00:39 Aýdymçysumaklar | |
Ýaş aýdymçylaryň dykgatyna
Aýdym-saz sungaty
AÝDYMÇYSUMAKLAR Hakyky sungat eseriniň täsiri ömür boýy ýatdan çykmaýar. Hawa, hakyky sungat eseriniň bahasyna ýetme ýok. Çyn sungat milletiň adyny arşa göterip, hakydalarda hemişelik galýar. Garaşsyzlygymyzyň gazanylmagy bilen zehiniňi görkezmäge ähli ýollar açyldy. Hut şu erkinlik ýyllarynda ýüze çykan aýdymçylarymyz, Hudaýa şükür, sanardan kän. Ýöne çyn sungatyň gadyry başga, ol ýoýulmasa ýagşy. Emma.. Soňky ýyllarda ses ýazýan studiýalaryň köpelmegi bilen her dürli aýdym-saz ýazgyly audiokassetalaryň sany-da barha artyp başlady. Muny erbetlige ýorup bolmaz, sebäbi aýdymyň eşidilýän ýerinde şatlyk hem bolýar, parahatçylyk hem. Ýöne biz şu makalada “Degene gözüm menden däl” edip, ýetişibildiginden täze-täze aýdym ýazgylaryny çykarýan käbir aýdymçylaryň aýdymynyň many-mazmuny barada durup geçmekçi. Sebäbi towugyňa tok diýilmese-de, çenden çykmaly däldir. Ynha, “Gamma rekords” studiýasy “Altyn asyr” ady bilen birnäçe magnit albomlary ýaýratdy. Şol ýazgylardaky käbir aýdymlardan özboluşly aýdym “söweşiniň” ysy duýulýar. Mekan Ýazmyradow, Kakaw Öwezow, Nurmuhammet Meredow, Merdan Dönmezow, Laçyn Mämmedowa, Gözel Annamuhammedowa, Laçyn Hajyýewa, Döwran Saparow, Şirin Pälwanowa ýaly aýdymçylaryň aýdýan aýdymlarynyň aglabasynyň many-mazmuny gülkünç. Merdan Dönmezowyň aýdymlaryndan bir mysal: Dostum kaşeý Döwran, sesiň derde derman, Ýöne dollar bermän ynjytdyň Nuryny. Çeker gyzlar arman didaryňdan doýman, Olara ýüz bermän sen aýdymda diýdiň. Dogrusy, şu sözlerden köçe gürrüňleri-de oňat ýaly bolup dur. Bagşy halky köpüň adamy bolýar. köpçüligiň göwnünden turmak üçin döredýän zadyň, aýdýan aýdymyň üstünde köpräk işlemek derkar. Her bir aýdym, her döredijilik önümi sungata täze bir öwüşgin çaýmaly. Emma ýokardaky ýaly aýdymlary diňläniňde, şeýle döredijiligiň sungata sütemden başga zat bermeýändigine göz ýetirýärsiň. Aslynda auidokassetalara ýazgy edilýän aýdymlara gözegçilik edýän ýörite guramalaryň bolmagy hökman. Şeýle bimany öszli aýdymlaryň halk arasyna ýaýradylmagynyň öňüni nädip alyp bolarka? Ine, şy kysmyrak pikirler bilen biz türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň halk artisti Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Jemal Saparowa ýüz tutduk. Belli aýdymçymyz bize şonda şeýle gürrüň berdi: - Şahyrymyz aýdyp geçipdir-ä: Gündogar bagşysyn diňle Günbatar, Diňlärçeräk bardyr dili türkmeniň – - diýip. Dogrudan-da, biziň aýdym-saz sungatymyz diýseň çuňdan gaýdýar. Siziň sowalyňyza jogaby bolsa soňky döwürde göni, öz sesi bilen aýdýan aýdymçylaryň azalmagy bilen düşündirip bolarmyka diýýän. Eýsem, magnit albomlaryna ýazgy edilýän aýdymlar nähili ýerine ýetirilýändir öýdýärsiňiz?! Özüňiz pikir edip görüň, her gün bir bölegini ýazgy edip, bir aýdymy dört-bäş günde ýazgy edip gutarýan aýdymçylar kän. Onsoň şolar ýalylar sungaty nädip ösdürsin?! Iki-üç günläp bir aýdymyny ikilenç gaýtalaman aýdyp bilen çyn bagşylarymyz biziň aslymyzda bolupdyr. Indi bolsa fonogramma, kompýuter diýip bir zat çykardylar, hakyky aýdymçy bilen zoraýakdan aýdymçy boljak bolýanlary tapawutlandyrar ýaly hem bolmady. - Jemal, käbir aýdymlaryň sözlerini diňläniňde olaryň ýerine ýetirilişi hakynda gürrüň edip oturasy işiň hem ýokdugyna göz ýetirýärsiň. Aýdymlaryň sözleri hakyndaky pikiriňiz? - Dogrudan hem diňe magnit albomlaryndaky aýdymlar däl, telewideniýede ýerine ýetirilýän köp aýdymlaryň sözleri-de suwjukdan boş manyly. Aslynda-ha aýdymçylaryň özlerinden gerek welin, ýöne telewideniýede-de ýörite şu zatlara seretmek üçin aýlyk alyp oturan adamlar bar. Ine, şolaryň aladalanmagy zerur. Zehinli bagşymyz Jemal Saparowanyň aýdanlaryndan ugur alyp, biz telewideniýäniň aýdym-sazly we şowhunly gepleşikler toparynyň ýolbaşçysy Annamämmet Annamämmedow bilen gürrüňdeş bolduk. Men seni söýdüm, Ugruňda köýdüm, Janymy berdim, Gelsene ýar – diýen ýaly haýsy tarapa barýany belli bolmadyk sözlerden bu günki estrada aýdymlarynyň ýüki ýetik. Näme üçindir şeýle bimany aýdymlaryň efire gidýändigine, onuň soňuna nähili ýagdaýda çykyp boljakdygyna ol jogap bermekden saklandy, has takygy hiç hili jogap berip bilmedi. Telewideniýede gepleşikleriň, konsertleriň sözlerine seredýän ýörite işgäriň bolmalydygyny ýaňzydanymyzda bolsa, ol şol işgäriň kimdiginden hem bihabardygyny gizläp oturmady. Türkmenistanyň halk artisti, belli kompozitorymyz Rejep rejebow bilen gürrüňdeşligimiz hem şu janagyryly mesele barada boldy. - Rejep aga, mundan 10-15 ýyl ýyl ozal aýdymlaryň sözlerine, sazyna, gurluşyna seredýän ýörite guramalaryň, toparlaryň bolandygy hakynda aýdýarlar. - Dogry. Şol wagtky kompozitorlar birleşiginde bütin agzalar bolup hepdede bir gezek maslahat edilerdi. Şonda-da täze aýdymlar diňlenilip, olara ähli taraplaýyn baha berlerdi. Diňe toparyň belli bir netijä gelip, beren razylygyndan soňra şol aýdym köpçülige eşitdirilerdi. - Häzir ýagdaý nähili? - Häzir beýle däl, efire konsert gepleşigini taýynlaýan ýörite redaktorlar bar, şolar ähli zada jogap bermelidirler. Redaktorlaryň aýdym-sazdan, onuň sözlerinden oňat baş çykaryp bilmegi şeýle geleňsizlikleriň öňüni alyp biler. - Audiokassetalarda ýazgy edilýän aýdymlar hakynda nämeler aýdyp bilersiňiz? - Häzir ses ýazýan hususy studiýalar köpelipdir. Olarda ýazgy edilýän aýdymlaryň sözleri aýdymçylaryň we studiýalaryň ýolbaşçylarynyň diňe öz ynsabyna bagly bolup durýar. Ýöne aýdymlaryň bimany sözlerinden başga-da, häzir başga bir hökmany öňi alynmaly ýagdaý ýüze çykdy. Ol hem ogurlyk aýdymlar. Başga milletleriň aýdymlaryny öz sözlerimizde öz aýdymlary ýaly aýdýan aýdymçylara “haý” diýilmese, türkmen sungatyna sütem üstüne sütem edildigi bolar. Ogurlyk aýdymlary ýerine ýetirmek dogrusyny aýdanyňda, aç-açan jenaýatdyr. Eýsem, sungaty şeýle gömelteý döredijilikden halas etmek üçin näme etmeli? Şular ýaly sungata ysnat getirýän manysyz aýdymlaryň öňüne nähili böwet basyp bolar? Muny şu hili ýolar bilen rejeläp bolmagy mümkin: Birinjiden, aýdymlaryň sözleriniň manysynyň şahyrana aýratynlyklarynyň sazlaşygynyň ýörite gözegçilige alynmagy hökman. Ikinjiden, milli telewideniýede-de, radioda-da başga milletleriň aýdymlarynyň heňine türkmen aýdymlarynyň salynmagynyň öňüni almaly. Üçünjiden, aýdymlary ýazgy edýän studiýalaryň döwlet gözegçiligine alynmagyny gurnamaly. Diňe şu işleri doly we dogry berjaý edenimizde, onda täze eýýamymyzyň sungaty milli baýlygymyz bolup biler. “ADALAT”. “Adalat” gazeti, 14.07.2000 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||