09:05 Ateist professoryñ musulman bolşunyñ we ilkinji okan namazynyñ hekaýaty | |
ATEIST PROFESSORYÑ MUSULMAN BOLŞUNYÑ WE ILKINJI OKAN NAMAZYNYÑ HEKAÝATY
Geň-taňsy wakalar
Ateist professoryñ musulman bolşuny we ilkinji namaz okaýşyny gürrüñ berýän hekaýat okanlary biperwaý goýmasa gerek. Makala matemika professory Jefferi Langyñ musulman bolanda beren interwýusyndan taýýarlandy. ■ Ateist professoryñ musulman bolşunyñ hekaýaty Gürrüñi edilýän professoryñ musulman bolşunyñ hekaýaty şeýleräk başlapdyr: "San Fransisko uniwersitetinde mugallym bolup işe başlan wagtlarym musulman bir talybym bardy. Ol gowy okaýardy, iñlis dilini suwara bilýärdi. Biz din barada söz açamzokdyk, biri-birimize haýsydyr bir zady subut etmäge çalşamzokdyk. Bir gün ol meni maşgalasy bilen tanyşdyrdy, öýlerine gitdim. Aradan birnäçe wagt geçdi, bir gün olar maña Gurhan sowgat berdiler. Gurhany garşylyklaýyn nukdaýnazar bilen okap başladym. Hakykatdanam okap görmek gerek eken, ýöne düşünmesi kyndy. Kitap meniñ werziş bolan kitaplarymyñ dilinde däldi. Şonuñ üçin ýa oña boýun bolmalydy, ýa-da oña garşy göreşmelidi. Bu göreşde meniñ içimi ýakan bir zadyñ barlygyny duýdum, sebäbi kitabyñ awtory meni menden has gowy tanaýardy. Hamala aklymy süzgüçden geçirip duran ýaly, her gije ýadyma düşen soragyñ jogabyny kitaby her gezek elime alanymda maña açyk-aýdyñ we gutarnykly şekilde öwredýärdi. Ençeme ýyllap kellämiñ içinde emele getiren diwarlarym ýer bilen ýegsan boldy, şübhelerim ýekän-ýekän sypyrylyp düşdi. Bu söweşde ýeñilen tarap mendim. Maña ýeke-täk çykalga galypdy: olam Hudaýa iman etmekdi. Uniwersitetiñ buthanasynyñ bir gatynda musulman talyplaryñ namaz okaýan metjidi bardy. Ýüregimi bire düwüp, ol ýere gitdim we kelemämi öwürdim. Kelemämi öwrenden soñ öýle namazynyñ wagty golaýlaşdy. Metjitde Hasan atly bir gardaş belent heñde azana gygyrdy. Ol iñ öñde durdy, egninde akly-garaly eşigi bardy, öñünde-de penjire, penjireden içerik düşüp duran yşyk... Eý Hudaý, bu meniñ uzak wagtdan bäri görüp ýören düýşüm bilen bire-bir gabat gelýärdi. Men ýene-de düýşümdir öýdüp şübhelenip başladym. Ýok, ýok, düýşüm bolmaga haky ýok. Endamym titräp, gözlerimden boýur-boýur ýaş akýardy. ■ Professoryñ ilkinji namazy Musulman bolan günüm metjidiñ ymamy maña namaz okalyşyny öwredýän kitap berdi. Emma musulman talyplaryñ meni alada edişlerini gördüm. Olar maña: "Gyssanma, özüñi arkaýyn alyp bar, kem-kemden öwrenersiñ" diýdiler. Men öz-özüme: "namaz şolar ýaly kynmy näme?" diýdim-de, talyplaryñ maslahatyna üns bermän, derhal wagtly-wagtynda bäş wagt namazymy okamaga başladym. Ilkinji gezek namaz okamaga synanyşamda ýassy namazyndan başladym. Wagt gijäñ ýarysydy. Kitaby alyp hammama girdim. Kitapda görkezilişi ýaly täret aldym. Täret alyp bolanymdan soñ gapylary-penjireleri ýapyşdyrdym we otagyñ ortarasynda kybla tarapa ýüzümi öwrüp durdum, uludan demimi aldym we uly ses bilen "Allahu Ekber" diýdim. Yns-jynsyñ meni eşitmegini we görmegiji islämokdym. Ýuwaşlyk bilen "Elhamy" we gysga süreleriñ birini arapça okadym. Ikinji tekbirden soñ rukuwa egildim. Rukuwa egilenimde, biraz özümi ýaramaz duýdum, sebäbi men ömrümde ýeke gezek hiç kimiñ öñünde egilen adam däldim. Otagymda özümden başga adamyñ ýokdugy ýadyma düşensoñ arkaýynlaşdym. "Subhane Rabbiýel Azym" diýenimde ýüregimiñ urgusynyñ çaltlaşýandygyny duýdum. Gaýtadan tekbir getirip dikeldim. Ýene sejdä egilmegiñ wagty gelipdi. Sejdä egilmek üçin ellerimi we dyzymy ýere goýanymda doñup galdym. Sejdä egilip bilemokdym! Hojaýynynyñ öñünde başyny goýan gul kimin ýüz-gözümi, burnumy ýere oýkap, özümiñ peslik hasap edýän ýagdaýyma düşüresim gelenokdy. Üstesine aýaklarymy-da epläp bilemokdym. Utanyp ýere giräýjek boldum. Gülkünç ýagdaýa düşendirin öýtdüm. Bu ýagdaýda meni gören dost-ýarlarymyñ, tanyş-bilişlerimiñ öñünde nebsagyryjylykly we ýañsylaýjy hala düşdüm diýip hasap etdim. Dostlarymyñ gülki seslerini eşidýän ýaly müýnürgedim. Bir salym ikirjiñlenip duramymdan soñ uludan demimi aldym-da, başymy namazlyga goýdum, aklymdaky ähli pikirleri bir ýana zyñdym. Ünsümi sowaýjak pikirlere maý bermän ikinji sejdäme-de egildim. Şol wagt öz-özüme "öñümde ýene üç tapgyr bar" diýdim, ýöne başlap taşlamak niýetinem ýokdy. Näme bolsa bolsun edip namazy tamamlamakçdym. Galan rekagatlarda işim añsatlaşdy. Soñky sejdede eýýäm özümi duýşum başgaçady. Iki egnime salam berenden soñ oturan ýerimden turmadym. Yza göz aýlap nebsime garşy giren söweşimi aklymdan geçirdim, bir uly söweşden çykanymy duýdum, soñra başymy öñe egip: "Allahym, öñki bolşum üçin meni bagyşla, uzak ýerden ýol aşyp geldim, entek öñümde aşmaly uzyn ýol ýatyr" diýip, dileg-doga etdim. Şol wagt öñ başdan geçirip görmedik bir ahwaly başdan geçirdim. Muny söz bilen beýan etmek mümkin däl. Endamymyñ, ýüregimiñ bir ýerinden süzülip çykyp, manysyna düşünmekden ejiz gelýän bir sowuk güýç gaplap aldy. Şobada irkilip galypdyryn. Endamyma ýaýran güýçden zyýada duýgularymy gipnozlap goýdy. Görnüp guran rehmetiñ barlygyny duýdum. Bu rehmet soñra içime aralaşyp, içimde lakyrdap gaýnap başlady. Yzyndanam hiç bir sebäpsiz aglamaga başladym. Gijesi bilen başyk egik halda dyzymyñ üstünde sarsman oturdym. Aglap içimi gowzadansoñ, bolýan zatlary akyl ýoly bilen düşündirmegiñ mümkin däldigine göz ýetirdim. Şol wagt meniñ akyl ýetiren ýene bir zadym: meniñ Hudaýa we namaza juda mätäçdigim baradaky hakykat boldy. Ýerimden turmanka şu dilegi etdim: "Allahym, indi meni küpüre girmäge het etsem, meni ol küpüre girmänkäm öldür we meni bu durmuşdan alyp çyk. Ýalñyşman, büdremän ýaşamagyñ juda kyndygyny bilýärin. Emma şuny has gowy bilýärin: ýekeje günem bolsa Sensoz ýaşamak, Seniñ barlygyñy inkär etmek mümkin däl". @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |