23:09 Atasyna we ogullaryna nesip etmedik ýurt baýlyklary | |
ATASYNA WE PERZENTLERINE NESIP ETMEDIK ÝURT BAÝLYKLARY
Taryhy makalalar
Suratdakylar: Buharanyň soňky emiri Seýit Alymhan we ogly Abdylkebir Ýüje Buhara emirliginiň soňky emiri Seýit Alymhanyň ýygnan ummansyz hazynasy, baýlyklary onuň çagalaryna nesip edipdirmi ýa-da ýokmy diýen sorag döreýär. Haýdaraly Uzakow, Satymhan Halbaýew "Buhara emirliginiň altynlary" atly makalasynda Buhara emirliginiň hazynasynda ýygnanan hasapsyz altyn, kümüş we başga gymmatbaha baýlyklar hakynda ynamly resminamalara daýanyp pikir ýöredýärler. Olar Emir Alymhanyň ölüminiň öňisyrasynda perzentlerine we garyndaşlaryna eden wesýetini getirýärler: "Peşewar bankynda saklanýan pullara degmersiňiz, Özbekistan garaşsyzlygyny alansoň ol pullary şonuň hasabyna geçirersiňiz. Londanda saklanýan pullar esasan nesillerim üçin, ýöne oňam bir bölegi Özbekistana berilse kem bolmaz. Ol indi size bagly". Seýit Alymhanyň perzentleri atasynyň bu mukaddes wesýetine eýeripdirler. Maddy taýdan kösenen wagtlary hem bankdan ýekeje teňňe-de alman, ata nesihatyny wyždanyň emri, hakykatyň aýnasy, gelejege bolan ynamy diýip bilipdirler. Bu Gündogara mahsus tutanýerlilik, mertlik, sabyr-takat, wepadarlyk we uly adamkärçiligiň bir simwolydyr. Hawa, kösenip güzeranyny dolan Seýit Alymhanyň perzentleriniň ykbaly nähili bolduka. Dogrusyny aýtsak, emiriň soňky ykbaly, maşgalasy we çagalary hakynda örän az maglumatymyz bar. Emiriň öz eli bilen ýazylan "Buhara halkynyň pajygasy" atly meşhur kitapçasynda-da maşgalasy we çagalarynyň ykbaly hakynda doly maglumat berilmeýär. Bolşewikler Buharada 1920-nji ýyl, 2-nji sentýabrynda amala aşyran basypalyjylykly agdarylyşygyndan soňra emir Buharany terk edip, Owgan ýurdyna gitmäge mejbur bolýar. Gyzyl imperiýaň ar alyjykly agressiýasynyň netijesinde Seýit Alymhan çagajyklaryndan aýra düşen bürgüt mysaly öz bala-çagalaryndan ebedilik jyda düşýär. Buharada öz häkimýetini zulum bilen ornaşdyran bolşewikler Seýit Alymhanyň 8-10 ýaşly ogullaryny, Soltanhan, Şamyrat, Rahymhany ünsden düşürmeýär. Emiriň çagalaryny Buharada saklamak howply bolany üçin, Faýzulla Hojaýewiň maslahaty bilen Buhara Halk Şuralar hökümeti olary Buharadan Moskwa göçürýär. Şuralar hökümeti emiriň çagalaryny öz goragyna alyp, olaryň okuwy we terbiýesiniň aladasyny edýär. "Basmaçy" ady dakylan Watan goragçylarynyň bolşewiklere garşy gazaply göreşiniň dowam eden ýyllary (20–30 ýyllar) Buhara emiri Seýit Alymhan hakynda we onuň çagalary, emiriň hazynalary hakynda sowet we daşary ýurt metbugatynda dowamly habarlar berip duruldy. Emiriň dördünji ogly Şamyradyň öz kakasy Seýit Alymhanyň adyna 30-nji ýyllarda ugradan we oňa uly meşhurlyk getiren bir taryhy haty gyzykylydyr. Ilki ol Moskwadaky rabfaky[1], soňra harby inženerçilik akademiýasyny gutarýar. Ikinji jahan urşuna gatnaşyp, Sowet Birleşiginiň generaly wezipesini gazanýar. Oň hatyny okanymyzda, Gündogar perzendi öz kyblasy saýýan atasyna gahar-gazapdan doly muň ýaly hat ugratmajagyna ynanýarys. Hatyň mazmunyndan ol degişli edaralar tarapyndan ýazylyp, emiriň oglunyň adyndan berilendigi me saňa bildirip dur. Ykbalyň oýnuna bir serediň-ä: Ataly-ogul Russiýa imperiýasynyň generallary, diňe aradaky tapawut, emir Seýit Alymhana hem-de Abdylahada[2] "ak" generallygy Nikolaý patyşa tabşyran bolsa, emiriň ogly Şamyrada "gyzyl" general wezipesini I.Stalin berýär. Döwür ters gelip ata-ogul generallaryň biri "ak imperiýa", ikinjisi "gyzyl imperiýa" hyzmat edip, bar-ýok mal-mülklerini ellerinden gidirýär. Şamyrat Alymowyň "Izwestiýa" gazetiniň sahypasynda öz kakasyna ýazan açyk hatynda şeýle setirleri okaýarys: "Men saňa birinji we soňky hatymy ýazýaryn. Aramyzda gatnaşygyň hiç haçan dikelmegini islämok. Soňky bolup geçen wakalar, gana dolan ýüregimden çykaryp, şu sözleri ýazmaga meni mejbur etdi. Eden galplyklaryň hemmesi göz öňümde dur, seň zulmyňdan Registan gan gusýardy. Rehimsizligiňden dady-perýat edýän halky kärdeşleriň birehimlik bilen talaýardy. Sen keýpi-sapa awara bolup, haremhanaňdan çykaňokdyň. Biz ikimiz–men – ogul, sen – kaka bolup, bir ýylda bir gezek görüşýärdikmi, dogryňy aýt hany. Ine, häzir Moskwada tälim alýan. Dostlarymyň ýanynda özümi şadyýan duýýan. Gynansam-da seň rehimsizligiňi, zulumhorlygyňy giç bildim. Häzir özümi kakasyz hasaplaýan. Saňa-da maslahatym, şundan şeýläk oglum bar diýip umuman oýlama. Oglum bar diýmäge hiç-hili hakyň ýok". 9-10 ýaşly oglanyň ýüreginde kakasyna bu derejede sylagsyzlyk, synpy gazabyň ody alawlap ýanandygyna asla ynanmak islemeýärsiň. "Izwestiýa" gazetiniň sahypalary arkaly dünýä ýaýran hat owgan dagy-daşlaryndan geçip, ata watandan uzakda gezip ýören öňki hökümdar Seýit Alymhanyň eline hem düşýär. Söýgüli oglunyň gahardan doly bu elhenç hatyny okan ataň ýagdaýynyň nähili bolandygyny göz öňüňe getirmegem gynançly… Emiriň soňky kenizi Özbekistanyň halk aktrissasy Merýem Ýakupowa geçiren söhbetdeşliklerimiziň birinde Seýit Alymhanyň ogullary hakynda gürrüň beripdi. Şonda ol maňa emiriň ortanjy ogly Şamyradyň suratyny görkezip: "Ol harby inžener, general, Moskwada ýaşaýar, meň bilen ýaşdaş diýen ýaly, gatnaşyk saklaýas, ýöne siz muny hiç kime aýdaýmaň, jigim!"– diýipdi, seresaplylyk bilen. Ýaňy-ýaňylara çenli emiriň dört ogly bardygyny bilýärdik. Ýöne soňlugy bilen emiriň sekiz ogly Türkiýede ýaşaýandygy metbugat habarlary arkaly mälim boldy. Buhara hökümdarynyň perzentleri:" Seýit Ybraýym, Seýit Rahymhan, Seýit Hadyhan, Seýit Ibat, Seýit Kebir, Seýit Mansur, Seýit Rauf azat we erkin respublika– Özbekistanyň garaşsyzlygynyň iki ýyllyk toýy mynasybetli Özbekistan Respublikasynyň Prezidenti Yslam Kerimowyň adyna gutlag haty ugratdylar ("Halk sözi" 1993 ýyl 1 sentýabr). Buhara emiri Seýit Alymhan ata watany küýsäp, garran çagy Buhara dolanmak arzuwy bilen Sowet hökümetiniň başlyklary I.Stalin, M.Kalinine ýüz tutýar. Ýöne, doňýürek basyp alyjylar ret jogabyny berýär. Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soň ata watanymyzy görmek oň çagalaryna nesip etdi. Olar 1993-1994-nji ýyllarda ata watanyna Özbekistana geldiler. Soňky berilen maglumatlara görä, Buharaň soňky emiri Seýit Alymhanyň birnäçe aýaly bolup, olardan 37 çaga – 16 ogul, 21 gyz bolupdyr. Gardaş Täjigistan respublikasy, Lelinabad welaýaty "Lelinabad hakykaty" gazetiniň 1993-nji ýyl 1-nji iýul sanynda Žurnalist Muhiddin Alympuryň "Buhara emiriniň ajy kysmaty" atly makalasy neşir edildi. Makalada ýazylmagyna görä, 70-80-nji ýyllarda birnäçe gezek Owganystanda bolan Muhiddin Alympur Seýit Alymhan hakynda material ýygnaýar. Ýöne ol Buhara emiri we onuň çagalary hakynda göwnejaý maglumat tapyp bilmeýär. Şondan soň ol Amerika gidýär, Seýit Alymhanyň gyzy – žurnalist Şukriýa Rol we ogly Seýitomar Alymy bilen sataşyp, söhbetdeşlik geçirýär. Seýit Alymhanyň körpe gyzy Owganystanda dogulýar. Ol sekiz aýlyk wagty kakasy aradan çykýar. Şukriýa Kabuldaky ýokary okuw jaýynyň žurnalistika fakultetinde okaýar we žurnalist hökmünde Owganystanda we daşary ýurtlarda zähmet çekýär. Ol arap, pars, urdu, täjik hem-de türki halklaryň dillerini bilýän ökde žurnalist hasaplanýar. Žurnalistiň doganlaryňyz hakynda gürrüň berip bilersiňizmi, siz näçe perzent?– diýen soragyna Şukriýa hanym şeýle jogap berýär: – Gadymky däbe eýerip kakam kän öýlenýär, ogullar on bäş sany, gyzlar ýigrimi sany. – Olaryň atlaryny ýatdan bilýärsiňizmi? – Elbetde. – Şükriýa hanym, siz gyzlaryň atlaryny, Seýitomar, siz ogullaryň atlaryny aýdyp beräýiň! – Baş üstüne. Muhsyna, Şükriýa, Üzri, Haýriýa, Muslime, Salyha, Nezaket, Mübärek, Mömine, Sofiýa... Seýitomar ogullary sanap başlaýar: – Men maşgalaň uly ogly (üç agam watanda– Özbekistanda galýar), adym Seýitomar, ikinji adym Seýit Amanulla, ikinji inim Seýitmyrat (3-4 ýyl ozal Mekkede aradan çykdy). Üçünji ogul Seýit Ybraýym (ol häzir Türkiýede ýaşaýar). Seýit Abdyrahym, Seýit Abdylfettah, Seýit Abdylkebir, Azymşahyr, Seýit Mansur (şahyr). Seýit Abdylla (Germaniýada ýaşaýar), Seýit Abdylhady, Seýit Abdylgaffar, Seýit Hajy (Türkiýede ýaşaýar, dyş doktor), Seýit Abdysettar, Seýit Abdyrauf, Seýit Muhammetseýit (Germaniýada ýaşaýar), Seýit Aryf. Şükriýa we Seýitomaryň aýtmaklaryna görä, Seýit Alymhan Owganystana bosgun ýa-da gaçgak bolup däl, Owganystan hökümetinden kömek sorap, ok-ýarag almaga baran eken. Owganystanyň patyşasy Amanulla birnäçe gezek emir Seýit Alymhana:"Eger siz gelseňiz, elbetde kömegimi gysganmaryn" –diýen eken. Ýöne gynansakda "gyzyl imperiýaň" basyp alyjylykly syýasatyndan gorkan Amanulla Buhara emiri Seýit Alymhana kömek etmäge bogny ysmaýar. Ussat ýazyjy A.Hasany "Nida" ("Buhara hakykaty", 1992 ýyl 3 iýun) atly makalasynda ýazmagyna görä, Seýit Alymhanyň uly ogly Soltanhan 1910-nji ýylda Buharada dogulýar, ol rewolýusiýadan soňra, 20-nji ýyllarda Moskwadaky rabfakda okaýar we tamamlanmadyk ýokary maglumat alýar. Uruş weterany bolan Soltanhan uzak wagtlap Moskwadaky gözi ejizler öýünde işleýär Emma emiriň üçünji ogluna– Rahymhana we onuň ömür ýoldaşyna pajygaly ykbal nesip edýär. Buhara hökümetiniň kömegi bilen Moskwadaky rabfakda okan Rahymhan 37-nji ýylda GPU-niň işgärleri tarapyndan jansyzlykda aýyplanyp, atuwa höküm edilip, öldürilýär. Rahymhanyň aýaly äri hakyndaky habary eşidip iş ýerindäki sabyn öndürilýän gaýnag gazana özüni oklap heläk bolýar. Edil Russiýanyň patyşasy Nikolaý II maşgalasy bolşewik terroçylaryň elinde heläk boluşlary ýaly, Buhara emiriniň çagalary hem olaryň elinden ölüm tapdy. Biz mangol-tatar basmaçylarynyň 200 ýyldanam gowurak rus halkyny we başga halklary ezendigini taryhdan gowy bilýäris. Altyn orda hanlygynyň ruslara we başga halklara eden zulumlaryny ýazgaryp gelýäris. Ýöne ynsabyň-wyždanyň hatyrasyna pikir ýöretsek, Çingiz han we onuň perzentleriniň hökümdarlygy döwründe rus halky we başga halklar Altyn Orda hanyna salgyt töläp, öz ybadathanalarynda ybadat edip, öz ene dillerinde okap, hünär öwrendiler. Ruslaryň ýurdunyň üstünden uzak döwür hökümdarlyk eden çingiziler ýerli halkyň söwda-satyk işlerini, dini ynanjyny we milli däp-dessurlaryny dowam etdirip, ösdürmäge päsgelçilik döretmändirler. Şu nukdaýnazardan netije çykarsak, Çingiz hanyň Russiýa ýörişini, Russiýa imperiýasynyň Türküstany basyp alanda eden wagyşylyklary, halkyň mal-mülküni talaýyşyny deňeşdirsek, rus basyp alyşy, mangol-tatar basyp alyşyndan on esse elhençli, wagşylykly bolandygyna ynansak gerek. Çünki Orta Aziýa we Gazakystanyň ýerlerini harby güýç bilen basyp alan Russiýa imperiýasy halklaryň taryhy, dini, medeniýeti, dili, ähli däp-dessurlaryny ýer bilen ýegsan edip, taryhyň çarhyny näçe ýüz ýyl yza burdy. Sadreddin Aýny "Buhara jellatlary", "Buharaň taryhy üçin materiallar", "Dohunda", "Ýetim" we "Ýadygärlikler" ýaly eserlerinde Orta Aziýaň, Buharaň taryhyny, bu ýurdyň halklarynyň durmuşyny suratlandyrýar. Ýazyjy meşhur "Dohunda" romanynda özbek we täjik halklarynyň medeni we rewolýusion oýanyşyny ussatlyk bilen suratlandyrýar. Şuny aýratyn belläp geçmegimiz gerek, başga hanlyklara garanyňda Buhara emirligi Russiýa kän kömek edýär. Esasanam, oňa emir Abdulahadyň maddy goldawy kän boldy. Meselem, 1914-nji ýylda, birinji Jahan urşy döwründe Russiýa ykdysady kynçylyga düşüp, Buhara emiriliginden maddy kömek soranynda Seýit Alymhan rus patyşasy Nikolaý II haýyşyny derhal berjaý edip, Russiýa 10 sany top, 500 sany 5 atar tüpeň, 1500 sany çapgyr at we başga gerekli zatlary ugradýar. Ýöne Orta Aziýa hanlyklary, Buhara emirligi Russiýa bilen näçe gowy gatnaşykda bolsalar bolubersin, aslynda Russiýa imperiýasynyň hökümdarlarynyň niýeti bozukdy. Mysal üçin jahan urşundan iki ýyl geçensoň, çar Russiýasy Orta Aziýa we Gazakystan ülkelerinden arzan işçi çekmek üçin, ýerli halklardan 50 million adamy gurluşyga mejbury işe almaly diýen perman çykarýar. Muňa garşy halk gozgalaňy turanynda şol emiriň sowgat eden top, bäş atar tüpeň we çapgyr atlary özümize garşy ulanylyp, bigünä halkyň gany döküldi. Ýagşylyga ýamanlyk diýileni şu bolsa gerek. Bu Ruslaryň "Möjegi näçe baksaňam, tokaýa ymtylar" diýen nakylyna örän bap gelýär. 1917-nji ýyl oktýabr rewolýusiýasyny, raýatlarynyň urşuny, bäş ýyllyklaryň döwründäki ganly gyrgynçylyklaryň gurbanlaryny, halk heniz unudanok we hiç haçan unutmazam. Mälim bolşuna görä, 1868-nji ýylda Buhara bilen Russiýanyň arasynda baglanyşan şertnamaň esasynda Russiýaň raýatlary Buhara emirligine salgyt tölemekden azat edildi. Ýöne Russiýaly söwdägärlerBuharaň bazarlarynda satan harytlaryndan iki ýarym göterim salgyt hökmäny tölemelidiler. Ýöne soňlugy bilen Nikolaý II döwründe bu şertnama amal etmän, Russiýaly emeldarlar, harbylar Buharada ak patyşanyň wekili hökmünde işläp başladylar. Şol bir wagtda olar Buharaň daşary ýurt bilen, esasanam Hindistan, Hytaý, Owganystan ýurtlary bilen söwda gatnaşyklaryny kesdiler. Buharaň rewolýusiýasy döwründe emir tagtyndan agdarylanda bolşewikleriň tarapynda duran Faýzulla Hojaýewiň ýakyn dosty, döwlet we jemgyýet işgäri Kary Polat Ýoldaşow M.Frunze esgerleriniň Buharany boýun egdirişlerini şeýle gürrüň berýär: "Biz, ýaş buharalylar, 1920-nji ýylyň awgust aýynyň soňlarynda Buhara şäherine ýarym gijede girdik. Gyzykly ýeri, emiriň köşgüne, Arka [3] baranymyzda-da öňümizden ýekeje adamam çykmady. Emiriň gaçyp ýetişendigini aňdyk. Arkyň içindäki otaglaryň birinde çyra ýanyp durdy, çyraň ýanynda-da bir adam otyrdy. Faýzulla Hoja, ony tanady: ol emiriň ýegeni, daýysynyň ogludy. Ol özüni emiriň hazynadary diýip tanyşdyrdy. Aýtmagyna görä, emir bilen gitmäge razy bolmandyr: "Men hazyna bilen kitaplary goraryn",– diýipdir. Ertesi gün Faýzulla meni çagyryp, Frunze bilen emiriň hazynasyny gözden geçirmegimi buýrdy. Frunze, hazynadar we men bir-birden 4-5 otaga girip çykdyk, olarda takmynan 15-20 halta tylla teňňe we uly mukdarda şekilsiz guýma altynlar bardy. Başga otaglar aýallaryň ýakut, göwher ýaly gymmatbaha daşlar bilen bezelen şaý-seplerinden, zer donlardan seýrek gabat gelýän garaköli goýunyň derisinden edilen egin-eşiklerden, patyşlaryň täjinden we gymmatbaha gylyçlardan hyryn-dykyn doludy. Gylyçylaryň arasyndan sapy brilliant we ýakut daşlary bilen bezelenini Frunze örän halady. Ol gylyjy üç sapar dakynyp görüp, ýene ýerine goýdy. Soňky otagyň baýlygy diňe kitaplardan ybarat eken. Frunze näme üçindir otagdan çalt çykdy. Ol biziň adamlarymyza ynanman hazynany goramaga öz esgerlerini goýdy. Şol gün köçeden iki esgeriň ölüsi tapyldy. Olary bolşewikler ýörite öldüripdi. Agşama çenli ölen esgerleriň sany 6-a ýetdi. Kuýbişew Buhara gelen gününiň ertesi emiriň hazynadary atyp öldürildi. Biz aňk-taňk bolduk. Bu waka Frunze bilen Kuýbişew hazyna aýlanyp ýören wagtlary boldy. Hazynadar öldürilensoň, hazynaň açary Frunze bilen Kuýbişewiň eline geçdi. Şol gün Faýzulla Hojaýew içeri işler gözegçiligine: "2-3 adam Arkyň daş-töweregini gözegçilikde saklasyn, şu gije birzatlar bolaýjak ýaly"– diýýär. Maňa bolsa ýakyn wagtda geçiriljek mejlisde tapawutlanan esgerleri orden bilen sylaglamak teklibini bermegi tabşyrdy. Frunze Buhara gelen gününden bäri Arkda ýaşaýardy. Kuýbişew hem Arkda ýaşamagy makul bildi. Biz olara hyzmat etmek üçin adam bermekçi bolduk, näme üçindir ret etdiler. Özlerine wepaly esgerlerden birini saýlap aldylar. Ertesi gün Faýzulla Hojaýew içeri işler gözegçisi bilen uzak wagt gürleşdi. Soňra meň ýanyma gelip: "Gije men pikir eden wakam ýüz beräýipdir öýdýän",–diýdi. Ol öz adatyna görä ýüzbe-ýüz durup gürleşdi. Men ondan: "Nähili waka?” diýip soradym. "Gije Arka «черний зона»dan birnäçe boş arawa gelip, ýük bilen çykyp gidipdir. Hazynany talaýypdyrlar öýdýän"– diýdi. Şol gün biz orden ýasamak üçin altyn gerek diýip Frunzeden hazynaň açaryny aldyk. Girip görsek, bir gijede hazynaň hemmesini diýen ýaly gümläýipdirler. Nirä, näme üçin äkidipdirler bilip-bilmedik.". (I.Hudaýýar. "Faýzullaň armany" "Halk sözi", 1992 ýyl 23 maý). Buhara Halk Sowet Respublikasynyň maliýe gözegçisi wezipesinde işlän Kary Ýoldaş Polatowam Buhara halk gözegçisine näme bolandygyny yzarlap bilmäge bogny ysmandyr. Bardy-geldi, sorag edip hazyna ogrylaryny anyklaýanynda hem ýerli häkimiýet ýolbaşçylarynyň ellerinden hiç zat gelmejekdigi öz-özünden belli zatdy. Emiriň ýerine Frunze, Kuýbişew ýaly gelmişekler hökümdarlyk edýärdi. Şu wakalardan 60 ýyldanam gowurak wagt geçip, baýlyk üçin, halkymyzyň bar ýok gazananyny syryp-süpüryp äkitmek üçin ony açyk-aýdyň masgaralap, biabraý edişlik ýene bir sapar gaýtalandy. 80-nji ýyllarda "Pagta işi", "Özbekleriň işi" bahanasynda Merkez, KPSS yzçy şeýtanlary bolan Gdlýan we Iwanowyň ýolbaşçylygyndaky terroçy jenaýaty agtaryş işgärleriniň ýöreden "kanuny" parahorluk, mafiýaň derdinden näçeden näçe ukyply ýolbaşçy kadrlarymyz we pagta ylmynyň zähmetkeşleri jebir çekdi. Olar zähmetsöýer, myhmansöýer, sahy özbek halkyny mugthorlykda, aldawçylykda, ýaltalykda günäkärläp, bütin respublikamyzy garalap, oň üstüne töhmet ýagdyrdylar. Ýöne aslynda welin, Gdlýan we Iwanowyň boýun alyşlaryna görä, günä göwrede däl, başdady– parahorlugyň başy Merkeze, Kremle baryp direlýärdi. Merkezdäki ýuwdarhalaryň nebsini gandyrmak üçin Orta Aziýa respublikalary gazanjyny olara daşap, merkeze gul bolup ýaşamalydylar. Uzak ýyllar şeýle dowam etdi. Hawa, parahorluk, aldawçylyk we şol merkez bilen gatnaşyklarymyzdaky eden-etdilikleriň asyl başy nireden başlapdy? Ýene taryha ýüzlenmeli bolýarys. Russiýa ak patyşa imperiýasy we gyzyl imperiýa döwründe (1852—1991 ýyl) Türküstany basyp alan Russiýa harbylary, bu ýerdäki hanlyklaryň baýlygyny we zähmetkeş halkyň mülküni talamakdan daşary Orta Aziýaň baýlaryna, hökümdarlaryna we zähmetsöýer halkyna agyr salgytlar saldylar, olardan uly mukdarda sowgat-serpaýlar, paralar alyp durdular. Meselem, Nikolaý II tagta geçmegi mynasybeti bilen 1883 ýylda Orta Aziýadaky üç hanlygyň emeldarlary uly sowgat-serpaýlar bilen Russiýa patyşasynyň huzurynda bolup gaýdypdy . Rus ýazyjysy W. N. Gogol «Ревизор» ýaly eserlerinde parahorluk Russiýada giňden ýaýrandygyny taryhy tipiki şahslar arkaly suratlandyrýar. Bir sapar daşary ýurtda meşhur rus taryhçysy we alymy Karamzinden: – Russiýada ýagdaý nähili?– diýip soranynda ol gysgaça: – Russiýany ogurlaýarlar («воруют»)– diýip jogap berýär. Häzirki günde diňe Russiýada däl, ähli öňki SSSR-iň çägindäki köp ýurtda jenaýatçylyk, ogurlyk mafiýa Karamzin döwründäkiden ýüzlerçe esse köpelendigi ýönekeý hakykata öwrüldi. Geň galaýmaly ýeri bolsa, biziň ýamanlap, gara sürtüp gelen Buhara emirliginiň çäginde ýaşan 3 million ilatdan bary ýogy 10-15 adam ogurlykda günäkärlenip zyndana taşlanan eken. Ogry, kezzap ýok diýerlik derejede az bolanlygy üçin rewolýusiýa çenli Orta Aziýa we Gazakystanda gulp ulanylmaýardy. Ýazyjy Abdylla Kahharyň ýazyşy ýaly, Rus basyp alyşy bize arak bilen gulpy öwretdi. Netijede, ogurlyk çür depä çykdy, dinimiz, däp-dessurlarymyz we ähli gymmatlyklarymyz depelendi. Oktýabr rewolýusiýasyndan soň, 20–50-nji ýyllardaky Staliniň gyrgynçylygy döwründe Orta Aziýa we Gazakystan respublikalarynda müňlerçe bigüna adam pida boldy. Gysgasy, XIX asyryň ikinji ýarymynda harby güýç bilen basyp alynan Orta Aziýa we Gazakystan, ýagny Türküstan Russiýanyň 150 ýyllyk baknasyna öwrüldi. "Ak imperiýa" (1721 — 1917) we W.I. Leliniň guran "Gyzyl imperiýasy" (1917—1991) öz bakna zähmetkeşlerini her tarapdan ýenjip, halkyň maddy we medeni baýlyklaryny merkeze daşamakdan ýadamady. Şuny hem aýratyn belläp geçmegimiz gerek , bir ýarym asyra golaý wagtlap çar Russiýasy we soňky 74 ýyllyk Sowet imperiýasy döwründe Orta Aziýa we Gazakystan ýurtlarynda bigünä gurban bolanlaryň ykbaly we Russiýa daşalan bihasap hazynalaryň hasap-hesibi meselesi henizem açyklygyna dur. Bu meseläni çözmek, paş etmek, hüşgär, batyr, duýgur, akylly, zehinli ýaşlarymyzyň - geljek nesilleriň jogapkärçiligi bolar. Olaryň köne ýesirlik günlerine gaýdyp gelmejekdiklerine hem ynanýarys. –—————————————— [1]Рабфак– SSSR-däki işgärleriň fakulteti [2]Abdylahad ibn Emir Muzaffarhan mangit neslinden bolan Buhara emirliginiň emiri. Seýit Alymhanyň kakasy. [3] Ark– Buhara şäheriniň galasy. Mejit Hasanynyň "Ýurdyň boýnundaky gylyç ýa-da basyp alyşlar" (“Юрт бўйнидаги қилич ёки истило”) (Daşkent. «Adalat». 1997) kitabyndan alnyp terjime edildi. Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |