22:57 Boraltan köprüsi gyrgynçylygy | |
GARDAŞYNYÑ GANYN DÖKEN GARDAŞLAR
Taryhy makalalar
• BORALTAN KÖPRÜSI GYRGYNÇYLYGY Boraltan köprüsuniñ üstünde bolan gyrgynçylyk. 1945-nji ýyl... Türkiýe şol wagtlar özüni "Milli şef" diýip yglan eden Ismet Inönüniñ döwrüni başdan geçirýärdi. Ýurduñ ýolbaşçysy şol bir wagtyñ özünde Respublikan Halk partiýasynyñ (RHP) hem başlygydy. Şol ýyl, ýagny, "Milli şefiñ" döwründe Azerbaýjandan gaçyp Türkiýä gelen 146 azerbaýjan progressiwi Staliniñ hökmürowanlyk sürýän sowet penjesine elin berildi we rehimsizlik bilen öldürildi. Bu hasratly pajygaly waka taryhyñ sahypalaryna "Boraltan köprüsi gyrgynçylygy" ady bilen geçdi. Eýsem RHP hökümeti näme üçin göz-görtele bu gyrgynçylyga rugsat berdikä? Geliñ, bu soraglaryñ jogabyny agtarmaga synanşalyñ. • Boraltan köprüsi gyrgynçylygy 1944-nji ýyla çenli Orta Aziýadaky türki respublikalar we Azerbaýjan SSSR tarapyndan doly basylyp alynypdy. Ganojak bolşewikler diýdimzor kommunistik häkimiýete garşy gelejekde ýüze çykyp biläýjek iñ bir ownuk garşylygy-da düýbi-teýkary bilen ýok etmek isleýärdi. Sowet zulmundan gaçyp, özleriniñ gözünde "ene ýurt" hökmünde görülýän Türkiýä gaçyp gelen 146 azerbaýjan Igdiriñ gümrükhanasynyñ golaýyndan akýan Araz çaýynyñ üstünden geçýän Boraltan köprüsinden geçip, erkinlige gowuşmagyñ begenji bilen türk gümrük postuna gelipdiler. Şol ýyllar Türkiýe "Milli şef" döwrüniñ "Türk ýurdunda Türk men!" diýmegiñ jenaýat hasap edilýän döwrüni başdan geçirýärdi. Ýüz kyrk alty sany azerbaýjanly kowumdaşymyzyñ Türkiýä gaçandygynyñ habaryny alan sowet hökümeti emigrantlaryñ dessine yzyna ugradylmagyny talap etdi. Türkiýä sygynan gardaşlarymyz megerem, özleriniñ diýdimzor sowet esgerine beriljekdigini ýatsa-tursa oýlaryna-da getiren däldirler. Sebäbi olar ene ýurtdaky ganybir gardaşlarynyñ ýanyna gelipdiler we özlerini dünýäniñ iñ howpsuz ýerinde duýupdylar. Gynansak-da, "Milli şefiñ" türklüge we Türke bolan duşmançylygy bärde-de herekete girip, akla-huşa gelmeýän ähtimallygy, ýagny, Türki sözüñ doly manysynda gyrgynçylyga uçratmaga ýeterlik bolupdyr. Ýüz kyrk alty sany azerbaýjanly gardaşymyzyñ Türkiýä sygynandygyny eşiden sowet hökümeti olaryñ "sowet raýatydygyny" öñe sürüp, gaçgaklaryñ dessine yzyna tabşyrylmagyny talap edýär. Gümrük postunda aljyraññylyk başlaýar. Emigrantlar ýa-ha "öz ýurtlaryna" kabul edilmelidi, ýa-da Boraltan köprüsiniñ añyrsynda garaşyp duran sowet wzwodyna tabşyrylmalydy. Emma türk topragyny öpüp-ogşap, türk baýdagyny alynlaryna sylan gaçgaklar gardaş watanynda özlerine hossar çykyljagyna tüýs ýürekleri bilen ynanypdyrlar. Gynansak-da, "Milli şef" Ismet Inöniden diýseñ gorkunç buýruk gelipdir: "Şahslary derhal ýurtlaryna gaýdyp beriñ!" Köpriniñ beýleki tarapynda ganly dişlerini syrtardyp garaşyp duran orslaryñ nähilidigini gowy bilýän emigrantlar türk esgerlerine ýalbaranlaryny gowy gördüler: – Bizi siz öldüriñ, ýöne, gaýrat ediñ olara bermäñ. Iñ bolmanda, öz ýurdumyzda, öz baýdagymyzyñ aşagynda öleliñ. • "Her niçik-de bolsa ýaşasyn Türkiýe!" Esger pahyrlar nä alaç eýlesin. Olar berilen ýowuz görkezmäni ýerine ýetirmäge borçludylar. Türk esgerleriniñ eli bilen gaçgaklar bäş-bäşden, on-ondan beýleki tarapa geçmäge mejbur edilýär. Garaşyp duran sowet wzwody köpriden birinji bolup geçen topary duran ýerinde türk esgerleriniñ gözüniñ öñünde oka tutýar. Bolýan zatlar bilen ylalaşyp bilmedik gümrük postunyñ başlygy gaçgaklary gaýdyp berme işini dessine togtadýar-da, Ankara til kakýar – Beýleki tarapa geçenleri oka tutýarlar. Näme etmeli? "Milli şefden" gelen jogap şu bolýar: - Buýrugy ýerine ýetiriñ, ýogsam watan dönükligi bilen jogapkärçilige çekilersiñiz! Alaçsyzlyk içinde iñ soñky gezek gardaşlarynyñ ýüzüne garan gaçgaklar ahyrsoñy ýanlary bilen alyp gelen geýim-gejimlerini-de taşlap, Boraltan köprüsinden yzlaryna - ölüme tarap ýöräp başlaýarlar. Ajy gözýaşa boglan esgerler olary synlamaga döz gelip bilmän beýlesine öwrülip durýarlar. Gaçgaklaryñ ölüme tarap barýarka gygyryp aýdan sözleri bolsa ýürekleri dilim-dilim edýärdi: – Zyýany ýok, goý, ölen biz bolalyñ! Ýaşasyn Türkiýe! Boraltan köprüsiniñ üstündäki gyrgynçylyk bir döwrüñ taryhyna gara tegmil bolup giren "utanç zynjyrynyñ" diñe bir halkasydyr. Gardaşlarymyzyñ garşysyna öz içimizden urlan hanjarlaryñ sany barmak basyp sanardan köp. Sowet zulmundan gaçyp halasgär hasap edilen Germaniýa sygynan on müñlerçe krymly, gazak, özbek, gyrgyz, türkmen, azerbaýjan we ahyska gardaşlarymyz Ikinji jahan urşy tamamlanandan soñ dürli ýollar bilen Türkiýä gelenem bolsalar, türk hökümeti olary SSSR-e elinje tabşyrýardy. Sowet penjesine düşeniñ ykbalynyñ näme bilen gutarýany bellidi - ýa ölýänçä konslagerlerdir sürgünlerde gul kimin işledilmeli, ýa-da "ölüm syrtmagynyñ" astynda iñ soñky demiñi almaly. • Boraltan köprüsi / elegiýa Boraltan bir köprüdir, aşar gider Arasy, Ýuwsañ, Aras suwundan çykmaz ýüznüñ garasy. Garasyýa-garasy, merhemet pukarasy, Garasyýa-garasy, merhemet pukarasy. Ýow garaşýar garşymda, öñüne atdy meni, Jan alynan bazarda gardaşym satdy meni. Yza dönüp seslendim merhemetsiz birine, Meni siz ursadyñyz, şu gäwüriñ ýerine Türk - bu Altaýlaryñ düýnki nerimi? Ýolunda jan berdim, goýdum serimi. Düşen torlaryndan sypynsyn diýe Serdim aýagyna doglan ýerimi. Gardaşyñ sowgady - dökülen ganlar, Maña peşgeşmidi giden gurbanlar? Men aýdýaryn: "Gaýy handyr aslymyz, Bir çeşmeden - barlygymyz, neslimiz. Dilim - dili, ýolum - ýoly, emel - bir. Alnymyñ ýazgysy garadyr gara, Howadan elýaglyk ýolladym ýara. Ýol - uzyn, el - uzak, ýetişmez eller, Türklügiñ ýaraly ýüregin sarap. Pelek dözmüş ýüñi ýeten dilege, Nälet Türke hanjar sokan bilege. Etmişmi - duşmana göwüs gerilse? Günämi - türklüge göwün berilse? Orslaryñ ganadyp taşlan ýaranyñ Ene ýurtda gardaşymdan görenim. Seslensedim, ses çykardy her daşdan, Näme tama etjek güñleşen başdan?!. Näçe eli ganly çykdy oýundan, Neýläýin, namartlyk barmyş soýunda. Girdigim ýurdumdan dönderilemde, Ganymyñ akdygy serhet boýunda Açan lälelerden bir bogdak örsem, Türklük dünýäsine ýadygär bersem. Gümrük postunuñ başlygy ýaş ofiser öýüne gelensoñ bolup geçen wakalaryñ ejirine çydaman öz janyna kast edipdir. Ynha, Boraltan köprüsiniñ üstündäki ganly gyrgynçylygyñ hasratly taryhy şulardan ybarat.. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||