20:13 Aýallar, telekeçilik we ellerinden tutmak | |
AÝALLAR, TELEKEÇILIK WE ELLERINDEN TUTMAK
Maliýe we ykdysadyýet
Göwnümize bolmasa, zenanlaryñ telekeçiligi boýunça her ýurtda giñ gerimli maksatnamanyñ bolmagynyñ gerek bolşy ýaly gelin-gyz we telekeçilik pudagynda kemçiliksiz we birleşen arap strategiýasy-da bolmaly. Telekeçilik düşünjesi hemmeleriñ telekeçi bolmagy üçin düwmä basyp, muny oñarmagynyñ ýeterlikdigi öñe sürülen görnüşde häzirki ykdysady ösüş beýanatynda güýçli formada ýerini alýar. Aslynda telekeçilik düşünjesiniñ teklip edilen ösüş strategiýalarynda belläp geçmäge mynasyp orun tutmagy gowy zat. Hem munuñ özi umytsyz zerurlygymyz bolan täze ykdysady sözlüge üns bermegiñ subutnamasy. Ýöne bu üns telekeçiligiñ hemme zatdan ötri medeniýet, bilim-terbiýe we kemala getirme meselesinde çuññur tapawutlylyk bilen bir hatarda derwaýys. Telekeçilik özbaşdak taryh we kabul etmedir (восприятие). Şonuñ üçinem telekeçilige medeniýet we ýetişdirilme bilen ilteşikli käbir problemalar arkaly päsgel berilýär. Elbetde, telekeçiligi höweslendirme işini oñlamagyñ gutulgysyzdygyna şek-şübhe ýok. Aýratynam häzirki wagtyñ ýurtlary erkek raýatlarynyñam, aýal-gyzlarynyñam iş üpjünligini kanagatlandyryp bilenok. Munuñ çykalgasy giñ möçberli ýörite inisiatiwada, özüñe ynam etmekde, hyýaly güýjüñi we döredijiligiñi erkinleşdirmekde. Şol sebäpli telekeçilik medeniýetini höweslendirmek işsizlik faktoryny we üpjünçiligini çözgüdini ele almagyñ özenini düzýär. Häzir ýurtlarymyzda telekeçilik boýunça artýan oñyn çykyşlara şu görnüşde düşünmeli. Ýurtlar iş tapma babatda diñe döwlete bil baglama medeniýetinden iş mümkinçiligini döretmegi pikir etmäge we ruhlandyryjy, özüne çekiji, düşewüntli taslama işläp düzmäge geçişiñ tapawudyny bilýändiklerinden şeýle geçiş ähli kynçylyklary we bökdençlikleri bilen birlikde deñligi we goldawy talap edýär. Munuñ özi bir bitewilikde telekeçilik müddetindäki tehniki goldaw, elýeterli kredit we beýleki esasy ugurlaryñ kynçylyklarynyñ hötdesinden geleniñde mümkin bolýar. Birnäçe ýurt muña düşündi. Döwletiñ rolunyñ iş üpjünçilik çeşmesi bolmakdan zyýat telekeçiligi añsatlaşdyryjy şertlere bakan süýşmäge başlamagy bilen bir hatarda halkyñ telekeçilik synanyşygyna girişmegini üpjün edip biljek añsatlaşdyryjy çäreler kesgitlendi. Serişde taýdan gerekli goşmaça kreditler, enjamlar üçin gümrük ýeñillikleri, aýratynam başlangyç taslamalarda salgyt ýeñillikleri we başgalar döwletiñ iş ýörediş wezipesi üçin alternatiw goldawdyr. Aýratynam şu hususda mümkin bolan iñ az bökdençlik bilen iş orunlaryny döretmek üçin raýatlara alternatiw ýollary hödürlemegiñ zerurdygyna düşünmek gerek. Häzir hiç bir ýurduñ bir ýandan elini uzatma, bir ýandanam gerekli ýeñillikleri, höweslendiriji we oñaýly şertleri üpjün etmän raýatynyñ iş üpjünçiliginden elini çekmegi mümkin däl. Höweslendiriji oñaýly iş şertlerini döretmezden şowly we gönençlu telekeçiligi ýola goýup bolmaz. Umuman alanda ýagdaý-a şeýle. Ýazgymyzyñ iñ jan alyjy ýeri bolan telekeçilik bilen baglanyşykly aýal-gyzlaryñ we arap ýurtlarymyzyñ üstünde aýratyn durup geçeliñ. Şonsuzam aýal eýeçiligindäki kärhanalaryñ hemmesini diýen ýaly telekeçiligiñ üstünde anyk erkek agalygyny obýektiw ýagdaýda soñlandyrmagymyzy üpjün etjek görnüşde garaşylýandan pes hasaplaýarys. Munuñ özi düşünip boljak gegemoniýa. Emma düşünişmek şeýle gegemoniýany üýtgetmek we azyndan birinji tapgyrda ony gowşatmak üçin gerekli meýilnamany doly taýýarlamagy üpjün edýär. Aslynda zenan hak-hukuklaryndan söz açanda möhüm meselelere üns berýäris, ýöne iñ möhümlerini-de gözden sypdyrýarys. Deñligiñ iñ möhüm ölçegi beýleki ähli ugurlara awtomatiki ýagdaýda täsirini ýetirip bilýän ykdysady deñlikdir. Aýal-gyzlaryñ arasyndaky işsizlik derejesiniñ erkeklere garanda has ýokardadygy görnüp durka, deñlik hakda edilýän gürrüñler hiç ynandyryjy bolanok. Täze jemgyýetçilik medeniýeti we iş durmuşundaky erkek gegemoniýasy astynda alternatiw ykdysady saýlaw hökmünde telekeçilik hakda kanagarlanarly ýekeje-de çykyş ýok. Şu nukdaýnazardan seredilende mesele diñe hususy telekeçilik we telekeçilik pikirini höweslendirmek bilen baglanyşykly däl. Aýallary pudaklarda telekeçi bolmaga höweslendirmek üçin edilmeli işler entek köp. Telekeçilik ulgamyndaky pozisiýalaryny güýçlendirmegiñ girdeji paýlaryny artdyrmak manysyny añladýandygyna düşünmegiñ özi-de şulardan biri. Girjedi paýlanşygy kadaly ýola goýlanda häzir ugrunda göreşip ýören hak-hukuklarymyzy talap etmegiñ geregi ýok. Girdejiñ ýarysyna eýelik edýän biri kararyñ ýarsyna we şärikdeşiniñ eýelik edýän ähli hak-hukuklaryna-da eýe bolýar. Ýöne girdejide deñligi üpjün edäýmek añsat däl. Telekeçilik medeniýetine bil baglamak we aýal-gyzlary bu medeniýete gyzykmagyna höweslendirmek gerek. Sebäp şeýle edilmese, aýal-gyzlaryñ arasyndaky işsiz aýallaryñ sany öñküsinden has köpeler. Bu bolsa, elýeterli kredit we ýer eýeçiligi bilen birlikde iki essä çykarylan aýratyn ýeñillikli öñüni alyş işleriniñ geçirilmegini talap edýär. Göwnümize bolmasa, zenanlaryñ telekeçiligi boýunça her ýurtda giñ gerimli maksatnamanyñ bolmagynyñ gerek bolşy ýaly gelin-gyz we telekeçilik pudagynda kemçiliksiz we birleşen arap strategiýasy-da bolmaly. Gelin-gyzlara ýörite ugurlary açyp beren "Raidat" maksatnamasy arkaly Tunisde netijeli işleri ýola goýýarys. Arap ýurtlarynyñ her birinde "Raidat" maksatnamasynyñ bolmagyny isleýäris. Şowlulyk hekaýalary biziñ üçinem, dünýä üçinem şoderejede täsirleýji bolar... Emel MUSA, Tunisli ýazyjy, şahyra. Duşenbe, 26.02.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |