14:15 Biziñ hemmämiz ogry! / ýumoreska | |
BIZIÑ HEMMÄMIZ OGRY!
Satiriki hekaýalar
Müñ, ahmal, ýüz müñ ýyl öñ Transsaksoniýada bir satrap ýaşap geçipdir. Şol mahallar Aral kölüne akýan Amyderýa Öküz derýasy diýlipdir. Transsaksoniýa sözi hem "Öküziñ añyrsy" diýmegi añladýar. Transsaksoniýaly satrap örän hoşgylaw, kiçijik boýly, jüwürdäp duran adam bolupdyr: ol çagalary gowy görensoñ, olara pil oýunjaklaryyny, gergedanjyklary sowgat edipdir. Emma bu ýerde satraby halamaýan, bahylçylyk edýän, ol hakda her dürli ýalan-ýaşryk gep-gürrüñleri ýaýradýan, myjabat atyp, diwarlara asyp goýýan anarhistlerem bar eken. Şeýle bir wagt gelip ýetipdir welin, ýañky gep-gybatlar köpelip: "Hindiniñ, Hytaýyñ puly hümmetlenip, biziñki samana döndi" diýipdirler. Satrap eräp-akyp, gapdaldan seredende düýeguşa meñzäp barýardy. Şäherde iki sany köçe bar eken: Demirgazykdan günorta uzaýan Satrap köçesi we ony kesip geçýän Kurabiýe köçesi. Kurabiýe - satrabyñ ikinji gyzynyñ adymyş. Şol gün birdenkä kyýamat gopan ýaly bolupdyr: Kurabiýe köçesinden gelýän jemendäni görenler ýene bir topar çapawulçynyñ satraby ýazgarýan erbet sözleri aýdaryna garaşypdyr. Az salymdan soñ howpsuzlyk güýçleriniñ gelip, bulary dyr-pytrak etjekdigine şek-şübhe ýokdy. Ýöne garaşylanyñ tersine boldy: Müñlerçe adam eli bannerli, dil satraba bolan söýgüsini beýan edýän aýdymly ýöräp gelýärdiler. "Maýmynjyklar elimizde, uzyn tanap bilimizde, biz gidýäris talaña, heý, talaña!" diýip gygyrýardylar. "Gün geler-döwran döner, poliseýler ogra hasabat berer!" diýip, gygyryp ýatanlaram bardy. Kurabiýe bu mitingi köşgüñ balkonyndan synlap durdy. Köpçülik golaýlaşdy welin, içerik ylgap, satraba seslendi: - Kakajan, ylga, seret, näme bolýar? - Ýene çapawulçylarmy? - Ýok, ýok, bu gezek seni juda halaýanlar! Satrap ilki tutynyñ añyrsyndan seretdi, soñ balkona çykdy. Gözüniñ görýänine, gulagynyñ eşidýänine ynanmady. Köpçülik: "Biziñ hemmämiz ogry!" diýip gygyrýardy. Şindize çenli bular ýaly zat görmedik satrap şeýlekin söýginiñ, wepalylygyñ, jebisligiñ öñünde gözýaşlaryna erk edip bilmän, möññürip aglamaga başlady. - Biziñ hemmämiz ogry! - Biziñ hemmämiz ogry! Hökümet jarçylary iñ uly örküçli düýelerine dyrmaşyp, elindäki surnaý-kernaýlar bilen çykyş edýänleriñ sözüni şäheriñ çar künjüne ýetirjek bolýarlardylar. Agşam köşge Içeri işler ministri gelende, satrap şindizem aglap otyrdy. Bu köpçülikleýin çykyşynyñ aslynda toslama we gurnama oýundygyny bilmeýändiginden sagatlap gözýaş dökdi. Nämäniñ nämedigini gowy bilýän Kurabiýe kakasy otagdan çykan badyna ministri gutlady: - Şunça adamy toplamak üçin näçe pul berdiñiz? - Ymgyr kän! - Puly nireden tapdyñyz? - Piramidalaryñ gurluşygyny alyp barmaga hukuk gazanan gurluşyk firmasyna töletdik. - Ýetdimi? - Ýetmedi. Liwiýadan Gresiýa bikanun ýollar bilen aşjak bolanda jemlän bosgunlarymyzy-da arasyna goşduk. - Olañ köpüsi garaýagyz ýaly-la? - Hawa, olaram una bulap çykdyk! Selçuk EREZ. "CUMHURIYET" gazeti, 23.04.2015 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||