Ordanyñ gurulyşynyñ we ýykylyşynyñ gysgaça taryhy | |
ALTYN ORDANYÑ GURULYŞYNYÑ WE ÝYKYLYŞYNYÑ GYSGAÇA TARYHY
Taryhy makalalar
Altyn Orda - agalyk ediji topary mongollardan, harby güýji türkmenlerden we beýleki türki halklardan jemlenen ortalyk döwletdir. Mongollaryñ döreden döwletleriniñ içinde ilkinji bolup yslam dinine geçen häkimiýet Altyn Orda dinastiýasydyr. Berke hanyñ döwründe mongollar köpçüliklegin musulman bolup, yslam taryhynda täze sahypany açdylar. • Altyn Ordanyñ döreýşi Çingiz han ölmezden öñ basyp alan ýurtlaryny ogullaryna paýlap beripdir. Seýhun (Syrderýa) derýasy bilen Balhaş kölünüñ günbataryndaky ýerler Juçy hanyñ paýyna düşüpdir. Juçy hanyñ körpe ogly Baty han günbatara eden ýörişleri bilen kakasyna berlen ýerleri hasam giñeldipdir. Juçynyñ ýerleri soñra Baty han bilen özünden uly dogany Orda hanyñ arasynda paýlaşylypdyr. Balhaş köli bilen Aral deñiziniñ arasyndaky we Seýhun derýasynyñ günortasyndaky ýerler Orda hana berilipdir. Horezm, şol sanda häzirki Daşoguz welaýatynyñ etraplary, Mañgyşlak we täze basylyp alynan ýerler Baty hanyñ paýyna düşýär. Orda hanyñ golastyndaky ýerlere Ak Orda, Baty hanyñ tabynlygyndaky ýerlere-de Gök Orda ady berildi. Gök Orda soñabaka Altyn Orda adyny aldy. Baty hana türkmenler Söýün han diýip at beripdirler. Şonuñ üçin Altyn Ordanyñ tabynlygynda ýaşan türkmenlere söýünhan türkmenleri diýlipdir. 1242-nji ýylda Altyn Orda döwletini guran Baty han Wolga derýasynyñ aşaky deltasyndaky Saraý şäherini paýtagt edinýär we yzygiderli täze ýerleri basyp almak bilen meşgullanýar. 1256-njy ýylda Baty han ölende, onuñ döwletiniñ çäkleri gypjak sähralaryny (Deşti-Gypjak), Wolganyñ aşaky we orta deltasyny, Seýhun we Wolga derýasynyñ aralygyndaky Aral deñizini gurşap alan ýerleri, Kawkazda Dagystandan başlap Azerbaýjana çenli aralygy öz içine alýardy. Altyn Orda munuñ bilenem çäklenmän Lýahystany (Polşany) we Litwany ýyllyk paç tölemäge borçly edipdi. Baty hanyñ ýerine Berke han geçipdir. Berke han yslam dinine geçensoñ, mongollaryñ şol döwürler yslama musallat bolup inen şahasy ilhanlylara (hulaguidler) garşy göreşdi. Bolgariýada wizantiýalylar ýeñlişe uçratdy. 1260-njy ýylda orta asyrlaryñ iñ uly şäherlerinde Saraý Berke şäherini gurdy. Berke hanyñ ölüminden soñ Mengu Timur han, Özbek han, Janybek han yzygiderlilikde tagta geçip Altyn Ordanyñ kuwwatyny berkitdiler. Janybek hanyñ ölüminden soñ tagt üstünde oñşuksyzlyk başlapdyr. • Altyn Ordanyñ ýykylyşy 1380-nji ýylda Teýmirleñiñ goldamagynda tagta çykan Togtamyş han bu oñşuksyzlyklaryñ soñuna nokat goýupdyr. Emma Togtamyş bilen Teýmirleñiñ arasyna tow düşüp, netijede Teýmirleñiñ Altyn Ordanyñ biloñurgasyny ýazdyryp gaýtmagy tagt ugrundaky dawalaryñ gaýtadan örç almagyna getiripdir. Bu bolsa öz gezeginde Altyn Ordanyñ gowşamagyna getiripdir. Şular ýaly dawa-jenjeller zerarly çagşamaga başlan Altyn Ordanyñ ýerlerinde Kazan hanlygy, Krym hanlygy, Astrahan hanlygy, Nogaý hanlygy, Sibir hanlygy peýda bolupdyr. Gelejekde Russiýa imperiýasyna öwrülen Moskwa knýazlygy-da Altyn Orda dargansoñ özbaşdaklygyny gazanypdyr. Moskwa knýazlygyndan başga ýerleri Krym hanlygy eýeläpdir. Soñky dörän hanlyklaryñ içinde iñ uzak dowam edeni-de Krym hanlygy bolupdyr. Krym hanlygy soñra Osmanly türkmen imperiýasynyñ ýaranyna öwrülýär. 1502-nji ýylda Altyn Orda döwleti taryh sahnasyndan doly çekilýär. @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||