20:31 Aýralyk mukamy / halk hekaýaty | |
AÝRALYK MUKAMY
Aýdym-saz sungaty
Türkmeniñ köp asyrlyk baý taryhy ösüşinde toplan ruhy medeniýetiniñ gymmatly hazyna deñärlik bölegi-de ~ aýdym-saz sungatydyr. Köp nesilleriñ gündelik çeperçilik isleglerine hyzmat eden bu sungat biziñ günlerimizde-de halkymyzyñ medeni durmuşynda öz mynasyp ornuny tutup gelýär. Onuñ kalbyña täsir ediş güýji birjik-de egsilmeýär. Geçmişde döredilen aýdymdyr sazlary ýazga geçirmek mümkinçiliginiñ bolmanlygy sebäpli, indi olary diñe biziñ günlerimize gelip ýeten ýatlamalar arkaly dikeltmek mümkinçiligi galypdyr. Esasanam, aýdymdyr sazlar dilden-dile, elden-ele geçip, biziñ günlerimize gelip ýetipdir. Köp halatlarda aýdym-sazy döredenler barada doly maglumatlar-da ýok. Elbetde, döredilen her bir aýdymyñ, sazyñ añyrsynda kim-de bolsa, anyk bir şahyryñ, bagşynyñ ýa-da sazandanyñ bardygyna şübhelenmese bolar. Şeýle sazlaryñ biri-de Amangeldi Gönübegiñ döreden "Aýralyk mukamydyr". • "Aýralyk mukamynyñ" döreýiş taryhy Tomus aýlarynyñ bir güni günüñ günortadan soñ Ahalyñ hany Nurberdi han birnäçe adam bolup, sazanda Amangeldi Gönübegiñ gapysynda atdan düşdi. Olaryñ atlary tutuldy. Han bilen gelenler Ahalyñ atly-abraýly adamlarydy. Hanyñ myhmançylyga geljeginden Amangeldi Gönübek bihabardy. Ol myhmanlary daş işikde garşy aldy. Nurberdi hanyñ hiç bir sebäpsiz myhmançylyga gelmänini Amangeldi Gönübek añýardy. Ýöne ol: "Myhmandan näme iş bilen geldiñ?" diýip soramak biedeplik bolar. Ata-babalarymyz "Sabyrly gul dura-bara şat bolar" diýipdirler. Menem birden gyssanybermäýin. Wagty gelende hemmesi aýan bolar" diýip, içini gepletdi. Nurberdi hanyñ birnäçe adam bolup myhmançylyga gelenini eşiden Amangeldi Gönübegiñ hossarlary, oba adamlary olar bilen salamlaşmak üçin gelip başladylar. Mal soýuldy, gazanlar ataryldy. Çaý başynda Nurberdi han Amangeldi Gönübege ýüzlendi. - Amangeldi göni, biz-ä maslahatlaşyp şu gün ýörite seniñ sazyñy diñlemäge geläýendiris. Amangeldi Gönübek: - Han, gelen bolsañyz, örän gowy edipsiñiz, muña örän şat. Ýogsa-da islän wagtyñ hemmäñiz bilen duşuşybam bolanok, başyñyzy bir ýere jemläbem bolanok. Saz diñlemekçi bolsañyz, onuñ işi añsat-la. Diñlejegiñiz saz bolsun - diýip, oña jogap berdi. Içinden bolsa ol: "Nurberdi han, saz diñlemäge geldik diýýär-ä welin, öz-ä başga iş bilen gelen bolsañ gerek" diýip pikir etdi. Soñra ol eline dutaryny aldy-da, ony ak keçeden edilen gabyndan çykardy, pessaýrak düzdi we saz çalmaga başlady. Nurberdi han tirseginiñ aşagyna goşa ýassygy goýup, üns berip diñledi. Amangeldi Gönübegiñ öýüne gelýänler gitdigiçe köpelýärdi. Olar hem tapan ýerlerinde orun tutup, saz diñleýärdiler. Saz çalmaklyk uzaga çekdi. Gije ýarym bolanda, Amangeldi Gönübek oturanlara "Balsaýat" sazyny çalyp berdi. Şondan soñ adamlar öýli-öýüne gaýtdylar. Ertesi çaý-nahardan soñ Nurberdi han näme sebäp bilen Amangeldi Gönübegiñkä gelendiklerini onuñ hossarlaryna we bu ýere gelen obadaşlaryna mälim etdi. - Hormatly adamlar, özüñiz bilýäñiz, Amangeldi Göni köp ýyllaryñ dowamynda özi ýaly ýaş ýigitlere baş bolup, eli gylyçly, arkasy dutarly, ulular bilen bir hatarda, üstümize talañçylyk etmäge gelýän duşmanlar bilen bolan söweşlere ençeme gezek gatnaşdy, gaýduwsyz söweşdi. Ol özüni batyr adam hökmünde tanatdy. Duşmanlar oba talañçylyk etmäge ugranlarynda şol obada Amangeldi Göniniñ bardygyny bilseler, şol oba milt edip bilenoklar. Ýöne biz indi maslahatlaşyp, oña atdan düş-de, mundan beýläk saz bilen meşgul bol diýmegi makul bildik. Oña derek söweş etmäge Ahalda başga ýigit tapylar. Amangeldi saz üçin dörän adam. Aýdym-sazy bolmadyk halkyñ ruhy pes bolar. Biz sazandamyzy goralyñ, adamlar. Ýöne, şonuñ üçin hem biz Amangeldi Gönä atdan düş-de, mundan beýläk bar güýjüñi, ukybyñy, bütin ömrüñi saza bagyş et diýmegi makul bildik. Esli wagt oturanlaryñ hiç birinden ses çykmady. Nurberdi hanyñ beren maslahaty hemmeler üçin garaşylmadyk bir zat boldy. Han beýle meseläni orta atar diýen pikir Amangeldi Gönübegiñ ýatsa-tursa asla kellesine-de gelmeýärdi. Şonuñ üçin hem bu teklip ony oñat oýlanmaly etdi. Esli wagt pikir edip oturandan soñ, Amangeldi Gönübek Nurberdi hana ýüzlendi. - Nurberdi han, edýän aladañyz üçin tañryýalkasyn. Ýöne ýurduñy, halkyñy, onuñ ar-namysyny goramagam ýönekeý bir iş-ä däl. Obada aýallaryñ arasynda saz çalan bolup ýörsem, maña näme diýerler? Bu erkek adam üçin namartlyk bolmazmy? Haýyrly iş etjek bolup, ile gülki bolaýmalyñ? Nurberdi han: - Amangeldi, seniñ şeýle diýjegiñi bilip, biz bu maslahaty ýaşulular bilen mazaly bişirdik. Indu maslahaty yzyna gaýtarmak niýetimiz ýok. Onsoñam, her adam öz ýerinde bolsa ýagşy. Oturanlaryñ käbiri hanyñ maslahatyny makul bilse, beýlekileri muña başgaça düşündiler. Hemmetaraplaýyn pikir alşylanyndan soñ, Amangeldi Gönübek Nurberdk hanyñ we onuñ ýanyndaky adamlaryñ beren maslahatyny kabul etdi: Nurberdi han: - Sazanda, biziñ beren maslahatymyzy kabul edeniñ üçin biz senden razy. Gerek ýerinde seniñ dutaryñ egri gylyjyñ ornuny tutýanlygyny-da biz bilýäris. Şonuñ üçin hem atdan düşýäniñe namys etme - diýip seslendi. Ertirden bäri edilýän gürrüñleri üns berip diñläp oturan Amangeldi Gönübegiñ inisi Peleñ oturanlara ýüzlendi: - Han aga, adamlar, gürrüñiñize goşulýanym üçin meniñ günämi ötüñ! Han agamyzyñ: "Erkek göbeklisi bolan her bir öýden atly-ýaragly bir ýigit başa ýowuz iş düşende kömege gelmäge, duşmana gaýtawul bermäge hemişe taýýar bolmalydyr" diýen sargydy meniñ ýadymda. Şonuñ üçin hem eger agam atdan düşüp, mundan beýläk saz bilen meşgullanmaly bolsa, onda onuñ ornuny söweş meýdanynda men tutaryn. Amangeldi Gönübek: - Berekella inim, är sözüni aýtdyñ. Ýöne bilip goý. Ata çykyp ýurduñy gorajak bolsañ, hemişe halal işiñ haram işden, sogap işiñ günä işden tapawudyny seljermeli bolarsyñ. Ejize ganym bolmak namardyñ işi. Mert ýigit mertlerçe iş etmelidir. Gylyjyñy ýeri gelende gynyndan çykarmalydyr. Ertesi gün namartlyk edip, iliñe namys getirjek bolsañ, häzir şu ýerde aýt, soñ giç bolar. Ýigide hemişe gyzgyn ýürek, sowuk kelle gerekdir. Ol ölçäp biçmäni-de başarmalydyr. Parasatly hem saýhally bolmalydyr. Ýeri gelende geçirimlilik etmek hem är işi - diýip aýtdy. Soñra bolsa Amangeldi Gönübek öýüñ dulunda asylgy duran gylyjyny aldy-da, inisine uzadyp, ýene-de seslendi: - Inim, Nurberdi hanyñ we beýleki oturanlaryñ öñünde men öz gylyjymy uly buýsanç bilen saña gowşurýaryn, kabul et Peleñ gylyjy kabil etdi. Şol gün Nurberdi han, onuñ ýanyndaky adamlar Amangeldi Gönübek, onuñ hossarlary we oba adamlary bilen hoşlaşyp, obalaryna dolandylar. * * * Peleñ ýaş-da bolsa, köp söweşlere gatnaşdy. Hossarlarynyñ, obadaşlarynyñ ýüzüni gara etmedi. Şol söweşleriñ birinde Peleñ talañçylyk etmäge gelen duşmanlaryñ ikisini ýesir aldy. Olaryñ ellerini atyñ tanapy bilen arkalaryna dañyp, öñüne salyp, oba alyp geldi. Peleñ: - Agam, bular-a düýnki bolan söweşde ýesir aldym. Öýde hyzmarkär edinip saklaýsam diýýän - diýip, Amangeldä ýüzlendi. Amangeldi Gönübek: - Inim, bu pikiriñden el çek. Gowy bolsalaram, erbet bolsalaram bularam bir bendäniñ çagasydyr. Öýleri, ata-eneleri, belkäm, maşgalalaram bardyr. Goýber, goý gaýtsynlar öýlerine. Öz iýjek çöregiñi özüñ gazansañ halal bolar, bereketi has köp bolar - diýdi. Peleñ: - Ýok agam, bulary goýberip bolmaz, goý günälerini hyzmat edip ýuwsunlar - diýip, jogap berdi. Şeýlelikde, iki ýesir Peleñiñ gapysynda hyzmatkär bolup işläp başladylar. Olar buýrulan ýumuşlary birkemsiz ýerine ýetirýärdiler. Daşyndan göräýmäge olar ykbalyndan kaýyl ýaly bolup görünýärdiler. Emma olaryñ içinde näme pikiriniñ bardygyny kim bilýär. Amangeldi Gönübek näme üçindir bu ýesirlere ynanmaýardy, olardan howatyrlanýardy. Aradan birnäçe aý geçenden soñ, güýz aýlarynyñ bir güni howanyñ salkyn hem çygly bolmagyna garamazdan, Peleñ hyzmatkärleri alyp, guma sazak getirmäge gitmekçi boldy. Muny eşiden Amangeldi Gönübek inisine ýüzlenip: - Inim, hyzmatkärleri alyp, guma ýeke gitmäweri, birden bolmasy iş bolaýmasyn, gitseñem ýanyñ bilen adam alyp git - diýdi. Peleñ: - Agam, meniñ ýanyma adam gerek däl, özüm alajyny görerin, köp eglenmän yzyma dolanjak bolaryn - diýip, jogap berdi. Inisiniñ hemişe ýekegeplidigini, öz diýeninde durýandygynu oñat bilýän Amangeldi Gönübek oña ýüzlenip: - Bolýa-da inim, gitseñ Alla ýaryñ bolsun, ýöne ätiýaçlygy elden bermäwergin - diýip, oña ýene bir gezek tabşyrdy. Peleñ gylyjyny dakynyp, atyna atlanyp, hyzmatkärlerini hem ýanyna alyp, iki düýe biken guma sazak getirmäge gitdi. Peleñiñ berlen maslahaty alman, guma sazak getirmäge gidenine Amangeldi Gönübek gynanjagyny-da, gaharlanjagyny-da bilmedi. Göwnüne bolmasa, inisi özbaşdak hereket etmegi gowy görýän ýaly, maslahat berseñ, halamaýan ýaly bolup göründi. Sazakdan dolanyp gelenden soñ, onuñ bilen egri oturyp, dogry gürleşmegi ýüregine düwdi. Gum içine aralaşanlaryndan soñ, kerwen ýoluna ýakynrak sazakly ýerde Peleñ atynyñ başyny çekdi. Atdan düşdi-de, ony örkledi... Hyzmatkärler düýeleri duşaklap goýberdiler. Peleñ hyzmatkärlerine sazak taýýarlamagy buýurdy. Sazak agajy port bolansoñ, hyzmatkärler ony aýaklary bilen depip kakyp, elleri bilen çekip, tiz wagtda iki düýelik sazak taýýarladylar. Peleñ olara ýykylan sazaklary bir ýere üýşürmegi tabşyrdy. Hyzmatkärler ýygan sazaklaryny bir ýere üýşürip ýörkäler, biri-biriniñ ýüzüne syrly seredişip, gögerip oturan gandym agajynyñ ýogynrak, golboýu bir şahasyny döwüp alyp, ot ýakjal ýerlerine ýakynrak ýerde goýdular. Peleñ muny görmedi. Soñra hyzmatkärler çaý gaýnatmak bilen boldular. Peleñ çaý-nahar edinenden soñ, sazagy düýelere ýükläp, oba dolanmakçydy. Ine, çaýam gaýnady. Peleñ oda ýakynrak ýerde, hyzmatkärler bolsa, ondan az-kem añyrrakda çaý-nahar edinmäge oturdylar. Peleñ çaý içip otyrka, wagtal-wagtal assyrynlyk bilen hyzmatkärlere seredýärdi. Olar hem öz gezeginde onuñ her bir edýän hereketini synlaýardylar. Şeýlelikde, aradan ep-esli wagt geçdi. Peleñ çaý-nahar edinip durka, ýakynynda hyzmatkärleriñ bardygyny az salym ýatdan çykardy. Köpden bäri gaçnak arzuwyny edip ýören hyzmatkärler onuñ hüşgärligi unudandygyny añyp, pursatdan peýdalandylar. Olaryñ biri ýyldyrym çaltlygynda ýerinden turdy-da, taýýarlap goýan gandym agajynyñ şahasyny Peleñiñ depesinden inderdi. Peleñ "wah" diýip, arkan ýykylfy. Şol wagt ikinji hyzmatkär onuñ bilindäki gylyjyny gynyndan çykardy-da, Peleñiñ çep gursagyndan sançdy. Az salymyñ içinde ol jan berdi. Hyzmatkärler özlerini ýitirmediler. Olar Peleñi ýakynda gögerip oturan çetiniñ düýbünde howul-hara çägä gömdüler. Soñra olaryñ biri içi iýmek-içmekli horjuny egnine atsa, beýlekisi Peleñiñ atyny tutup getirdi. Ýanyp duran ody öçürmegi-de unudyp, düýeleri-de taşlap, Peleñiñ gylyjyny-da almagy ýatdan çykaryp, iki bolup ata atlandylar-da, ýüzlerini günorta tutup gaçyp başladylar. Hyzmatkärler ugranlaryndan soñ, çaý içim salym geçmänkä, Hywa tarapdan argyşdan gelýän kerweniñ ýoly Peleñiñ sazak ýygdyran ýeriniñ üstünden düşdi. Kerweniñ öñünde atly yz calyp gelýän ýolbelet sazak üýşürligi ýere gelende, iki sany duşakly düýäniñ otlap ýörenini gördi. Ol adam görjek bolup töwerek-daşyna seretdi. Emma hiç kimi görmedi. Ýene öñe ýöredi we töweregine seretdi. Birdenem çetiniñ düýbünde çägeden çykyp ýatan adam aýagyny we gapdalda ýatan gylyjy gördi. Ol atdan düşüp çägä gömülip ýatan adama ýakyn bardy. Şol wagt hem yzdan kerwen gelip ýetdi. Kerwenbaşy Bagşy aga ýolbeletden näme görendigini sorady. Ol bir adamynyñ öldürilip, çägä gömülendigini, ýanynda bolsa gana boýalan gylyjyñ ýatandygyny aýtdy. Kerwen bilen gelýän adamlaryñ hemmesi Peleñiñ daşyna aýlandylar. Bagşy aga ony üns berip synlady we onuñ Amangeldi Gönübegiñ inisi Peleñdigini tanady. Bagşy aga ýolbelede: - Inim, ýadawam bolsañ, atyñy dözümliräk sür-de, agyr degse-de bu ajy habary Amangeldi Gönübege ýetir. Bizem oglanlar bilen Peleñi alyp, yzyñ bilen ugrarys. Bagşy aga töwerege yz çaldy. Ýoluñ iki tarapyna-da geçip görüp, at aýagynyñ yzyny, adam yzlaryny gördi. "Peleñi öldüren ýek-ä bolmaly däl, iki ýa-da üç bolmagam mümkin" diýen netijä geldi. Bagşy aga ýanyndaky adamlara ýüzlendi: - Oglanlar, birnäçäñiz hol goldaky gögerip oturan gandym agajynyñ şahasyndam derege ýarajagyny alyñ-da, derrew tabyt ýasañ, beýlekileriñiz bolsa goşdaky ýorganlaryñ birini alyñ-da, Peleñiñ daşyna orañ. Obamyz ýoldan sowarak-da bolsa, toplumymyz bilen Amangeldi Gönübegiñ öýüne baryp, öz gynanjymyzy bildireliñ. Ona soñrak barsagam bolar. Adamlar Bagşy aganyñ aýdanlary bilen razylaşdylar-da, dessine tabyt ýasadylar. Peleñiñ daşyna ýorgan orap, ony tabytda ýatyrdylar, gylyjyny-da üstündr goýdular. Soñra tabydy kerweni çekip gelýän düýäniñ üstüne ýüklediler. Peleñiñ iki düýesini-de yzyna tirkäp, kerwen ýola düşdi. Peleñiñ sazakdan dolanyp geler wagty gelmänsoñ, Amangeldi Gönübek has-da ynjalykdan gaçdy. Ýüregine howsala düşdi, garşy daş çykdy, içeri girdi. Her hili oý-pikirler kellä geldi. Içerde oturybam rahatlyk tapmansoñ, ýene daşary çykdy er demirgazyk tarapa seretdi, şol pursat hem onuñ gözi göni özüne tarap gelýän atla düşdi. Onuñ süññi gowşap gitdi. Boljak iş bolupdyr diýen netijä geldi. Daş işikde Amangeldi Gönübegiñ duranyny gören atly onuñ ýakynynda atynyñ başyny çekdi, atdan düşdi, oña salam berdi. Amangeldi Gönübek onuñ salamyny aldy. Ýolbelet: "Amangeldi aga..." diýip söz açmakçy bolanda, ol onuñ sözüni kesdi. - Inim, näme habar getireniñi men eýýäm bilýän, hany, ol nirede? Atly: - Amangeldi aga, ony yzdan kerwen alyp gelýär, tiz wagtda gelip ýeter. Bu ajy habar töwerege tiz ýaýrady. Amangeldi Gönübegiñ doganlary, hossarlary, obadaşlary onuñ öýüne gelip başladylar, olar gynançlaryny bildirdiler. Kerweniñ gelerine garaşyldy. Amangeldi Gönübek hossarlaryna ýüzlendi: - Oglanlar, gum etegundäki obalara derrew adam ýollañ. Ol iki hyzmatkär iru-giç bir ýerden çykar. Aç-suwsuz uzaga gidip bilmezler. Adamlar habardar bolsunlar, del adam görseler, saklasynlar, anyklasynlar. Eger-de şol iki hyzmatkär ele düşäýse, derrew meniñ ýanyma alyp gelsinler. Şol pursata birnäçe adam gum etegindäki obalara atlandylar. Hywadan gelýän kerwen uzak garaşdyrmady. Kerweniñ öñüni ak eşegine münüp Bagşy aga çekip gelýärdi. Kerwen Amangeldi Gönübegiñ öýüniñ ýanynda saklandy. Adamlar öñdäki düýäni çökerip, onuñ üstünden emaýlyk bilen üsti Peleñli tabydy ýere düşürdiler. Bu ajy habary eşiden Nurberdi han, Ahalyñ atly-abraýly adamlary Amangeldi Gönübegiñ öýüne gelip, öz gynançlaryny bildirdiler. • Öç almaklyk namardyñ işi Hyzmatkärleriniñ gözlegine giden adamlar şol günüñ ertesi öýlänler gumdan tekizlige çykan ýerlerinde olary ele salyp, Amangeldi Gönübegiñ öýüne geldiler. Ele düşen hyzmatkärler Amangeldi Gönübegiñ öñünde dyza çöküp, nähili jeza berilse-de çekmäge taýýar bolup otyrdylar. Hemmeler Amangeldi Gönübegiñ ýüzüne seredip, onuñ buýrugyna garaşýardylar. Ol köp wagtlap sesini çykarman, ýüzüni aşak salyp, pikir edip oturdy. Soñra ol agraslyk bilen ýüzüni galdyrdy-da hossarlaryna, obadaşlaryna ýüzlendi: - Adamlar, ilki bilen-ä bulary naharlañ, onsoñ iýip-içer ýaly ýol harjy beriñ-de ugradyñ, goý obalaryna gitsinler. Adamlar: - Beýle-de bir zat bolarmy, ganhorlara jeza bermän goýberip bolmaz, olaryñ kellesini häziriñ özünde almaly! - diýip, ýerli-ýerden seslendiler. Eline gylyjyny alyp, hyzmatkärleriñ kellesini aljak bolup topulanlary-da boldy. Ýöne Amangeldi Gönübek muña ýol bermedi, olary köşeşdirdi. Başda gelen gahar-gazap häzir onda ýokdy. Ol hemişekisi ýaly paýhaslydy, gepi-sözi ýerbe-ýerdi, sadady. Ol märekä ýúzlendi. - Adamlar, siz meniñ aýdanlaryma dogry düşüniñ. Näçe agyr degse-dr men bularyñ günäsini geçýärin. Öç almaklyk namardyñ işi. Bularyñ janyny alanyñ bilen inim gaýdyp gelmez. Olaryñ jezasyny Alla bersin. Hyzmatkärleri goýberdiler. Olar yzlaryna serede-serede Sekizýabyñ boýy bilen günorta tarap gitdiler. Amangeldi Gönübek söýgüli inisini ýitirenine gaty gynandy. Sussy peseldi, daş çyksa-da, iç girse-de ýüzi salykdy, tukat görünýärdi. Bu ýitgi oña agyr degdi. Gijelerini ukusyz geçirdi. Şol günlerde otursa-tursa onuñ kalbyna her hili zaryn owazlar gelip gidýärdi. Olary diñe ele salaýmak, başyny çataýmak galýardy. Emma başa düşen agyr ýitgi eline dutar alyp, ol owazlary dutaryñ perdesine geçirmekden saklaýardy. Ol uzak çydap bilmedi. Şonuñ üçin hem aradan 10-12 gün geçenden soñ, dulda asylgy duran dutaryna, özüniñ "gamkeşine" elini ýetirenini duýman galdy. Keçe gabyndan çykardy-da, dutaryny düzdi. Soñra kalbyna gelip gidýän içiñde harasat gopdurýan gamgyn owazlary jemläp, dutaryñ perdelerine geçirdi. Dutaryñ kirişlerini has batlyrak çekdi-de, dünýä inen täze sazy gaýtadan çaldy. Amangeldi Gönübegiñ öýünden çykýan dutaryñ sesi goñşy öýlere baryp ýetdi. Onuñ sesini eşiden hossarlary dessine ol ýere ýetip geldiler we ýas günleronde Amangeldi Gönübegiñ näme üçin saz çalýandygynyñ sebäbini bilmek islediler. Olar üçin bu geñ zatdy. Şonda Amangeldi Gönübek olara ýüzlendi. - Adamlar, siziñ näme üçin meniñ ýanyma geleniñizi bilýän. Sizi geñ galdyrýan zat menjñ ýas günlerinde saz çalmagym boldy. Menden gaty görmäñ. Inim Peleñden men köp zada garaşýardym. Ol pälwan ýigitdi, edermendi, akylly-paýhaslydy. Haçan-da maña atdan düşüp, saz bilen meşgul bolmagy maslahat berenlerinde "mundan beýläk söweş meýdanyna agamyñ ornuny men tutaryn" diýip, Nurberdi hanyñ öñünde onuñ wada berşi meniñ başymy göge ýetiripdi. Şonda men öz gylyjymy oña uly buýsanç bilen gowşurypdym. Gynansak-da, onuñ ömri gysga eken. Etjek alajyñ ýok, onuñ kysmaty şeýle eken. Peleñi öýerip hem ýetişmedik. Indi onuñ gapysy hemişelik ýapyldy. Ajy aýralyga dözmän, elime dutar alanymy geñlemäñ, adamlar. Bu saz ajy aýralygyñ awusyna çydam edip bilmän döreden sazym, adyna-da inimiñ hatyrasyna "Aýralyk mukamy" dakdym. Agyr degse-de, siz hem bu sazy diñläp görüñ. Soñra Amangeldi Gönübek hossarlaryna "Aýralyk mukamyny" çalyp berdi. Olar bu sazy üns berip diñlediler. Esli wagt oý-pikire batyp oturdylar. Amangeldi Gönübegiñ ýagdaýyna oñat düşünen hossarlary soñra seslerini çykarman, öýli-öýlerine gitdiler. * * * Aradan nijeme ýyllar geçen-de bolsa, şol ýowuz günlerde agyr ýitgi sebäp bolup dörän bu saz biziñ günlerimizde-de bagşydyr sazandalaryñ elinden düşmän gelýär. Çünki, adamyñ süññünden syzylyp çykan owazdan dörän saz, wagt geçmegine garamazdan, hemişe ýatda galýar. Şonuñ üçin hem ol saz bakydyr. Nyýazmyrat NYÝAZLYÝEW. # edebiyatwesungat_2000 | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |