08:07 Koronawirus we syýasy renta bähbitçilleri | |
KORONAWIRUS WE SYÝASY RENTA BÄHBITÇILLERI
Publisistika
Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyñ (DKTR) Prezidenti Akynjy we onuñ tarapdarlary bilen oppozisiýadaky JTP-dyr TDP koronawirus ýokanjynyñ üstünden syýasat ýöretme tagallasynyñ içine girdiler. Hususanam Akynjy köpçülikleýin ýokanç keseliñ arkasyndan oktýabr aýyna goýlan Prezidentlik saýlawynda öñe geçmegiñ kül-külüne düşdi. Premýer-ministr Tatar we onuñ kömekçisi Özersaý bolsa Akynjynyñ saýlawdaky iki bäsdeşi. Hökümetiñ koronawirusa garşy göreşindäki şowsuzlygyny Akynja ýeñiş gazandyrmagyñ peýdasyna öwürmegiñ ownuk hasaplary çykarylýar. Bu ýigrenji hasap hut halkyñ gözüniñ öñünde edilýär. Eýýäm näçe günläp öýlerinden çykman oturan kiprliler Akynja esasanam sosial mediýa arkaly güýçli nägileligini bildirýär. Akynjy bir tarapdan halkyñ hökümete ynam bildirmegine päsgel bermegiñ kül-külünde, beýleki tarapdan DKTR-na islendik ýagdaýda ýardamyny gaýgyrmadyk Enewatan Türkiýäniñ abraýyna kölege düşürmäge, kiprli türkler bilen Türkiýäniñ ýygjam baglaryny gowşatmaga jan edýär. Akynjynyñ ýanyndaky tarapdarlary Türkiýäniñ kiprli türklere gerekli kömegi etmändigini aýdar ýaly derejede hetden aşdylar. Koronawirus wakasy DKTR-de ýüze çykan ilkinji gününden başlap, Türkiýeden uçarlar arkaly DKTR-na gerekli lukmançylyk enjamlary we derman serişdeleri ugradyldy. Muña garamazdan Akynjydyr tarapdarlarynyñ garalama kampaniýasy añlary bulaşdyrmaga gönükdirlen ýigrenji syýasy pyrryldaklardyr... Akynjy ýakynda Rum lider Anastasiadis bilen telefonda habarlaşyp, ondan kömek sorapdyr, Anastasiadis hem kömek etmegi makul bilipdir. Geçen hepde Günorta Kiprden DKTR-na gelen bäş şaýylyk sadaka ýaly rum kömegi DKTR hökümeti bilen Akynjyny garşyma-garşy getirdi we ýurtda çekişmeleriñ döremegine sebäp boldy. Akynjynyñ uzak wagtdan bäri ýurtda parallel gurluş döredip, hökümeti we döwleti gowşatma strategiýasynyñ çäginde agzalan kömek Prezidentiñ hut öz görkezmesi bilen hiç bir hökümet agzasyna habar berilmezden, degişli gulluklaryñ rugsady alynmazdan, gümrük kada-kanunlary gödek bozulyp, bikanun ýagdaýda DKTR-na getirildi. Premýer-ministr Tatar bu boýunça nägileligini dessine bildirip, bikanun hereketler boýunça degişli derñew işiniñ açylmagyny tabşyrdy. Ol DKTR-nyñ hukuk döwletidigini we parlamentar sistema görä ýerine ýetiriş edaralaryna gönüden-göni gözegçilik edýäniñ hökümetdigini Akynja ýatlatmaly boldy. ■ Ýalan-ýaşryk syýasaty Şol ikiarada Akynja golaý durýan birtopar žurnalistler DKTR-na getirilen kömekleriñ hut Akynjynyñ sargydy bilen Ýewropa bileleşiginden (ÝB) gelen 2,5 million ýewro barabar gerekli serişdeleridigi baradaky ýalan-ýaşryk habarlar halk köpçüligine ýetirilip, "serediñ, ynha, Türkiýe hiç hili kömek edenok, emma hem Rum, hem ÝB kiprli türkleriñ dadyna ýetişdi" diýen pikiri döretmäge synanyşdylar. Akynjydyr tarapdarlarynyñ Prezidentlik saýlawynda ýeñiş gazanmak üçin köpçülikleýin ýokanç kesel belasyndan peýdalanmaga çalyşmagy ullakan namartlykdyr we barypýatan syýasy şowakörlükdir. Ýalan-ýaşryk habarlary ýaýradyp, manipulýasiýa gurnamak arkaly DKTR-nyñ koronawirusa garşy göreşde şowsuzlyga uçrandygy we Türkiýäniñem kömek etmeýändigi pikirini döredip, Akynjynyñ güýçlenmegi üçin bu pyssy-pyjurlykly oýun - porsy senariýa orta sokuldy. Olaryñ "ýokanç kesel DKTR-na ýaýrasyn, adamlar ölsün we hökümet çöksün" diýip doga-dileg edýändiklerini aýtsam, öte geçdigim bolmasa gerek. DKTR respublikan mejlisi bir aýlyk arakesmeden soñ koronawirus meselesi bilen geçen gün toplandy. Hökümete degişli ministrler ýokanç kesele garşy göreşde alyp barýan işleri boýunça hasabar berýärkä, beýleki oppozision iki partiýanyñ - JTP bilen DTP-nyñ özlerini ýakymsyz alyp barşy ylalaşar ýaly zat däl. DKTR hökümetiniñ koronawirusa garşy göreşde häzire çenli eden kabul eden çäreleri üstünlikli durmuşa geçirildi hasap etse bolar. Koronawirus ýurdumyzda iki nemes syýahatçysy we iki kiprli ildeşimiz bilen birlikde jemi dört adamyñ ömür tanapyny ýoldy. Her geçen gün öñküsinden iki esse artdyrylan mukdarda PCR testleri geçirilýär we ýüze çykýan wakalaram az. Testleri pozitiw çykan we sany 100-den geçmeýän wakalaryñ köpüsi eýýäm bejerildi we häzir bejergi astynda bary-ýogy 22 sany ildeşimiz bar. Hökümet elindäki maliýe çeşmelerini ýeterlik mukdarda ildeşleriniñ hemmesine deñ-derman ýeter ýaly goşmaça kömek pullarynyñ beriljekdigini mälim etdi. Ýakyn günlerde Türkiýedenem maliýe kömeginiñ gelmegi üçin işler alnyp barylýar. DKTR hökümeti elindäki baryny-ýoguny bu beladan doly gutulmak üçin orta goýup ýörkä, bu kynçylykly döwürden syýasy renta gazanmaga çalyşýanlaryñ bolmagy ullakan masgaraçylykdyr we adamkärçilige sygmaýan ýagdaýdyr. DKTR halky piliñ gulagynda uklanok we bolup geçýän zatlary dogry-dürs aýyl-saýyl edip bilmäge hem-de dogry syýasy kararlary wagty-sagady gelende bermäge ukyby ýokdur öýtmesinler. Şular ýaly möhüm günde - 23-nji aprel Halkara Çagalar gününiñ ýüzünji ýylynda beýik türk milletiniñ baýramyny tüýs ýüregimden gutlaýaryn, Eziz Atatürküñ we egindeşleriniñ ýagty ýadygärlikleriniñ öñünde hormat bilen baş egýärin… Hüseýin Majit ÝUSUF, hmyusuf1@gmail.com "Yeniçağ" gazeti, 23.04.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |