12:55 Dähli gyrgynçylygy | |
DÄHLI GYRGYNÇYLYGY
Taryhy makalalar
(Žurnalistiň kommentarisi) “Dähli hasraty” makalasynyň awtory Amangeldi Hydyr Nebitdag şäherindäki çeperçilik mekdebinde direktorlyk işinden daşary şäher Sowetiniň deputaty hökmünde jemgyýetçilik işine-de işeňňir gatnaşýar. Hudožnik Dählide bolanda şol ýeriň görnüşlerini surata geçiripdir. Şolardan birisini ol biziň gazetimize-de berdi. Şeýle hem Dähliden getiren peşeňlerini, aýal-gyzlaryň şaýlaryny, el hünäri işleriniň gurallaryny görkezdi. Şol ýerde bolandan soň, onuň kalbynda dörän gaýgy-gamyň güýjändigini, ynsana bolan söýginiň has artandygyny görmek bolýar. Şonda-da Dähli wakalary Günbatar Türkmenistanyň taryhynda iň pajygaly ýatlamalary öz içine alýandygy üçin aýyl-saýyl edilmäge degişli bolup durýar. Awtoryň beýan edýän gürrüňlerinde hem heniz şol aýyl-saýyllyk ýok. Ol “basmaçy” sözüni bir ýerde hem ulanmandyr. Belki, basmaçylyk barada soňky wagtda orta atylýan iki hili ýörelgäni, “bizde basmaçy bolmady” diýen pikire uýýanlygy üçin şeýle edendir. Ol awtoryň öz meýli. Ýöne welin okyja düşnükli bolar ýaly gürrüň edilse gowy boljak. Diýmek, 1931-nji ýylda Dählide gyrlanlara şu wagta çenli diňe basmaçylar diýilmegi hakykata laýyk gelenok. Biz, umuman, basmaçylyk hereketiniň düýp sebäplerini, onuň öňde goýan maksatlarynyň dogrulygyny ýa-da nädogrulygyny kesgitlemäge synanyşmakçy däl. Ol ýörite şu ugurda işleýän alymlaryň, syýasatçylaryň aladasy. Biz Dähli wakasy barada okyjylara käbir zatlary aýtmakçy. Türkmenistan respublika bolandan soňky 70 ýyla golaý döwrüň içinde bize aýdylmadyk wakalar az-owlak däl bolsa gerek. Bularyň bary aýry-aýry milletiň günäsi däl-de, stalinçilik totatlitar syýasatyň, býurokratik buýruk beriji häkimdarlygyň tutuş ýurda ýaýran, adamlaryň aňynda kanuny zada öwrülen emeliniň netijesidir. Muňa okyjylaryň hem şeýle düşünmegi gerek. Basmaçylyk baradaky käbir edebiýatlarda Dähli wakalary barada henize çenli giňişleýin habar berlenok. A.I.Zewelew, Ý.A.Polýanow, A.I.Çugunow awtorlar topary tarapyndan ýazylan “Basmaçylyk” diýen kitapda (Moskwa, 1981) aýdylyşyna görä, I.L.Lamanowyň motomehanizirlenen otrýady 1931-nji ýylda Çagyl töweregindäki basmaçylara garşy söweşe çykýar. Onuň özi Çagyl guýusyndaky söweşde wepat bolýar. 1931-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Dählide bolan söweşiň iň agyr we iň gan döküşikli bolandygy barada şol kitapda habar berilýär. Söweş on sagada çekýär. “Basmaçylaryň ýeňlişi gutarnykly boldy. Diňe olaryň az bölegine sypmak başartdy” diýip, awtorlar ýazýarlar. Ynha, bar bolany. Diýmek, ýazylyşyna ynansaň, Dählide söweş diňe basmaçylar bilen bolupdyr. Belki, şol ýerde öz atalary, doganlary bilen bile gyrlan mysapyr adamlar hakynda harby bölümleriň maglumatlarynda hiç zat aýdylan däldir? Ony anyklamak bolar. Ýöne welin şol aýylganç wakany görenleriň, eşidenleriň habaryny, onda-da nesilden-nesle geçip gelýän hiç ýere ýazylmadyk habarlaryny, ol ýerde häli-häzire çenli saklanyp galan eýesiz muzeýiň ýel-gamyra döz gelip ýatan şaýatnamalaryny asla gizläp bolmaz. Munuň özi basmaçylyga garşy göreş diýlip ýol berlen uly gyrgynçylygyň subutnamasydyr. Şeýle ýalňyşlygyň bolmazlygy hakda W.I.Lenin turuwbaşdan biynjalyk bolupdy ahyry. Gündogar halklarynyň ösüş aýratynlyklaryna, ýaşaýşyndaky, dinindäki, däp-dessuryndaky, häsiýetlere eserdeň garamagy, olaryň ynamyna girmegi W.I.Lenin ündäpdi. Şol ündewleriň ýoýlan faktlary barada Gaýgysyz Atabaýew 1922-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türküstan Merkezi ispolnitel komitetiniň IV plenumynyň 5-nji mejlisinde doklad edende aýdyp, şeýle diýipdi: “....Soňky dört ýylda basmaçylyk ýok edilmekden geçen, gaýta, tersine, Ferganada ösdi, başga oblastlara ýaýrady hem-de Samarkandyň ähli ýerini, Surhanderýa we Türkmen oblastlarynyň bir bölegini eýeledi. Munuň sebäbi biziň soňky dört ýylda alyp baran ähli işimiziň sowatsyz ilatyň arasynda asyrlar bäri ornaşyp gelen ýaşaýyş düzgünlerine, durmuşyna, däp-dessurlaryna doly ters gelmegidir”. Ýoldaş Atabaýew şol çykyşynda käbir sebäplere görä, komandowaniýede we gyzyl esgerlerde tutuş ilaty basmaçy hasaplamak düşünjesiniň bardygyny mysallar arkaly aýdyp, şeýle pikirden el çekmegi sargapdyr. Gynansak-da, şol ýalňyşlyklar soň-soňlaram gaýtalanypdyr. Oňa görä, Türkmenistan häzir özbaşdak döwlet statusyny alan mahalynda, onuň öz çäginde ýaşaýanlaryň her biriniň syýasy we ynsan hukuklarynyň ygtybarly goragçysy hökümnde çykyş edýän wagtynda, taryhymyzyň heniz açylmadyk sahypalary açylyp gelejekde şeýle gan döküşikligiň bolmazlygy sapak edinilse, ynsan hatyrasynyň belent tutuldygy bolardy. Taganmyrat GOŇUROW, “Halk sesi” gazetiniň Balkan oblasty boýunça habarçysy. “Balkan” gazeti, 30.01.1992 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |