08:41 Berke hanyñ musulman bolşunyñ hekaýaty | |
BERKE HANYÑ MUSULMAN BOLŞUNYÑ HEKAÝATY
Taryhy makalalar
Berke hanyñ obrazy "Direliş. Ärtogrul" (Türkiýe) teleserialynda. Mongollaryñ we Çingiz hanyñ nebereleriniñ arasynda ilkinji bolup musulman bolan Berke hanyñ yslam dinini kabul edişi diýseñ täsirli hekaýatdyr. Berke hanyñ musulman bolmagyna bir goja türkmen derwüşi sebäp bolupdyr. • Berke hanyñ musulman bolşy Berke han häzirki Gazagystanyñ demirgazyk raýonlaryna ýöriş edende, söweş gidip durka atdan ýykylyp goly çykypdyr. Ýörişden gaýdyp gelýärkä ýolda bir ýaşula duş gelýär. Ýaşuly Günorta Gazagystanyñ Türküstan şäherinden eken. Derwüş Berke hany tanamaýanam bolsa onuñ goluny we tenine düşen şikesleri bejeripdir. Han gojany synlap oña sowal beripdir: – Ýeri bakaly goja, nädip bu ýerlerde düşüp ýörsüñ? – Oglum, men ýetmiş ýaşadym. Şu ýaşyma çenli gowy adam bolmaga çalyşdym. Ýöne yslama köñüp berendigim sebäpli hijret etmegiñ we ýurt gezmegiñ gerekdigine ynandym. – Bu yaşdan soñ hijret nämäñe gerek? Çaga-çugañ ýokmy seniñ, ugruña idi-yssywat etmäge? – Bar, oglum, bar. Aýdýan-a, bir ýola köñül berdim, şol ýol üçinem ýola çykdym. – Nähili ýolmuşyn ol aýdýanyñ? – Adalatyñ we ahlagyñ ýoly. Özara gürrüñ uzap gidipdir... Goja türkmeniñ mylakatlylygy Berke hana ýiti täsir edipdir. – Ýaşuly, gel, men seni Gazan şäherine - döwletimiñ paýtagtyna äkideýin. Sen gowy adam ekeniñ. Hemişe ýanymda bol. – Bolýa, oglum. Günbatar Gazagystandan Altyn Ordanyñ paýtagty Gazana çenli ýol uzak bolansoñ, ýolda derwüş bilen han kän-kän gürrüñiñ başyny agyrdýarlar. Ýolda gojanyñ wagtal-wagtal durup täret kylmasy, namaz okamasy, onuñ namazdaky hereketleri Berke hany çuññur oýlanmalaryñ girdabyna oklaýar. Berke hanyñ obrazy "Altyn Orda" (Russiýa-Gazagystan) teleserialynda / Ramil Sabitow Berke han her düşelgede ýaşula özüni gyzyklandyrýan sowallary berýär. Berilen jogaplar hanyñ ruhy dünýäsindäki ähli boşluklary doldurmaga ýeterlik bolupdyr. Han şol wagtdan başlap ahlagyñ we adalatyñ ynanjy bolan yslama köñlüni aldyrypdy. Berke han musulman bolanda taryhyñ dili 1240-njy ýyly görkezýärdi. Öýüni-ilini taşlap yslama hyzmat etmek üçin ýola çykan derwüşiñ tagallasy bütindünýä yslam taryhyny özgerdip taşlajak adamyñ musulman bolmagyna sebäp bolupdy. Berke musulman bolanynda goşunyna seslenipdir: – Eý batyrlar! Men siziñ nämäñiz? Goşun biragyzdan: – Sen biziñ serkerdämiz, öñbaşçymyz! – Şeýle bolýan bolsa, onda bilip goýuñ we şaýat boluñ - men indi musulman boldum. Sizdenem meni gowy görýän we aýdanymdan çykmaýan ýigitlerimden meniñ kimin musulman bolmagyñyzy isleýärin. Goşun uçdantutma musulman bolýar. Täze musulman bolan goşunyñ öñünde olary namaza duruzmak üçin ilkinji gezek ymam bolup namaza duran goja türkmen derwüşi "Elhamy" begenç gözýaşlaryna gark bolup zordan tamamlapdyr. Şol wagt dünýäde goja derwüşden bagtly adam ýokdy. Çünki ol ömrünim iñ kämil, iñ bereketli namazyny okapdy. On müñlerçe adam ýeke gezekde musulman bolupdy. Goja türkmen Seýfetdin Baharzi Gazana gelende Berke hanyñ haýyşy bilen köşkde galypdyr. Ol köşgüñ ähli ýeñilliklerinden peýdalanmaga hukukly bolupdyr. Türkmen derwüşi Gazandaky musulman bolan mongollara yslam dininiñ düzgünlerini özleşdirmäge ýardam edipdir, bilmeýän zatlaryny öwredipdir. Şeýle-de bolsa, Altyn Ordadaky ähli mongollar entek yslam dinine geçmändi. Baty han 1255-nji ýylda aradan çykansoñ, onuñ ýerine geçen ogly Sartak han hem bir ýyl geçip-geçmänkä jeñ meýdanynda wepat bolupdyr. Tagta Berke hanyñ geçmegi ýene-de düýpli üýtgeşmeleri döredipdir. Berke han Gazanda sany on müñlerçe adama ýeten jemagata ýüzlenipdir: – Eý mongollar! Eý gazanlylar, doganlarym! Men siziñ nämäñiz? Mähelle biragyzdan seslenipdir: – Sen biziñ hanymyz, öñbaşçymyz! – Onda bilip goýuñ, men musulman boldum. Sizdejem musulmançylygy öwrenip, musulman bolmagyñyzy isleýärin. Dünýä taryhynda bir wagtyñ özünde on müñlerçe adamyñ köpçülikleýin musulmançylyga geçmegi Gazanda bolup geçipdir we Altyn Orda hanlygynda ýaşaýan mongollaryñ ählisi musulman bolupdyr. Berke hanyñ musulman bolandygy baradaky habar Eýrandaky yslama duşmançylykly syýasat ýöreden Ilhanly mongol döwletine garşy bilelikde uruşmak üçin Mamlýuk türkmenlerine kömek üçin ugradylan altynordaly goşun bölümine ýetende, olar hem hanlaryna eýerip, doly musulman bolmagy makul bilipdirler. Muña çäksiz begenen türkmen soltany Beýbars öz täze dünýä inen oglunyñ adyna Berke dakypdyr. @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||