16:09 Biziñ hemmämiz ogry! / ýumoreska | |
BIZIÑ HEMMÄMIZ OGRY!
Satiriki hekaýalar
(Düyş) Magşar meýdanyna üýşen mähelle ýaly añyrsy-bärsi görünmeýän mähellä ýokardan bakyp oturan ekenim. Adamlar eli bannerli we baýdajykly biragyzdan gygyryşýardylar: - Biziñ hemmämiz ogry!.. Köpçülige golaýlaşdym. Baýdajyklaryñ ýüzi-de birmeñzeş ýazgylardan doludy: "Ogrym bilen işiñ bolmasyn!" "Dünýä ogrularyñ we binamyslaryñ bileleşigi"... Köpçülige ýene biraz ýakynlaşdym welin, içinde dürli reñklerde iş öñlüklerini geýen adamlary gördüm. Köpçüligiñ obalylardan we ýarym şäherli adamlardan ybaratdygyny bildimem welin, ak köýnekli biri ýanyma golaýlaşyp: - Dünýäde meniñ wezipämi eýeleýän adamlaryñ arasynda iñ köp gazanýanlaryñ birem bolsam, çekýän golum arkaly aýlyk girdejimiñ iki ýa-da üç essesini gazanmaga mümkinçilik berýän döwletimiz ýaşasyn! Soñ gök köýnekli ýene biri geldi: - Dünýäde iñ pes aýlyga işleýänleriñ birem bolsam, hem işleýän edaramy talap, hem ene-atamyñ gazanjyny entek olar aýatda dirikä iýip ýaşaýaryn. Aýalyma üç çaga dogurdyp, munuñ daşyndan pully kart oýnap, hatda ýyllyk girdejimiñ ýigrimi esse köp kredit kartym bilen fantaziýada ýaşap bilýän. Ýaşasyn ogurlyk!.. Köpçüligiñ añyrsyna geçip özüme üns berýän welin, mende haýsydyr bir geñ galmagyñ alamat-a ýok. Az-owlak öñe süýşdüm. Bu gezek ýaşyl köýnekli biri ýanyma gelip, şeýle diýdi: - Menem möwsümleýin işçi bolup, işsizlik derejesini pese düşürmek üçin ogry ýolbaşçylaryma kömek edýärin. Azyk kömegi bilen hakyma düşýänden artygyny almak bilen çäklenmän, gelýän kömekleriñ belli bir bölegini satyp, ýolbaşçylarymyñ edähedini gaýtalaýaryn. Ine, şu kürsüde oturan adamlar biziñ ýüzümiziñ tuwagydyr. (Süýem barmagyny sahna görnüşindäki ýere yşarat edýär). Sahna seredenimde bir topar penjek-jalbar görýärin, ýöne olaryñ biriniñem içinde adam ýok. Hamana gurjak oýnadýan ýüp bilen asylan ýaly durlar. Edil şol wagtam yzdan bir ses geldi: - Bärik gel, oglum! Gañrylyp seretsem, düýşlerde gezýän ýüzi nurana ak sakally ýaşula gözüm düşdi. Ýanyna golaýlaşdym. Ol: - Sen bu jelegaýlañ adamy däl ýaly-la. Ýöne özüñem gowy bilýänsiñ: siz nähili bolsañyz, şolar ýalam dolandyrylarsyñyz. Ýagny, sen bu topara goşuljaga meñzäñok. Bärde tanyş-biliş üsti bilen wezipä geçip adamyñ hakyny iýýänlerden, öýünde ýatan ýerinden ýeke gün işe çykman weşeñ-weşeñ hak-heşdek alýanlardan, agzalalykdan çörek gözleýänlerden halkyñ daban azabyny ýele sowrup ýörenlere, ýygnalýan salgytlary jantaýyna urmagy dereje bilýänlerden döwlet gaznasynyñ astyndan öz haltalaryna deşik açanlara çenli ogrularyñ we jübükeserleriñ müñ bir tüýslüsi bar. Bärde gezjek bolsañ, senem eliñe bir banner al. Ýogsa-da haýal etmän oýansañ, özüñ üçinem gowy bor... DÜÝŞÜÑ ÝORGUDY: "Iñ pes aýlyk hakyna nädip ýaşamaly?" diýen sowal boýunça çekişmeleriñ, düýşüñ kodlarynda täsiriniñ bardygy belli. Häzir Pifagor ýa-da Omar Haýýam çykyp gelse-de, şu işiñ çözgüdini tapyp bilmese gerek. Galyberse-de, "öz hakyny talap etmegiñ nämedigini bilmeýänleriñ hakyny goramaga dyrjaşan ähli köne sosialistleriñ mazary idegsiz-soragsyz garyp mazar bolup galdy". Öz geljegini ogurlajak bolýanlara hormat goýýan ýa-da añ-huşuny doly ýitirip, öz geljegini talaýanlaryñ arasyna hut özi goşulýanlaryñ üýşen ýerinde bolmagy dowam etdirmekçi bolsalar, iñ gowusy, hakyky oýanyşa çenli düýşler dünýäsiniñ myhmany bolanyñ iñ amatly çykalgadyr. M. Kürşat TÜRKER. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |