BEÝIK LIDER ATATÜRKÜÑ ŞEJERESI
■ Türkiýe respublikasyny esaslandyryjy Gazy Mustapa Kemal Atatürküñ nesil daragty
Osmanly türkmen soltany Myrat Hudawendigär zamanyndan başlap, döwleti dolandyran patyşalar Rumelini, Balkan ýurtlaryny we Ýewropany türkmenleşdirmek üçin gelip çykyşynda başga halklaryñ gatyşygy bolmadyk arassa türkmen maşgalalaryny köpçülikleýin täze eýelenen ýerlere ugradypdyrlar. Bu migrasion prosesiñ agramly bölegini oguz-türkmenleri we musulman oguzlaryñ ýörük türkmen taýpalaryndan ugradylan maşgalalar düzüpdir.
Musulman oguzlar gelip çykyşy boýunça Tañry dagy we Garagöz ýörüklerinden bolup, olaryñ Türkiýäniñ Konýa we Aýdyn sebitlerine ýerleşen böleginiñ atlary birin-birin ýazylgydyr. Ol ýeriniñ ilatyny 950-nji ýyl senesi goýlan we 82-nji belgi goýlan tükelleýiş depderinde Anadoludan Rumelä geçen türkmen tire-taýpalarynyñ atlary ýekän-ýekän ýazylypdyr. Olaryñ musulman oguzlar bolan ýörük türkmenlerinden düzülen maşgalalarynyñ kimlerdigi barada çeşmelerde anyk maglumatlar bar.
Ynha, hut şol taryhy maglumatlar hem beýik türk lideri Atatürküñ ata-babalarynyñ Anadolunyñ Konýa we Aýdyn sebitleride ýaşan türkmenlerdigini ýazýar.
Atatürküñ añyrsyna Anadoludan Rumelä gidip, Gresiýanyñ Manastyr oblastynyñ Kojajyk şäherçesine ýerleşen türkmenleriñ biri bolan Hapyz Ahmet Alüş ependi diýer ekenler.
Kojajyk şäherçesiniñ ilaty tutuşlygyna türkmendir. Atatürk Hapyz Ahmet ependiniñ agtygydyr. Hapyz Ahmet ependiniñ saçlary gyzylymtyk bolandygy üçin oña Gyzyl Hapyz ependi diýipdirler. Beýik lider Atatürküñ atasy Gyzyl Hapyz ependi Kojajyk şäherçesinde mugallymçylyk edipdir. Atatürküñ kakasy Aly Ryza ependä Alüş ependi diýipdirler.
Kojajyk şäheriniñ ähli ýaşaýjysy Aýdyn we Konýa sebitlerinden göçüp gelen arassa ýörük türkmenleridir. Bularyñ Tañry dagy we Garagöz ýörükleridigi ýokarda agzalan ilat sanyny tükelleýiş kitabynda anyk ýazylandyr. Şeýle hem başga taryhy maglumatlarda-da Aktan we Naldöken ýörükleriniñ şu sebitlerde ýaşandygy bellenip geçilýär. "Fetihnamalar" ("Ýeñişnamalar") şol ýerlerdäki Konýa türkmenlerine "Serhetçi gazylar" derejesiniñ berilendigini habar berýär. Olara gönüden-göni ýörük türkmenleri diýlipdir.
Beýik lider Atatürk arassa türkmen bolup, Konýa we Aýdyn sebitlerinden göçen türkmen maşgalasynyñ perzendidir. Ejesi Zübeýda hanym bolsa Aýdyndan Selanige giden başga bir türkmen maşgalasynyñ gyzydyr. Zübeýda hanymyñ kakasynyñ asly Aýdynlydyr.
(Zübeýda hanym boýunça giñişleýin maglumat üçin Baýramgeldi Çaryýewiñ "Zübeýda hanym" makalasyna seret:
http://www.kitapcy.com/news/zubeyda_hanym/2018-12-21-4080)
Bu maglumatlar Türkiýäniñ Premýer-ministrliginde işlän Şejagatdin Zenginoglynyñ "Bilimler zamanasyndaky türk ýaşlarynyñ batlanan sesi-1999" (“Bilgi Çağındaki Türk Gençliğinin Yükselen Sesi-1999”) atly kitabyndan alyndy.
■ Atatürküñ öz gelip çykyşy barada aýdanlaryndan:
[1] “Meniñ şu dünýäde ýeke-täk buýsanjym we baýlygym türklükden başga zat däldir.
Maña adamlardan üýtgeşik dünýä iniş ýöñkejek bolmañ. Meniñ dogluşymdaky ýeke-täk aýratynlyk türk(men) bolup dünýä inmekdir!"
[2] Atatürküñ "Siz kimlerden bolarsyñyz?" diýip soran bir iñlise beren jogaby:
“Ene-atasynyñ asylzadalygy bilen öwünýän Teodos Italiýa ýarymadasyna inmek isleýän Atilla bilen ýaraşyk duşuşugyny geçirmeziniñ öñüsyrasy: "Siz kimlerden bolarsyñyz?" diýip sorapdyr. Atilla hem oña: "Men asly päk halkyñ ogludyryn!" diýip jogap beripdir. Ynha, meniñem size berjek jogabym şudur!"
[3] Ynha, şu aşakdaky setirlerem bolar-bolgusyz internet saýtlarynda ýalan-ýaşryk toslamalar maglumatlar arkaly Atatürküñ gelip çykyşyny jöhitlere baglajak bolýan we onuñ türk halkynyñ öñünde bitiren taryhy missiýasyna dodak çöwürýän häzirki käbir gara niýetli betpygyllara we käbir dindarsumaklara berip giden jogaby:
"Türk(men) türk(men)digi üçin asylzadadyr... Köpimiz garry atamyzyñ atasynyñ kimdigini bilemzok. Biz ata-babalarymyza bolan buýsanjymyzy türk(men) bolup dogulmakdan tapmalydyrys".
[4] “…Türk(men)çilik meniñ iñ ygtybarly daýanjym we iñ belent buýsanjymdyr".
[5] “Milli gymmatlyklarymyza duşmançylyk besleýänler bilen dost boljak bolup durmagyñ geregi ýok. Bular ýalylara garşy... "Türk men we saña menem duşman bolaryn, dünýäde ýeke özüm galsamam!" diýmegi başaralyñ".
[6] "Gelip çykan türk halkymyñ şan-şöhratynyñ bolşy ýaly, meniñem şol halkyñ bir parçasy bolup durýandygym üçin şan-şöhratym bardyr..."
[7] Ynha, Atatürk öz gelip çykyşy barada şular ýaly sözleri aýdypdyr. Ol özüne "Men Türk", "MEN TÜRKMEN!" diýip belent ses bilen gygyrýar we çäksiz ruhubelentlik bilen muña BUÝSANÝANDYGYNY aýdýar. Onuñ öz gelip çykyşy barada aýdan bu belent äheñli sözleriniñ üstüne goýup boljak hiç hili söz tapylmasa gerek.
Mustapa Kemal türkmendir, özem goja türkmendir we ol sözüñ doly manysynda häzirki doganlyk türk milletiniñ hakyky Atasydyr.
Ol häzirki türk halkynyñ unutdyrylmaga çalşylan milli buýsanjyny gaýtadan dikelden, ýykylyp weýran bolan alty asyrlyk Osmanly türkmen döwletiniñ küllerinden täze türk halkynyñ galkynyp çykmagyna tekge beren beýik Türkmendir!
Türkmen halkynyñ şanly taryhynda yz goýan belent şahsyýetlerimiziñ adyny garalamaga synanyşýan käbir guşbeýinleriñ hiç mahalam Mustapa Kemal Atatürküñ şejeresine gara sürtmäge güýçleri ýetmez!
Geliñ, bilip ýa-da bilmezden şeýle prowokasiýalaryñ gurbany bolan käbir darbeýinlilere muny subut etmegiñ hernäçe zerurlygy ýok hasap etsegem, Atatürküñ ene-atasynyñ gelip çykyşyna ser salalyñ.
■ Mustapa Kemalyñ ejesi Zübeýda hanym ýörük türkmenlerindendi
Zübeýda hanymyñ taýpasy ýörükdi. Ol Fatih Soltan Mehmediñ döwründe Garamanogullary türkmen begliginiñ ýykylmagyndan soñ (1466) Balkan ýurtlarynda täze eýelenen ýerleriñ türkmenleşmegi üçin göçürilen maşgalalardandyr. Bu barada belli türkmen taryhçysy Baýramgeldi Çaryýew hem ýörite belläp geçýär:
"Zübeýda hanymyň ata-babalarynyň asly ýörük türkmenlerinden bolup, olar Osmanly türkmenleriniň patyşalary Myrat Hudawendigäriň we Fatih Soltan Mehmediň döwleti dolandyran döwürlerinde Toros daglarynyň eteklerinde, Konýa we Aýdyň welaýatlarynda ýaşapdyrlar".
(Seret: http://www.kitapcy.com/news/zubeyda_hanym/2018-12-21-4080).
Konýa sebitlerinden gelendikleri üçin resmi maglumatlarda olaryñ ady "konýarlar" diýen at bilen ýatlanypdyr.
[8] Maşgala Wodina sanjagynyñ Saryköl şäherçesine göçüp barypdyr. Zübeýdanyñ kakasy Sopyzada Seýfulla aga Selanigiñ golaýyndaky Lankaza diýen ýere göçýär we mülk ýeri edinýär. Zübeýda hanym 1857-nji ýylda şol ýerde dogulýar. Zübeýda hanym Atatürküñ kakasynyñ üçünji aýalydyr.
[9] Zübeýda hanymyñ gelip çykyşyny birem onuñ öz ýakyn dogan-garyndaşlarynyñ sözlerinden yzarlalyñ.
Mustapa Kemalyñ uýasy Makbule hanym (1885-1956):
“Ejemden şulary kän-kän gezekler diñläpdim. Ol "biziñ aslymyz ýörükdir, biz bu ýerlere Konýa-Garaman sebitlerinden gelipdiris" diýerdi we ata-babalarymyzyñ käbiriniñ soñ-soñlar gaýtadan Konýa dolanyp barandygyny aýdardy: “Atam Feýzulla ependiniñ uly agasy Konýa dolanypdyr, Möwlana dergähine giripdir, ol ýerde galypdyr. Megerem, ol ýörükligini ýitirmän saklar..."
[10] Makbule hanym ýörük türkmençiligi üçin şeýle diýýär:
“…Ejem hemişe öz ýörük türkmenligine buýsanyp gezerdi. Bir gün men Atatürkden "Ýörük diýmek näme?" diýip soradym. Agam maña "Ýöreýän türkler" diýip jogap berdi".
[11] Ýörük sözi bilen türkmen sözi bir many añladýan sözdür. Atatürk öz şejeresini mälim edende hut şeýle diýipdir: “….Meniñ atalarym Anadolydan Rumelä gelen ýörük türkmenlerindendir".
[12] Zübeýda hanymyñ kakasyny, adamsy Gyzyl Hapyz Ahmet begi ýakyndan tanaýan kişi Selanikde doglan we soñ Aýdynyñ halk deputatlygyna saýlanan Hasan Tahsin Sandyr (1865-1951).
[13] Hasan Tahsin San şu maglumaty berýär: "Atatürküñ käbesi Zübeýda hanym Sopyzada maşgalasyndan bolan Fethulla aganyñ gyzydyr. Ol Selanikde dünýä indi. Bu maşgala mundan 130 ýyl owal (XIX asyryñ başlary). Olar Sarykölden Selanige göçüp gelipdiler. Wodina sanjagynyñ günbatarynda Saryköl şäherçesinde 16 obadan ybarat bu şäherçeliler Makedoniýanyñ we Teseliýanyñ eýelenmeginden soñ Osmanly döwletiniñ göçürip getiren we öñ Konýa etraplarynda oturýan türkmenleriñ neslidir. Olar soñky döwürlere çenli bäş asyryñ dowamynda öz durmuş özboluşlylyklaryny, edim-gylymlaryny, hüý-häsiýetlerini üýtgetmän saklamagy başardylar".
[14] Başga bir daşary ýurtly ýazyjy Atatürküñ ejesi hakynda şeýle setirleri ýazypdyr:
"Mustapanyñ kakasy Aly Ryza Ependi, ejesi Zübeýda hanym... Ol saryýagyzdy, ak tenli, çuññurdan gelen aýdyñ we mawy gözleri bardy. Maşgalasy Selanigiñ günbatarynda, Albaniýa tarapda, kert we ýalañaç dag gerişleriniñ ýaýbañ, bir gyrasyny köllere direýän etraplarynda oturýardy. Bu ýerler türkleriñ Makedoniýany we Teseliýany eýelemeginden soñ Anadolunyñ jümmüşinden gelen obalylaryñ göçüp gelen ýerleridi. Şonuñ üçin Zübeýda hanym ilkinji çarwa türki taýpalaryñ neslidigine we häzirem Toros daglarynda erkin durmuşda ýaşaýan saryýagyz ýörükleriñ ganyny göterýändigine diýseñ buýsanýardy. Mustapa hem ejesine çekipdi: olam edil ejesi ýaly saçlary sary, gözleri mawydy".
[15] Zübeýda hanymyñ özüniñem aýdyşy ýaly, ogluny, gyzyny we onuñ özüni tanaýanlaryñ we bu boýunça seljerme geçirip görenleriñ umumy gelen netijesi: Zübeýda hanym hakyky ýörük türkmenidir.
■ Mustapa Kemalyñ kakasy Aly Ryza ependi hem ýörük türkmenlerindendi
Mustapa Kemalyñ kaka tarapy Aýdyn/Söke taraplardan Manastyr etraplaryna göçürilip getirilen Kojajyk ýörüklerindendir (Hoja Hamza ýörükleri).
Aly Ryza Ependi 1839-njy ýylda Manastyryñ Debreýi Bala sanjagynyñ Kojajyk şäherçesinde dünýä indi. Aly Ryza soñ maşgalasy bilen bile Selanige göçdi. Onuñ kakasy Gyzyl Hapyz Ahmet Ependi hem mugallyndyr. Agasy hem Gyzyl Hapyz Mämmet Ependidir.
Olaryñ "Gyzyl" lakamyny almagy we ýerleşen ýerlerine Kojajyk diýilmegi, Aly Ryza Ependiniñ añyrsynyñ "gyzyl oguzlardan" ~ Kojajyk ýörüklerinden-türkmenlerinden gelýändigini görkezýär.
[16] Ejesiniñ şejeresinde bolşy ýaly kaka tarapdanam iñ ynamly maglumatlar ilki Atatürküñ özüniñ we onuñ ejesiniñ, doganynyñ, olary ýakyndan tanaýanlaryñ beren gürrüñleridir.
Makbule hanym: "Kakam Aly Ryza ependi selaniklidir. Özleri ýörük neberelerindendir".
[17] Atatürk: "...Meniñ ata-babalarym Anadoludan Rumelä gelen ÝÖRÜK TÜRKMENLERINDENDIR".
[18] Mustapa Kemalyñ Selanikde bile önüp-ösen we mekdepde bile okan ýoldaşy, Kütahýanyñ halk deputatlaryndan Mämmet Somer (1882-1950) şeýle diýýär:
[19] “Atatürküñ atalary hakynda meniñ bilýän zatlarym şular: "Atatürküñ atalary Manastyryñ Debreýi Bala sanjagyna degişli Kojajyk şäherine ýerleşipdirler. Bulary men selanikli ýaşululardan eşidipdim. Kojajyklylaryñ hemmesi arassa türkmen dilinde gürleýärler. Olar iri süñkli adamlardyr. Bularyñ hemmesi ýörükdir... Geýnişleri Anadoly türkmenleriniñ geýnişine meñzeýär. Ýaşaýyşlary, hatda şiweleri hem bire-bir gabat gelýär".
[20] Türkiýäniñ "Milliýet" gazetiniñ 1993-nji ýylyñ 10-njy noýabryndaky sanynda "Ata(myz)yñ nesil daragty" (“Ata’nın Soy Kütüğü”) atly makala çap edilýär. Makalanyñ awtory žurnalist Altan Arasly Kojajyk şäherçesine gidip ýörite barlag geçirýär we kojajyklylar bilen gürrüñdeş bolupdyr. Şonda kojajykly Numan Kartal diýen ýaşuly şeýle diýipdir: "Aly Ryza Ependi Manastyryñ Debreýi Bala sanjagyna degişli Kojajykda dünýä indi. Kojajygyñ ilaty tutuşlaýyn türkmendir, özem Anadolydan gelen ýörük türkmenleridir. Biziñ añrymyz musulman oguzlardan - türkmenlerdendir".
■ Çykgytlar
[1] Bozkurt, Mahmut Esat; Yakınlarından Hatıralar, Sel Yayınları, İst., 1955, s.95
[2] Egeli, Münir Hayri; Atatürk’ten Bilinmeyen Hatıralar, İst., 1959, s.15
[3] Ünaydın, Ruşen Eşref; Atatürk Tarih ve Dil Kurumları (Hatıralar), TDK. Yayını. Ank., 1954, s.54
[4] Egeli, Münir Hayri, s.69
[5] Faik Reşit Unat’ın “Ne Mutlu Türk’üm Diyene” Türk Dili Dergisi, Sayı 146, 1963 makalesinden aktaran Utkan Kocatürk, Atatürk’ün Fikir ve Düşünceleri, Ank., 1984, s.171-173
[6] Atatürk’ün Söylev ve Demeçleri, C. II. derleyen Nimet Unan, Türk İnk. Tarihi Ens.yayını, Ank.,1959,s.143
[7] Arıkoğlu, Damar; Hatıralarım, İst.,1961, s.304
[8] Güler, Ali; Atatürk Soyu, Ailesi ve Öğrenim Hayatı, Ank.1999, s.40-46 – Göksel, Burhan; Atatürk’ün Soykütüğü Üzerine Bir Çalışma, Kültür Bak. Yay., Ank.1994, s.7
[9] Güler, Ali; s.46
[10] Şapolyo, Enver Behnan, Kemal Atatürk ve Milli Mücadele Tarihi, İst.,1958, s.33,23- aktaran Güler, Ali s.45
[11] E.B.Şapolyo, a.g.e.den aktaran Güler, Ali a.g.e. s.27, 28
[12] E.B.Şapolyo, a.g.e. den aktaran Güler, Ali a.g.e. s.28
[13] Türk Parlamento Tarihi, 1919-1923 c.111, TBMM Vakfı Yay., Ank.,1995, s.132-133
[14] E.B.Şapolyo, a.g.e den aktaran Güler Ali a.g.e.s.45
[15] Lord Kınross, Atatürk Bir Milletin Yeniden Doğuşu, Sander Yayınları, İst., 1978, s.25
[16] Güler, Ali, s.17
[17] E.B.Şapolyo, a.g.e.den aktaran Güler, Ali, a.g.e. s.28
[18] E.B.Şapolyo, a.g.e.den aktaran Güler, Ali, a.g.e. s.28
[19] Türk Parlamento Tarihi 1931-1935, c.11, Ank.1996, s.402
[20] E.B.Şapolyo, a.g.e. s.21 den aktaran Güler, Ali, a.g.e. s.28.
# www.yorukturkmenvakfi.com internet sahypasynyñ maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Taryhy makalalar