16:36 Fahrizade teraktynyñ düýp maksady näme? | |
FAHRIZADE TERAKTYNYÑ DÜÝP MAKSADY NÄME?
Publisistika
Eýranyñ ýadro maksatnamasynyñ esasy adamlaryndan Muhsin Fahrizade Tähran welaýatynyñ Abserd etrabynda awtoulagly barýarka gurnalan ýaragly hüjümden soñ aradan çykdy. "Fahrizade teraktyny" amala aşyrmakda ABŞ we Ysraýyl güman edilýär, düýn Eýranda bu iki ýurduñ baýdaklary ýakyldy we protest çykyşlary bolup geçdi. Fahrizadäniñ öldürilmeginde Ysraýyly yşarat eden Prezident Hasan Ruhany "Bu hadysany jogapsyz goýmajak bolarys, wagty-sagady gelende munuñ jaýdar jogabyny bereris. Sionist režimiñ elini okadyk, olaryñ komplimasiýaçy duzagyna düşmeris" diýip, bolanlara sowukganly çemeleşipdi. • EÝRANY YSRAÝYLA URDURYP... "Sabah" gazetiniñ žurnalisti Berjan Tutar bolsa soñky ýazgysynda "Fahrizade öldürüldimi ýa gurban edildi?" ady bilen täsin ýazgy bilen çykyş etdi. "Teraktyñ arasyna salnan wagt, amala aşyryş terzi we maksady birnäçe sorag yşaratyny döredýär" diýen Tutar Eýranda "ar alyş hyjuwy" bilen çykyş edýän gazetleriñ tersine, Ruhanynyñ sowukganlylygy saklaýandygyna ünsi çekdi. Tutar makalasynda ABŞ-nyñ täze saýlanan Prezidenti Jo Baýdeni ýatladyp, meçew berilmäge synanşylýan Eýranyñ Ysraýyla garşylyklaýyn jogap berip, Baýden bilen "täze döwri" sabotaž eymek islemeýändigini aýtdy. Tutar "Rewolýusion gwardiýaçylardan" başgalaryñ "gapma-garşylygy güýçlendirýän çykyşlardan daşda durýan beýannamalary bermegi" Tähranyñ ABŞ-nyñ täze prezidenti J.Baýden bilen ýumşama döwrüni sabotaž etmekden ätiýaç edýändigini görkezýär. Ysraýyl we Saudlaryñ gysyşlaryna garamazdan, Baýden hem Eýran bilen täze oñyn gatnaşyklaryñ sahypasyna açmaga taýýarlanýar. Çünki Eýran krizisini çözme strategiýasy ABŞ-nyñ global liderligi üçin ulanyp biläýjek iñ soñky güllesi. Dört ýyl bärini dişini gysyp gezen Tähran üçinem Baýden iñ soñky mümkinçilik. Şonuñ üçinem Tähranyñ Trampdan soñky ABŞ babatdaky garaşýan zatlaryny, "Süleýmany terakty" bilen garalamady" diýip nygtady. Hamaneýiñ "Tramp gidýänçä ABŞ-na garşy etjek çykyşlaryñyzdan el çekiñ" görkezmesini berendigi barada gep-gürrüñleriñ bardygyny aýdýan Tutar "Bu hemleler Süleýmanynyñ we Fahrizadäniñ öldürilmekden ötri, ABŞ bilen gatnaşyklaryñ düzelmegi üçin gurban edilendigi baradaky gep-gürrüñleri ýatlatman duranok" diýdi. Berjan Tutaryñ makalasy şu şekilde: "Ýakyn Gündogar ýene-de bir nämälim terakt bilen sarsyldy. Tähranyñ ýazlag merkezi Absertde Eýranyñ gelejekki ýadro bombasynyñ atasy saýylýan alym Muhsin Fahrizade altmyş iki ýaşynda awtoulagynda barýarka terrorçylykly hüjüm netijesinde wepat boldy. Şu ýylyñ 3-nji ýanwarynda-da "Kuddus güýji" brigadasynyñ serkerdesi Kasym Süleýmany altmyş üç ýaşynda Bagdatda ABŞ tarapyndan öldürilipdi. Fahrizade "ýadro maksatnamasynyñ Kasym Süleýmanysydy". Teraktyñ arasyna salnan wagt, amala aşyryş terzi we maksady birnäçe sorag yşaratyny döredýär... Eýranyñ Goranmak ministrliginiñ gözleg birliginiñ başlygy Fahrizadäni 2003-nji ýyldan bäri MOSSAD we MRU nyşanalap ýördi. 2015-nji ýylda "NYT" gazeti eýranly fizikaçy professory ikinji jahan urşy döwründe ilkinji atom bombasyny işläp düzen "Manhetten maksatnamasynyñ" ýolbaşçysy J.Robert Oppenheýmere meñzedipdi. Hatda Ysraýylyñ premýer-ministri Benýamin Netanýahu 2018-nji ýylyñ maýyndaky çykyşynda Fahrizadä yşarat edip "şuny ýatdan çykarmañ" diýipdi. Şeýle-de, teraktyñ ABŞ-nyñ daşary işler ministri Maýk Pompeonyñ, Netanýahunyñ, MOSSAD-yñ şefi Ýossi Koheniñ we Saud patyşalygynyñ mirasdüşer şazadasy Selmanyñ Saud Arabystanyñ Neom şäherinde 23-nji noýabrynda geçiren gizlin duşuşygyndan dört gün geçensoñ amala aşyrylmagy-da ünsi çekiji. Ganly terakty heniz boýnuna alan bolmady. Emma ysraýyl mediýasy Netanýahunyñ teraktdan soñ "Kyn günler bize garaşýar" diýen sözüne giñden ýer berdi. "Ýedioth Ahronot" gazeti Ysraýylyñ roluna yşarat etse, "Maariv" gazeti Netanýahunyñ "Bu hepde etjek işlerim bilen sizi tanyşdyryp biljek däl" diýendigini ýazdy. Tähran bolsa Netanýahu bilen terakta aç-açan goldaw beren Donald Trampa barmak çommaltdy. Konserwatiw gazetleriñ "urmasak urarlar", "Ar almaly" diýen ýaly sözbaşylaryna garamazdan, sowukganlylygy elden bermeýän prezident Hasan Ruhany "Tramp haos döretjek bolýar. Birnäçe hepdeden soñ gysyş döwrüniñ tamamlanjakdygyny duýýarlar. Halkymyz sionist režimiñ duzagyna düşmejek derejede hüşgär we akyllydyr" diýdi. "Bulam-bujarlyk hilesi" sözbaşysy bilen Ruhana ýakyn durýan reformist "Arman-y Milli" gazeti-de, hemmelere "strategik sabyr-kanagat" diläp, "Eýranyñ iki aýdan soñ täzeden sebitiñ iñ möhüm syýasy güýjüne öwrüljekdigini" ýazdy. "Rewolýusion gwardiýaçylardan" başgalaryñ "gapma-garşylygy güýçlendirýän çykyşlardan daşda durýan beýannamalary bermegi" Tähranyñ ABŞ-nyñ täze prezidenti J.Baýden bilen ýumşama döwrüni sabotaž etmekden ätiýaç edýändigini görkezýär. Ysraýyl we Saudlaryñ gysyşlaryna garamazdan, Baýden hem Eýran bilen täze oñyn gatnaşyklaryñ sahypasyna açmaga taýýarlanýar. Çünki Eýran krizisini çözme strategiýasy ABŞ-nyñ global liderligi üçin ulanyp biläýjek iñ soñky güllesi. Dört ýyl bärini dişini gysyp gezen Tähran üçinem Baýden iñ soñky mümkinçilik. Şonuñ üçinem Tähranyñ Trampdan soñky ABŞ babatdaky garaşýan zatlaryny "Süleýmany terakty" bilenem garalap bilmedi. Çünki, Hamaneýiñ "Tramp gidýänçä ABŞ-na garşy etjek çykyşlaryñyzdan el çekiñ" görkezmesini berendigi barada gep-gürrüñleriñ bardygy aýdylýar. Bu hemleler Süleýmanynyñ we Fahrizadäniñ öldürilmekden ötri, ABŞ bilen gatnaşyklaryñ düzelmegi üçin gurban edilendigi baradaky çaklamalary döretmänem duranok. Bir zady unutmalyñ, hernäçe ownuk ähtimallyk ýaly bolup görünse-de, munuñ şeýledigine az adam ynananok..." Odatv.com, 29.11.2020 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |