23:00 Dünýä türkmenleriniñ fiziki aýratynlyklary | |
DÜNÝÄ TÜRKMENLERINIŇ FIZIKI AÝRATYNLYKLARY
Edebi makalalar
Üç yklymyň çar künjegine ýaýran oguz iliniň merdana nesilleri bolan türkmenler häzirki wagtda bir-birlerine nähili derejede meňzeýärler? Olaryň fiziki aýratynlyklarynda bolan umumylyklary nähili anyklap bolar? Bu soraglara jogap bermek üçin dürli ýerlerde ýaşaýan türkmenleriň suratlaryny deňeşdirip görmekligi makul bildik. Stambul we Kaýseri boýunça geçirilen barlaglar biri-birine juda meňzeş bolandygy üçin bu ýerde diňe Stambul barlaglarynyň netijeleri görkezildi. Türkmenistanly türkmenler hem edil Anadolyly türkmenler ýaly Günbatar Aziýalylardyr. Türki diliniň kökleriniň Sibire uzaýandygyny we Sibiriň genetiki galyndylarynyň türki dilleriň ýaýylmagyna möhüm yşaratlaryň biri bolup durýar. Türkmenistandaky we Türkiýedäki Sibirden galan genetik düzüm garşylyklaýyn derejede bolup, Aýdyn türkmenleriniň Sibirden galan genetik mukdary Türkmenistanly türkmenleriňkiden agdygrak gelýär. Anadoly türkmenleriniň kökleri Türkmenistan/Eýran türkmenlerinden gelip çykýandygy üçin genetik taýdan Anadola düýpli türkmen göçleriniň bolandygy jedelsiz hakykatdyr. Çünki häzirki türkleriň Anadolydaky goňşulary we ýakyn garyndaşlary bolan greklerde we ermenilerde Sibirden we GündogarAziýadan galan genetik baglanyşyklar asla duş gelenok. Anadola gelen seljukly türkmenleriniň genetiki aýratynlygy häzirki Türkmenistanly türkmenlere juda meňzeýändigini göz öňüne tutanyňda, Türkiýedäki türkmenleriň 5%-i Sibir genine degişli bolup durýandygy üçin 7,6 % Sibir geni bilen baglanyşykly türkmenleriň uly bölegi Anadola göçen bolmaly. Genetik gelip çykyşy Türkmenistanly türkmenler Aýdynly türkmenler Stambully türkler (türkmenler) Ermeniler Rumlar indeýler 1,5 0,1 0,3 0 0 Günbatar Aziýalylar 45,7 37 47,9 55,4 26,4 Ýerli awstaliýalylar 0,3 0,4 0,4 0,3 0 Paleolitik Afrika 0 0 0 0 0 Neolitik Afrika 0 0,2 0 0 0 Sibir 7,6 8,1 3,5 0 0 Orta Ýer deňizi 16,2 24,5 24,7 32,9 28,8 Gündogar Aziýa 6,7 4,47 3,7 0 0,2 Atlantika 12,9 25,2 18,5 11 44,6 Günorta Aziýa 9,3 0 1 0,4 0 @Direliş edebiýat | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |