19:45 Gazäniñ üç atlysy | |
GAZÄNIÑ ÜÇ ATLYSY
Publisistika
Genosidçi Ysraýyl we onuñ jenaýatkär ýarany günbatarly sionistler ýene bir baýrama ullakan masgaraçylyk we gynanç bilen girdik. Yslam älemi bilen birlikde bütin dünýä alty aý bäri dowam edip gelýän genoside sessizje tomaşa edip gelýär. BMG we beýleki birnäçe halkara gurama we lideriñem aýdyşy ýaly dünýä Gaza babatda "ahlagyny we adamkärçiligini" ýitirdi. Ynsap öldi. Alty aýlap hemmeleriñ haýdan-haý diplomatiki ýollar bilen ara girmegine, global derejede millionlaryñ aýaga galmagyna garamazdan hiç hili netije gazanylmady. Gojaman dünýä gundagdaky bäbekleriñ we kiçijik çagalaryñ öldürilmeginiñ öñüni alyp bilmedi. Hiç bir diplomatik seslenme Ysraýyly duruzyp bilmedi. Diñe üç aktýor Gazä gönükdirilen genosidi we basybalyjylykly strategiýasyny paltalap bildi. Hiç kimiñ oñarmadyk zadyny edip, sionasistleriñ pygyllaryny agdar-düñder etdi. Bu aktýorlar Türkiýäniñ prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Günorta Afrika Respublikasy, BMG-nyñ Palestina boýunça ýörite reportýory Françeska Albanesadyr. * * * Ýoldaş Erdogan "Hamas" watany ugrunda söweşýän mojahetler goşunydyr. Asyl terrorçy topar Ysraýyl döwletiniñ özüdir" diýip, sionasistleriñ keýpine sogan dogrady, söz paradigmalaryny ýer bilen ýegsan etdi. Şeýtmek bilen basybalyjylara garşy söz üstünligini gazanan täsirli diplomatiýasy bilen sionistleriñ global jemgyýetçiligi ýesir almagynyñ we manipulirlemeginiñ öñüni aldy. Erdoganyñ şeýle sözleri hiç kimsäniñ dilini ýarmaga milt edip bilmedik döwründe aýdandygyny ýatdan çykarmalyñ. Erdoganbbu çykyşyny Günbataryñ 7-nji oktýabrdaky "Aksa tupany" garşylyklaýyn hüjümini Ysraýylyñ 11-nji sentýabr teraktyna meñzedip, DEAŞ-laşdyran "Hamasyna" garşy dünýäni tarapyna çekmäge synanyşýan iñ işjeñ propoganda möwsüminde etdi. Palestin dawasyna hemmetaraplaýyn arka çykyp gelen Erdogan haçlylara ýumruk salgady. "Siz haçly ýörişleri bilýärsiñizmi? Bilýän bolsañyz, bu milletiñ entek ölmändigini-de biliñ! Liwiýada kim bolsak, Garabagda kim bolsak, Ýakyn Gündogarda-da şodurys!" diýip, haçparaz añyýetiniñ galyndy sülsatlaryna Selaheddin Eýýubynyñ hemlesini urdy. Ýoldaş Erdoganyñ ýöredýän bu diplomatiýasynyñ global deñleşmeleri sarsdyrýandygyna gürrüñ ýok. Ysraýyl we onuñ arkadagy ABŞ häzir Hamasa we Palestina garşy berýän beýanatlarynda öñe geçip bilmändikleri ücin harby-syýasy taýdanam üstünlik gazanyp bilmeýärler. Batgalyga batdylar. * * * Edýän çykyşlarynda we berýän reaksiýasynda Türkiýäniñ islän sepgidine gelen dünýä jemgyýetçiligi Palestina döwletiniñ ykrar edilmegini gün tertibiniñ birinji maddasyna öwrüp, sionistleriñ pygyllaryny şowsuzlyga uçradýar. Bärde abyrsyz uly zähmetiniñ bardygyny hökman agzap geçmeli ýene iki aktýor bar. Biri Günorta Afrika Respublikasy, beýlekisi-de BMG-nyñ okkupasiýa astyndaky palestin topraklary boýunça ýörite reportýory Françeska Albanesa. Françeska hanym hukukçy alym hökmünde Tel-Awiwden Londona, Nýu-Ýorka çenli genosidçi sionistler üçin gözagyry bolup döredi. Françeska hanymyñ sesi häzir Gazadaky hakykatlary gygyryp bilýän global wyždanyñ sesine öwrüldi. Onuñ ýañy-ýakynda çap etdiren "Genosidiñ anatomiýasy" atly ylmy maglumatnamasy dünýä derejesinde gyzgyn seslenme döretdi. Albanesanyñ maglumatnamasy Günorta Afrikanyñ Gaaga suduna hödürlän aýyplaw maglumatnamasyndan syýasy taýdan alanda has täsirli we sistematiki ylmy iş hökmünde görkezilýär. Erdoganyñ betpygyl oýunlary bulaşdyryp taşlan strategiýasyndan ýüreklenen Albanesa bilen Günorta Afrikanyñ taýýarlan kanuny maglumatlary basyp alynan ýerlere göçüp gelýän jöhitleriñ we günbatarly sionasistleriñ añlaryndaky ahlak bozuklygyna, syýasy ogurlyklaryna, jenaýatçylykly genosidçi ideologiýasyna garşy global möçberde paş etmä we goranyşa wekilçilik edýär. Taryh dünýäniñ sessizlige gömülen döwürinde bu üç batyrgaý ýüregiñ Gaza üçin alyp baran göreşini sahypalaryna altyn harplar bilen ýazar. Berjan TUTAR. "SABAH" gazeti, 11.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |