09:50 Biologiki uruşlaryñ gysgaça taryhy | |
BIOLOGIKI URUŞLARYÑ GYSGAÇA TARYHY
Taryhy makalalar
Biologiki urşuñ bize mälim bolan iñ ýönekeý mysaly, agyz suwy üçin ulanylýan guýularyñ we rezerwuarlaryñ içine adamdyr haýwan meýitlerini oklap, içmäge ýaramsyz hala getirilmegidir. Geçmişde agyz suwunyñ arassa saklanmagy üçin şu günki-günüñ gözi bilen seredenimizde juda ýowuz hasaplanjak berk jeza çäreleri amala aşyrylypdyr. Mysal üçin, Çingiz hanyñ çykaran ýasalarynda (kanunlarynda) akar suwa aýagyny sokan kişä ölüm jezasy berlipdir. Muña dogry düşünmek gerek. Sebäp diýseñ, şol döwürleriñ adamlary biziñ günlerimizdäki ýaly ýörite gaplara gaplanan arassa agyz suwuny içmändirler. Olaryñ agyz suwy-da, beýleki hajatlar üçin ulanýan suwlary-da, maldarçylyk we ekerançylyk üçin ulanýan suwlary-da akyp barýan suwuñ hasabyna üpjün edilipdir. Şonuñ üçin suwuñ arassalygyny saklamak üçin şunuñ ýaly berk çäreler gerek bolupdyr. Munuñ tersine, agyz suwuny hapalamak arkaly garşydaşyñ ýok edilen wagtlaram bolupdyr. XIV asyrda häzirki Ukraianyñ çäginde galan Kaffa şäherini gaban tatarlar tagun (çuma) keseli bilen keselläp ölenleri manjynyk bilen şäher galalarynyñ içine atyp ýa-da suw geçirijilere oklap, köpçülikleýin gyrgynçylyk döretmäge çalşypdyrlar.[1] XVIII asyrda Demirgazyk Amerikadaky iñlis güýçleriniñ serkerdesi Jeffri Amherst indeýlere ospa keseliniñ bakteriýasy siñdirilen odeýallary berip, ospa epidemiýasyna sebäp bolupdy.[2] Ikinji jahan urşunyñ 1939-1942-nji ýyllarynda ýapon goşunlary Manjuriýada şarbon, tagun, ospa, tulýaremiýa, ruam, holera, gyzamyk (skarlatina), menengit, inçekesel (tuborklýoz), salmonellýoz, stolbnýak, gemarragiýa gyzzyrmasy (геморрагическая лихорадка), guşgözi (difteriýa) ýaly dürli ýokanç keselleri ele düşen ýesirlerde synap görüp, köp sanly ölüme sebäp bolupdyrlar. Şol ýyllarda iñlislerem Gruinard adasynda şarbon wirusy boýunça köp sanly synag geçirip gördüler we adanyñ otuz alty ýyllap "keselbent" galmagyna sebäp boldular.[3] Adanyñ şarbon keseliniñ wiruslaryndan arassalaýyş işi 1979-njy ýylda başlandy. Diñe 280 tonna formaldegid gazyny ulanandan soñ, diñe 1986-njy ýylda ada doly arassalandy. Geçen asyryñ 50-nji ýyllarynyñ başlarynda amerikan goşunlary biologiki ýaraglary synap görmek maksady bilen San-Fransisko şäherine serrasiýa marsessens atly bakteriýany ýaýratdy. Aslynda dem alyş ýollary arkaly ýokuşýan bu keseli ýaýratmak maksat edinilmändir. Bu synagyñ maksady hakyky biologiki ýaraglar ulanylaýan halatynda meteorologik şertleriñ täsirini barlap görmek bolupdyr. Bu synag 1970-nji ýylda "The Washington Post" gazetinde çap edilýänça halk köpçüliginden gizlenipdir. Synaglar geçen badyna şäheriñ Stanford uniwersitetiniñ hassahanasynda serrasiýa marsessens boýunça nozokomial peşew ýollarynyñ infeksiýasy ýaýrady. Birnäçe hassa endokardit sebäpli aradan çykdy. Epidemiýanyñ goşunyñ geçiren synaglary bilen ilteşigi häzire çenli derñelmän galdy. 1972-nji ýylda ýüzden gowrak döwletiñ gatnaşmagynda gol çekilen "Bakteriologiki we toksin ýaraglarynyñ kämilleşdirilmegi, önümçiligi, daşalmagy we ýok edilmegi" hakyndaky kanun güýje girdi. Muña garamazdan öñki SSSR başlyklaýyn, şular ýaly howply ýaraglaryñ önümçiligi biziñ günlerimize çenli dowam edip geldi. SSSR-iñ goranmak ministrliginiñ garamagyndaky "Biopreparatyñ" biologiki ýaraglary öndürmek maksady bilen 1980-1990-njy ýyllarda 55 müñ adamdan ybarat alymlar we tehnikler toparyny işledendigini bu gün bilmeýän ýok. Şol toparda işlänlerden bu günki-gün Russiýada ýaşap ýörenleri az däl. 1979-njy ýylda ilkinji gezek häzire çenli bize mälim bolan iñ uly ingalýasiýa[4] keseline häzirki Swerdlowsk şäherinde gabat gelindi. Döwletiñ garamagyndaky biologiki ýarag öndürýän zawodyñ süzgüjinde ýüze çykan näsazlyk sebäpli ýaýran bakteriýalar ýetmiş dokuz adamyñ kesellemegine we şolaryñ altmyş dokuzynyñ aradan çykmagyna sebäp boldy. Aslyýetinde bolsa kesellänleriñ we ölenleriñ mälim edilenden has köpdügi barada gürrüñ ýaýrady. 1995-nji ýylda Ýaponiýanyñ Tokio şäherinde metro duralgalarynyñ birinde zarin gazy bilen köpçülige hüjüm edip, köp sanly adamyñ ölümine sebäp bolan "Aum Sinrikýo" terrorçylykly guramasynyñ hut Tokionyñ özünde azyndan sekiz gezek şarbon we botulizm bakteriýalaryny ulanandygy, ýöne olaryñ hernäme-de bolsa, haýsydyr bir näbelli sebäplere görä şowsuzlyga uçrandygy belli boldy. 1970-nji ýylda Bütindünýä Saglyk guramasynyñ hünärmenler toparynyñ geçiren hasaplamalarynda, eger-de, bäş million ilatly şäheriñ üstünden 50 kg-lyk şarbonly aerozol sepelenen ýagdaýynda 250 müñ adamda şarbon alamatlarynyñ peýda boljakdygy we bejergisiz galdyrylan halatynda şolaryñ 100 müñüsiniñ öljekdigi orta atyldy. ABŞ-nyñ Keselleri gözegçilik etmek we öñüni alyş merkezleriniñ çaklamasyna görä, eger bu kesel bilen kesellän 100 müñ adamy bejerjek bolsañ, 26.2 milliard amerikan dollaryny harçlamaly bolýar. 2001-nji ýylyñ 11-nji sentýabrynda ABŞ-nyñ şäherlerinde terrorçylykly hadysalar bolup geçenden soñ dürli guramalara ugradylan hatlaryñ içinde tozga görnüşinde şarbon wirusyna gabat gelinipdir we şol ýylyñ 24-nji oktýabryndan başlap ingalýasiýa bilen ýedi, deri şarbony bilen sekiz, jemi on bäş adamda kesel alamatlary peýda bolupdyr. Şol günden bäri ABŞ-dan başga ýerde şarbon ýokuşan ýeke adamam gabat gelmändir. # Internet maglumatlary boýunça taýýarlandy. @ Kitapçylar. _______________________________ [1] Maglumat üçin seret: http://www.kitapcy.ga/news/abs_nyn_biologiki_urus_maksatly_ulanyan_olum_howply_yaraglary/2020-03-02-10663 [2] Görkezilen birinji linke seret; [3] Maglumat üçin seret: http://www.kitapcy.ga/news/biologiki_uruslar_we_bioyaraglar/2020-03-01-10661 [4] Ingalýasiýa boýunça seret: https://tk.m.wikipedia.org/wiki/Ingal%C3%BDasi%C3%BDa | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |