11:18 Birinji jahan urşunyň bahasy näçe? | |
BIRINJI JAHAN URŞUNYŇ BAHASY NÄÇE?
Taryhy makalalar
Iňlis ykdysadyýetçileriniň hasaplamalaryna görä, iň pes derejedäki bahalandyrmalar bilen alnanda, ähli göni we gytaklaýyn çykdajylary boýunça umumylykda, 1914-1918-nji ýyllarda bolup geçen (28.07.1914 – 11.11.1918) Birinji jahan urşunyň bahasy, puluň XX asyryň başyndaky hümmedine görä, 360 milliard altyn amerikan dollary diýlip hasaplanýar. Deňeşdirmek üçin aýdylanda, şol döwürler, Ýeriň ýüzünde German Imperiýasy iň bir ösen döwletleriň biri hasaplanypdyr we tutuş Birinji jahan urşuna sarp edilen çykdajylaryň hemmesi, German Imperiýasynyň uruşdan öňki 30 ýylky umumymilli girdejisine barabar bolýar. Şol döwrüň maglumatlaryna görä German Imperiýasynyň Birinji jahan urşunyň öňsyrasyndaky ýyllyk tutuş milli girdejisi 11 milliard altyn amerikan dollary möçberinde bolupdyr. 1914-nji ýylda, Birinji jahan urşy başlanan Rus Patyşalygy urşuň birinji gije-gündizinde 12 million altyn rubly sarp edipdir. Urşuň soňky üç ýylynda, gündelik sarp edilýän bu pul möçberi barha artyp, 1917-nji ýylda Rus Patyşalygy urşuň 1 gije-gündizine 55 million altyn rubl sarp edýär ekeni. Uruşdan öň, takmynan 1907-1913-nji ýyllarda, 1 altyn rubla satyn alyp bolýar eken: - 33 sany towuk ýumurtgasyny; - takmynan 1,86 kg mesge; - 100-200 sany kartofel; - 20 sany meýmuruş (limon); - takmynan 2,32 kg towuk eti; - 100 sany sogan; - 0,96 kg bekre balygy. Özem, Rus Patyşalygynyň Birinji jahan urşunyň 1 gije-gündizine sarp edýän puly, bu urşa beýleki gatnaşyjylaryň sarp edýän çykdajylarynyň içinde iň ýokary möçberlisi hem bolmandyr. Mysal üçin: häzirki zaman hümmetindäki amerikan dollarynda hasaplanyňda, Beýik Britaniýa şol urşuň 1 gije-gündizine 2,5 milliard dollar, Germaniýa – 2,25 milliard dollar, Fransiýa – 2 milliarda azajyk ýetmeýän möçberde, Rus Patyşalygy bolsa – 1,5 milliard dollar sarp edipdirler. Ýöne, “kime uruş, kime huruş” diýilýäni, Birinji jahan urşy döwletleriň hemmesi üçin ägirt uly maliýe we maddy zeleli bilen bagly bolsa-da, bu uruşdan baýan adamlardyr döwletler hem bar. Mysal üçin: nemes maliýe tütjary Stinnesiň maýalary bu urşuň dowamynda 10 esse artypdyr. Edil şonuň ýaly-da Germaniýada we dünýäde “top patyşasy” diýlip ykrar edilen, meşhur artilleriýa ýaraglarynyň we demir-polat önümleriniň öndürijisi Kruppyň girdejileri 6 esse artypdyr. Bu uruşdan iň gowy gazanan ýurt bolsa, Amerikanyň Birleşen Ştatlary bolup, bu ýurt, 1914-1918-nji ýyllarda uruşýan taraplaryň hemmesine diýen ýaly ýarag, ok-däri, iýmit, senagat önümlerini, çig mallary we beýleki harytlary satyp, puluň häzirki zaman hümmetinde hasaplananda, jemi 2 trillion amerikan dollary möçberinde girdeji gazanypdyr. Birinji jahan urşy tamamlanandan soňra, Wersal parahatçylyk şertnamasynyň şertlerine laýyklykda, ýeňilen döwlet hökmünde ykrar edilen Germaniýa, ýeňiji döwlet diýlip ykrar edilen Angliýa, Fransiýa, Italiýa we Belgiýa 33 ýylyň dowamynda 150 milliard altyn marka möçberinde öwez tölegini (kontirubisiýa) tölemäge borçlanypdyr. Bu şertnama baglaşylandan soňraky Germaniýanyň ýeňijilere geçiren tölegleri bu ýurtda adamzadyň taryhynda iň agyr ykdysady çökgünçiligiň ýüze çykmagyna getiripdir. Şondan 15 ýyl soň Gitler ýeňiji döwletlere öwez tölegini tölemekden ýüz dönderipdir. Emma 1990-njy ýylda Germaniýa ýene-de şol tölegleri tölemäge dolanypdyr we soňky pul möçberi bolan 70 million ýewro, 2010-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda ýeňiji döwletleriň hasabyna geçirilipdir. © Alekseý Wolynes Çeşmesi: https://profile.ru/culture/skolko-stoila-pervaya-mirovaya-vojna-9428/. 16.05.2023ý. Birinji jahan urşunyň netijesinde, dört sany mähnet imperiýa dargapdyr: 1. Rus Patyşalygy; 2. German Imperiýasy; 3.Awstro-Wenger Imperiýasy; 4. Osman Imperiýasy. Adamzadyň taryhynda iň uly imperiýa bolan Beýik Britan Imperiýasy bolsa, ABŞ-dan alan karzlarynyň hem-de Birinji jahan urşunda çeken adam pidalarynyň we maddy ýitgileriniň hasabyna, ABŞ-nyň syýasy ugruna eýerýän, elgarama ýagdaýa düşüp, ahyrynda-da, Ikinji jahan urşundan soň dargapdyr. Birinji jahan urşuna jemi 38 döwletden 70 million adam gatnaşyp, şolardan 9-10 milliony wepat bolupdyr, 20 milliondan gowragy dürli derejede ýaralanypdyr. Ondan başga-da söweşlere gatnaşmaýan parahat ilatdan 7-10 million adam söweş hereketleriniň netijesinde, soňraky açlykdan, keselçilikden ýogalypdyr. Uruş hereketleriniň netijesinde ýaşaýyş-durmuş, saglygy goraýyş infrastrukturasynyň bozulmagy bilen köpçülikleýin keselçilikler (epidemiýalar) sebäpli, ýene-de 20 milliondan gowrak adam aradan çykypdyr. Birinji jahan urşunyň ýetiren agyr zyýanynyň ýene-de biri, 1918-nji ýylda ýüze çykan dümewiň: “ispanka” diýlip atlandyrylan, ýokary howply görnüşi, gysga wagtda aglaba köp döwletlere ýaýrap, Ýeriň ýüzünde millionlarça adamlaryň heläk bolmagyna getiripdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||