14:53 Halkara Zenanlar güni: Bir aýlap dowam eden gün | |
HALKARA ZENANLAR GÜNI: BIR AÝLAP DOWAM EDEN GÜN
Publisistika
Zenan meselesiniñ üstünde ählitaraplaýyn durlan güni bütin dünýäniñ Halkara Zenanlar gününi bellemekden el çekjek güni bolar. Gürrüñ aýal-gyzlar barada bolansoñ, çaga dogurmak wagta-da täsirini ýetirýär. Sowalymy anyk we gysga görnüşde bereýin: - Arap zenanlarynyñ statusynda öñe gidişlik göze ilýärmi? Arap sosial-medeni sistemasy zenanlaryñ statusynda, oýnaýan rolunda we hak-hukuklarynda emele gelen üýtgeşmeleri näderejede oñlady. Içie rasionallaşan oñyn çemeleşmeli bu sowaly berenimde ýeke arap aýalynyñ ýokdugyny, gaýtam tersine, arap aýallarynyñ bardygyny we arap ýurtlaryndaky aýal-gyzlaryñ ýagdaýlarynda kada-kanunlar, hak-hukuklary we jemgyýetde oýnaýan rollary taýdan tapawutlylyklar bardygyny doly bilýäris. Emma şertlerdäki baglanyşykly tapawutlylyklar ähli arap we yslam dünýäsindäki barça arap aýal-gyzlarynyñ statuslarynda kwalifikasion üýtgeşmä şaýat bolunandygy hakykatyny üýtgedip bilmez. Munuñ özi özbaşyna oñyn hakykat bolup, üstünde durulmaga we bir zatlar ýazylmaga mynasyp. Çünki bu dürli-dürli çaltlyklarda-da bolsa, ýakynlaşyp gelýän esasy hereketiñ buşlukçysydyr. Elbetde, ýurtlarymyzda heniz birgiden problema çözgüt tapylmaýandygyny inkär edip bolmaz. Netijede, zenan işçiler şindizem iş üstünde bolup geçýän heläkçiliklerde aradan çykýar. Birnäçe ýurtda erkeklere we aýallara berilýän hak-heşdekler deñ däldigine galýar. Jemgyýetlerimizde şindizem sögünçdir urgynyñ aşagynda ýaşaýan aýallar we gyz çagajyklar bar. Bularyñ sany barha artyp barýar we muny bassyr-bussyr etmän aýtmagyñ hiç hili aýby ýok. Arap dünýäsinde okap-ýazyp bilmezlik erkeklerden has beter aýal-gyzlara zyýan berýär. Kämillik ýaşyna ýetmänkä durmuşa çykarmak we inkär edip bolmajak başga-da birnäçe ýaramaz faktor bar. Şol sanda, jemgyýetlerimizde aýal-gyzlar bilen baglanyşykly her ýaramaz faktory aç-açan agzamagyñ ösdüriji, gowulandyryjy we tankydy taraplarynyñ bardygyna ynanýarys. Çünki faktoryñ we ýagdaýyñ kesgitlwnmegi tapawutlylyk derejesindäki ösüşiñ subutnamasydyr. Şumat ýaramaz hasaplaýan we nägilelik bildirýän zadymyz miras alynan medeni sistemamyz nukdaýnazaryndan oñyn zatdyr. Şonuñ üçin aç-açan we gönümel görnüşde meseläniñ kesgitlenmegi çözgüdiñ ýarsydyr. Umuman alanda ýokary gatlaklaryñ we halkara jemgyýetçiliginiñ gözüne ilip ugran anyk bir zat bar: häzir arap ýurtlaryndaky aýal-gyzlaryñ peýdasyna ýetilen sepgitler möhüm we üns berilmäge mynasyp derejä çykdy. Munuñ özi ýoluñ kesgitlenendigini we aýal-gyz meselesiniñ hukuk, kanuny we ykdysady taýdan üstünde durulmalydygyny görkezýän kararlylygyñ dogry ýoldadygyny görkezýär. Oñyn hasap edilmeli zat üýtgeşmäniñ jemgyýetlerimizdäki elitalardan çykmagydyr. Arap ýurtlarynyñ garaşsyzlyk alan wagtyndan bäri häzire çenli aýal-gyzlara bilim berlişi boýunça ýetilen sepgitler aýal-gyz meselesinde jemgyýetçilik üýtgeşmäniñ üpjün edilmegine köp derejede goşant goşan kwalifikasion öwrülişikler bilen soñlanypdyr. Has anyk aýdanda, aýal-gyzlaryñ öz statuslaryny üýtgetmek ugrundaky göreşleri şeýle bir ähmiýetleri welin, ýetilen sepgitler üçin aladalanmagyñ geregi ýok. Beýleki bir ýandan häzir dünýä yglan edilmedik ýaryşyñ içinde. Jynsy diskriminasiýa ýol bermezlik babatda iñ öñe giden ýurt aýal-gyzlary we gyz çagajyklary maddy taýdan güýçlendirmegi we urup-ýençmelere garşy göreşmegi goldaýan halkara haýyr-sahawat guramalarynyñ goldawyna iñ mynasyp we kanuny kapitalyna öwrüldi. Başgaça aýdanda, aýal-gyzlaryñ statusynyñ gowulandyrylmagy we olaryñ jemgyýetçilik aktýorlary hökmünde bir zatlary başarmagyna päsgel berýän meseleleriñ üstünde durmak boýunça öñe gidilmegi BMG-nyñ 2030-njy ýyla çenli dowam etdirip boljak Ösüş meýilnamasynda bellenen kriteriýalaryñ arasynda ýer alýar. Oñyn jemgyýetçilik üýtgeşmesiniñ bolup geçýändigi we munuñ gündogaryndan günbataryna çenli külli arap dünýäsinde amala aşýandygy hakykat. Munuñ özi kwalifikasion üýtgeşmäniñ amala aşmaga başlandygyny we syýasat bilen meşgullanmagyñ erkekleriñ monopoliýasynda bolmagynyñ yzyndan arap aýal-gyzlarynyñ karar kabul etme pozisiýalaryna syýasy gatnaşyklaryñ artmagy-da dahyllylykda görkezijileriñ sanlaýyn we ölçäp boljakdygyny görkezýär. Şeýle bolansoñ, Halkara Zenanlar gününde hakykatlary bukman arap zenanlarynyñ statuslarynyñ ýokarlanandygyny, islendik zat babatda özi karara gelip bilýändigini we galanynyñ erk-erada hem-de göreş tejribesini talap edýän medeni göreş we jemgyýetçilik praktikasy bilen baglanyşyklydygyny aýdyp bolar. Halkara Zenanlar gününde bulguryñ doly tarapyny övmeyi ihmal etmezken, şol bir wagtyñ özünde şu güni pursat peýläp, üýtgeşme ýoluna, hususanam ykdysady ugurda şindizem batyrgaýlyk bilen dyrjaşmak gerekdigini boýun alýarys. Munuñ özi ýurtlarymyzyñ ýüzbe-ýüz bolan iñ uly bökdençligi. Şuny ýeñip geçenimizde üýtgeşmelerde ýokary çaltlyk bolup geçer. Zenan meselesiniñ üstünde ählitaraplaýyn durlan güni bütin dünýäniñ Halkara Zenanlar gününi bellemekden el çekjek güni bolar. Munuñ iñ gowy delili erkeklerdir: Dünýä, heý, Erkekler gününi belleýärmi? Emel MUSA, Tunisli ýazyjy, şahyra. Şenbe, 04.03.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |