03:41 Arwahlaryñ meýlisi / mistiki hekaýa | |
ARWAHLARYÑ MEÝLISI
Mistika we fantastika
Haçan-da kakam bu hekaýaty gürrüñ berip başlasa, onki süññüm saññyl-saññyl edýär. "Allajan, meni arwahlara bir sataşdyrmaweri" diýip, içimden dileg edip başlaýaryn. Düýn bize daýzam görme-görşe geldi. Agşamlygymyzy edinenden soñ kakam, ejem we daýzam üç bolup çaý içýärdiler. Olar bolup geçen wakalary ýatlaýardylar. Gürrüñ aýlanyp-dolanyp jyn-arwahlara, hüýr-perilere gelip diredi. Onsoñ kakamam öz gözi bilen gören "arwahlaryñ meýlisini" gürrüñ berermen boldy. Ýañam aýdyşym ýaly, kakamyñ bu hekaýaty diýseñ gorkunç bolandygy sebäpli, derrew ýorganymy başyma büräp ýatdym. Kakam meniñ bolşuma loh-loh güldi-de "arwahlaryñ meýlisini" gürrüñ bermäge başlady: - Ýañy öýlenen wagtlarymdy. Güzeran aladasy bilen başagaý bolup mellegime oñly seredibem bilemokdym. Bir gün wagt tapyp mellege bardym welin, üzüm şahalarynyñ mazaly uzandygyny gördüm. Hatda diken agaç direglerimden iki garyş dagy geçip gidipdir. Üzüm şahalaryny haýdan-haýdan bejerişdirmek gerekdi. Mellege gatnap başlan dördünji günümiñ agşamy az-owlak ýagyş sepeledi. Hamala üzümlerem ýagyşa garaşyp duran ýaly belli-beter uzadylar. Agralyp başlan üzüm hoşalary hem şahalaryndan sallanşyp, wagtynda şahalaryñ aşagyna direg goýmandygym üçin maña nägilelik bilen bakýan ýalydylar. Ertire çenli şahalaryñ arasyny çyrpyşdyryp, arassalamasam, soñ özüme-de, dalbarlara-da kyn bolar diýip pikir etdim. Şahalary direge dañmak üçin ýüpi az alan ekenim. Ikindinara ýüpüm gutardy. Şahalary dañyşdyrmak üçin ýüp almaga gitmekçi boldum, bazarda-da bir dalbary dañar ýaly ýüp galan ekeni. Bazardan çykyp yzyma gelýänçä iñrik garaldy. Näme etmeli? Köp pikirlenip wagt ýitirip durman tut, güjüm we söwüt agaçlarynyñ şahalaryny pudaşdyrdym. Olary pudap tertipleşdirýänçäm çaý içesi salym geçipdi. Üzüm şahalaryny dañyşdyrmak üçin alan çybyklarymy guşagyma gysdyryp üzümligiñ içine girdim. Mazaly garañky düşüp, jahan gara ýapynjasyny egnine büränsoñ işimi dyndym. Gözedürtme garañkyda el-ýüzümi ýuwup, telpegimi, çepegimi geýdim. Melleginde işläp ýören goñşulardanam hiç kim galmandy, hemmesi öýli-öýüne ýygnanypdylar. Daş-töwerekde çekirtgedir çirkeýleriñ jyrryldysyndan we gurbagalaryñ warryldysyndan başga ses-seda eşdilenokdy. Mellekden çykanymda ýassy namasynyñ wagty golaýlaşypdy. Garañkynyñ içinde zordan ýörejek ýolumy saýgaryp bilýärdim. Kakam daýzama tarap öwrülip sözüni dowam etdi: - Özüñiz bilýäñiz. Biziñ mellegimiziñ çar tarapy gür baglyga bürenen. Uly ýola çykmak üçin men ol baglyklaryñ içinden ýöremeli bolýardym. Özem agaçlaryñ arasy şeýle bir garañky, şeýle bir gorkunç... Men şonda-da garañkynyñ içinde hiç zada üns bermän haýdap barýardym. Uly ýola ýetmek üçin diñe Hemdemiñ gyrymsy baglygy galypdy. Kakamyñ hekaýaty şu ýere gelende men ýorgany mäkäm üstüme çekdim. Kakam bolsa sözüni dowam etdi: - Hemdem çörekçiniñ baglygyna tarap birküç ädim ädenimde, daşrakdan ýalpyldap giden yşyga añk bolup galdym. Garşymda gözümi gamaşyrdyp barýan ýiti şöhle bardy. Olam hiç welin, kimdir biriniñ hümürdisi, gülküsi, tañk-tuñk edip gelýän dep sesi, dutar, tanbur, keman ýaly saz gurallarynyñ pessaý, ýöne ýüregiñi jigledip gidýän sesleri eşidilýärdi. Men birsalym sañgaty bolup galdym. Baýguşlaryñ höwürtge tutunan harabalygynda bular ýaly zatlaryñ barlygy hakykatdanam haýran galdyrýardy. Ýöne men şol gün ir bilenem şo ýerden geçipdim ahbetin. Ol ýerde bir meýlis guralýan bolsa bilerim-ä. Işi-güýji ýok bikär ýaş ýigitler gündiz taýýarlanandyrlar-la diýip, geçip gidiberjek boldum. Men meýlisiñ bolup duran ýerinden aýlanyp geçjek bolup, diwaryñ ýumrulyp giden bir gädiginden bökdüm... Baý-baý-oww, meýdança gündiziñ güni ýaly ýap-ýagty, agaçlaryñ şahasyna çyralar asylypdyr, ýere ýüpek halylar ýazylypdyr... Bir çetde ullakan galaýy semewarlar gurulypdyr. Meýdançanyñ ortasynda ýüze golaý kişi döwre gurap otyr. Olar dutar, tanbur, dep, dowul çalyşyp, şady-horram bolup otyrlar. Şol wagt olaryñ biri ylgap ýanyma geldi. Ol meýlisde oturanlara bakyp, eýmenç gygyrdy: - Ynha, Öser eke hem geldi! Meýlisde oturanlaryñ hemmesi maña tarap öwrüldiler: - Geliñ, geçiñ, Öser aga. Işiñizi dyndyñyzmy? Şol wagt olara näme jogap berenim hiç ýadyma düşenok. Sebäbi aklym başymdan uçupdy. Olar meni çekeläp, süýräp diýen ýaly orta çykardylar. Däbe görä bir ýere gidilende oturandan soñ doga-dileg edilýändir. Emma olaryñ dumly-duşdan üstüme ýagdyrýan soraglaryndan ýaña doga okamak ýadymdan çyksa näme. Azajyk özümi dürsänimden soñ oturanlary birlaý gözden geçirdim. Olaryñ köpüsini öñ bir ýerlerde görenime meñzetdim. Üns berip synladym welin, olary ömrümde-de duş gelmedik nätanyşlardygyny bildim. Meni diñe olaryñ öñden tanyş ýaly boluşlary, adymy tutup çagyryşlary edip gelýän soraýyşlary, hatda başda size gürrüñ beren üzüm şahalarynyñ bejermek üçin çybyk pudanyma çenli bilişleri haýrana goýupdy. Megerem, meýlisiñ kethudasy bolsa gerek, olaryñ arasyndan biri: - Öser ekä saçak ýazyñ! - diýip gygyrdy. Döwre gurap oturanlaryñ biri oña garşy çykdy: - Ilki şady-horramlyk edeliñ. Ondan soñ hemmämiz bile saçak başyna geçeris. - Soñra ol eýmenç ýüzüni maña tarap öwürdi: - Siziñem gulagyñyz poslap gidendir. Ilki saz diñlälimi? Içegelerim eljuk diýip dursa-da, myhman sypaýyçylygyny elden bermän, onuñ bilen razylaşmakdan başga alajym ýokdy. Sazandalar saz gurallaryny eline aldylar. Olardan tanbur, dutar, keman, rubap, çeñ, naý, dep ýaly saz gurallaryny öñ bilýänem bolsam, heniz bilmeýän saz gurallarym bardy. Saz ýañlandy. Çalynýan dürli-dürli sazlar jadyly ýalydy... Men ýere siñip barýan ýaly süllümbaý bolup ezilmäge, bimar bolmaga, başymy nirä urjagymy bilmän içimi çekmäge başladym. Sazandalar sazyny kem-kemden batlandyryp ugradylar. Ahyrynda durup bilmedim, horkuldap aglamaga başladym. Näme üçin aglaýandygymy özümem bilemokdym. Hernä, meşk gutaraýdy. Gutarsa-da gutardy welin, menem özi bilen bile gutardy. Iki daşyñ arasynda galyp mynjyran ýalydym. Göwrämde ysgyn-deramat galmady. Ýalpa gözümi açdym. Meýlisdäkileriñ ählisi meniñ düşen halyma gülýärdiler. Men öz bolşumdan utanyp ýere giräýjek boldum. Sazandalar ikinji meşki çalmaga taýýarlanýardy. Ýöne men ilkinji çalynan meşki diñläp perişan bolupdym. Ýüregim gürs-gürs urup, kükregimi ýaraýjak bolýardy. Megerem, başky çalynan meşki ikilenç diñlesem, ajalym gelmänkä gatap galaýjak, ýr bilen ýegsan bolaýjak ýalydym. Ikinji meşk başlady. Meşk başlap-başlamanka endamyma suw inip ugrady. Özüme näme bolýanyny bilmesemem, birhili keýp alyp başladym. Meşk şadyýan saz ekeni. Bu saza başga näme at berilýänini men-ä bilebilmedim. Şol wagt orta on bäş-on alty ýaşlaryndaky bir gyz çykdy. Zülpleri towlam-towlam, ýüz-gözi nurana we diýseñ özüne çekijidi. Egninde ýaşyl pombarhatdan tikilen etekli köýnegi bardy. Birküç ädim ätläp orta çykan ýaş gyzyñ aýagyndan jañ sesleri gelýärdi. Ol gyz saza goşup tans etmäge başlady. Meşk dowam etdigiçe, göýä mukamyñ şemaly gyzy pyrlap-pyrlap goýberýän ýalydy. Jahana bagtyýarlyk, ruhubelentlik ýagýardy. Hamala ýer silkinip, ölüler direlip, daglar-daşlar gülüşip, ýyldyzlar uçuşyp, baglaryñ şahalary yranyşyp duran ýalydy. Ahyrynda bagtyýarlykdan ýaña içim içime sygmady. Özümem bilmeýän näbelli bir güýç meni ýerimden galdyrdy. Gyzyñ ýanyna baryp, menem tans etmäge başladym. Ejem bilen daýzam özlerini saklap bilmän gülmäge başladylar. Meniñ göz öñüme bolsa kakamyñ tans oýnap durşy geldi. Kakam sözüne dowam etdi: - Şeýdip men tans oýnamaga başladym. Men tansy gyz bilen oýnamaga çalyşdym. Gyz meniñ bilen bir salym tans oýnansoñ bir gyra çekildi. Men bolsa tansa dowam etdim. Tans oýnamagy bes etmelidirem öýdemokdym. Oturanlaram el çarpyşyp, meniñ üstümden gülýän ýaly agyzlaryny-burunlaryny eýläk-beýläk bükýärdiler. Ýöne men olara barsyñyzam diýmän, tans etmegimi dowam etdim... Birden bir gaty zada mañlaýym urlup, ýere ýykyldym. Ýerimden turup tansymy dowam etdirdim. Soñra ýene erbet ýykylypdyryn. Esli wagt geçensoñ ýerimden turdum. Gözümi giñden açyp töweregime seretdim.... Ortada ynsdan-jynsdan, aýdymdan-sazdan nam-nyşan ýokdy... Tüm-garañkylyk. Bir suwly arnanyñ içinde ýatan ekenim... * * * Men bu wakany mugallymyma gürrüñ berenimde, ol hezil edip güldi: - Añ kereplemesi... Gury ham-hyýallyk! Men mugallyma sorag berdim: - Hakykatdanam añ kereplemesimi? Añ kereplemesi adamyñ başyna nähili ýagdaýda gelýär? Ol maña: - Öñümizdäki anna güni çagalara bu barada aýdyp bererin. Añ kereplemesini bilesiñ gelýäni çyn bolsa, senem şonda gelgin - diýip, jogap berdi. Men indiki anna güni mekdebe gidip mugallymyzdan adamda kereplemäniñ nähili ýüze çykyşyny öwrenmekçi. Eger wagt tapsañyz, şol gün sizem geläýiñ. Abdylla KADYRY, özbek ýazyjysy. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||