22:15 DKTR-da korona günleri we ondan soñrasy | |
DKTR-da KORONA GÜNLERI we ONDAN SOÑRASY
Publisistika
Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyñ (DKTR) kowid-19 ýokanjyna garşy göreşi dünýäniñ birnäçe ýurduna nusga bolarlyk görnüşde alnyp baryldy. Hökümetiñ alan ýerlikli we öz wagtynda kabul eden öñüni alyş çäreleri netijesinde soñky 17 gün bäri DKTR-de koronawirus wakasyna gabat gelinmedi. Bejergi alýan ýekeje näsag bar, olam sagalyp barýar. DKTR halky we hökümet bu üstünligi bilelikde gazandy. Kabul edilen öñüni alyş çäreleri gyzgalañly dowam edip durka, öñümizdäki täze döwür üçinem meýilnamalar işlenip düzülýär. Ykdysadyýetiñ çarhlarynyñ täzeden aýlanmagy üçin ykdysady toparlanmalar, maliýe we bank ulgamynyñ ýolbaşçylary bilen hökümet ýygnak üstüne ýygnak geçirýär. DKTR-nyñ iki girdejili pudagy bolan turizmiñ we bilimiñ täzeden janlandyrylmagy üçin nähili syýasat alyp barylmalydygy ara alnyp maslahatlaşylýar. Käbir iş ýerleri, jemgyýetçilik edaralary öz işine başlanam bolsa, köp ýerleriñ işi heniz ýola goýlanok. Olary işletmek üçin goşmaça maddy kömek gerek. Döwletiñ girdejileri we maddy çeşmeleri ellä-elli pese düşdi. Hökümet içerki harçlama we Türkiýeden garaşylýan maddy goldawlar bilen ykdysadyýeti täzeden iñ ujypsyz zyýan bilen dowam etdirmegi göz öñüne tutýar. Özi tejribeli ykdysatçy bolansoñ premýer-ministr Ersin Tatar ýüzbe-ýüz bolan kynçylykly meseleleriñ agzybirlik bilen hötdesinden gelinjekdigini we DKTR-nyñ ýolunyñ rowaçdygyny buşlady. Tatar öñküsi gün Mejlisde eden çykyşynda "Ykdysadyýetde birtopar üýtgeşmeleri amala aşyryp bu kynçylygy ýeñip geçjekdigimize ynanýaryn" diýip, ähli pudaklaryñ maý-iýul aýlary üçin maksatnamalarynyñ taýýardygyny, Türkiýäniñ goldawy bilen munuñ hötdesinden gelinjekdigini" aýtdy. * * * Geçen hepde DKTR-de iñ köp gepi edilen we jedelleşilen meseleleriñ biri-de, turizm sektorynda birnäçe goýumy bolan işewür Besim Tibukyñ eýelik edýän "Diyalog Tv'" teleýaýlymynda berilen bir gepleşikde aýdan sözleri sebäpli ady agzalan teleýaýlymyñ goýberilişiniñ "Türksat" hemrasyndan Türkiýäniñ Radio we Teleýaýlymlara gözegçilik edýän ýokary guramasy (RTÜK) tarapyndan kesilmegidi. Tibuk gatnaşan gepleşiginde Enewatanymyzyñ Prezidenti Erdogana garşy agyr tankydy bellikleri edýän sözleri aýdypdy, munuñ bilenem çäklenmän DKTR-nyñ Angliýa birikdirilmeginiñ has gowy boljakdygyny aýdyp, hetden aşypdy. "Diyalog" teleýaýlymynyñ "Türksat" hemrasyndan RTÜK tarapyndan möhletsiz ýapylmagynyñ yzysüre başlan çekişmelerde bolup geçen zatlary ýoýup, Enewatan Türkiýäni aýyplamaga synanyşýanlar, kiprli türkler bilen Enewatanymyzyñ arasyny vozmaga çalyşýanlar täzeden aññyrmaga başladylar. Muny özlerine amatly pursat hasaplaýan Türkiýedir DKTR-na duşmançylyk besleýän içimizdäki gaflat ukusyna giden we hyýanat batgasyna batan rumsöýerler - birküç guramanyñ hetdini tanamaz başlyklary kiprli türkleriñ Türkiýeden ýüz öwürmeginiñ gerekdigini, Rumlar bilen birleşilse has gowy boljakdygyny aýdar ýaly derejede öte geçdiler. Meniñ pikirimçe, RTÜK-iñ gelen karary beter agyr boldy. Ady agzalan teleýaýlym DKTR-na we Türkiýä arkalanýan ýaýlym syýasatyny ýöredip durka, diñe onuñ hojaýyny ýalñyşdy diýip, teleýaýlymyñ ýapylmagy we telewideniýäniñ işgärleriniñ jogapkärçilige çekilmegi dogry däl. Teleýaýlym ýañadan hemra arkaly işe başlamalydyr, Tibukyñ sözlerinde kanun bozulmalar bar bolsa, onda ol degişli ýerinde degişli kişilere hasap bersin. * * * DKTR-da meniñ eýeçilik edýän "Volkan" gazetinde birnäçe gezek çykyş edip, dürli metbugat organlarynyñ Türkiýäniñ we DKTR-nyñ garşysyna gönükdirilen çykyşlar taýýarlaýandygyny we bulara garşy degişli öñüni alyş çäreleriniñ geçirilmeginiñ hökmanydygyny ýañzydypdyk. Oppozisiýadaky JTP-nyñ organy bolan "Sim TV" teleýaýlymynyñ iş seredilmäge degişli, şeýle-de häzirki Prezident Akynja ýakyn durýan dürli metbugat organlarynda berilen birnäçe çykyşlarda Enewatan Türkiýä we DKTR-na kesek zyñylýar, kemsidiji sözler aýdylýar. RTÜK-yñ bireýýämden bäri hyýanatyñ batgasyna batan bu teleýaýlymlaryñ öñüne taýak oklamagyñ we agzalan çykyşlary edenler boýunça kanuny jogapkärçilige çekmegiñ deregine, diñe "Diyalog" teleýaýlymyna temmi bermegi gödek ýalñyşlykdyr. Ýene bir üns bermeli zat bar: olam, hyýanat batgasyna batan bu metbugat organlarynyñ hemra (uydu) harçlary we bu organlarda işleýänleriñ aýlyk haklary döwlet tarapyndan üpjün edilýänligidir. Bular döwletiñ puluny iýip, döwlete sögýärler. Şonuñ üçin gyssagly ýagdaýda DKTR-da "Döwletiñ goragyny kepillendirýän" kanunlaryñ çykarylmalydyr. Enewatan Türkiýä we DKTR-na garşy gönükdirilen bigaýratçylykly ýaýlymlaryñ jogapkärçilige çekilmegi, ýapylmagy we bulara berilýän her dürli goldawyñ kesilmegi jebisligimiz we döwlet howpsuzlygymyz üçin hökmany şertdir. DKTR-daky humar, jelepçilik we süýthorçylyk mafiýalarynyñ ýoguna ýanylmagy üçin batyrgaý we kararly hökümete mätäçligimiz bardyr. Käbir gatlaklar Türkiýeden garaşylan maliýe kömeginiñ nämüçindir DKTR-na gelip gowuşmazlygyny, DKTR hökümetiniñ garaşylan kanunlary, hususanam haýynlary jezalandyrmaga gönükdirilen döwleti goraýjy kanunlaryñ çykarylmazlygyna, Enewatana açyk diýjegini diýip ýörenleriñ döşüni gaýşardyp aramyzda arkaýyn gezip ýörmelerine we munuñam üstesine olaryñ döwlete arkalanýandyklaryna baglanyşdyrýar. Dogry sözüñ üstüne söz ne hajat, ýagdaý dogrudanam şeýle... Hüseýin Majit ÝUSUF, hmyusuf1@gmail.com "Yeniçağ" gazeti, 07.05.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |