19:55 Edebi kimden öwrenmeli?!. | |
Halkyñ hazynasyndan
Halk döredijiligi we rowaýatlar
▶ EDEBI KIMDEN ÖWRENMELI?! Meniñ mamam sowatly kişidi, arapça, latynça, kirill ýazuwlaryny sakynmazdan okardy. Maña-da harplary ilkinji bolup öwreden şoldy. Ýöne onuñ ýadynyñ ýanynda ýazuw gaty bärden gaýdýardy. Mamam türkmen dessanlarynyñ ählisini diýen ýaly, "Görogly" şadessanynyñ köp şahalaryny ýatdan bilýärdi. Okamagy doly öwrenibem ýetişmänkäm "Zöhre-Tahyr", "Şasenem-Garyp", "Gül-Bilbil", "Nejeboglan", "Zeýnelarap", "Babaröwşen", "Ýusup-Züleýha" dessanlaryny ilkinji gezek men mamamyñ dilinden diñledim. Ol dessanlary gaty gyzykly gürrüñ bererdi. Kyssasynds kimiñ dilinden gürrüñ gitse, sözüne äheñ berşinde şol gahrymanyñ keşbine girerdi. - Edebi kimden öwrenmeli? - diýerdi mamam. - "Edebi düýeden öwren, bolmasa atdan, galyberse itden, iñ bolmanda, pişikden öwren" diýipdir köneler. Men: - Haýwandanam edep öwrenip bormy? - diýip soraýaryn. - Elbetde, bor. Düşündireýin. "Haýwanlarda akyl bolmaýar" diýýänlerine gulak gabardyp ýörme. Eýsem, düýeden näme öwrenip bor?! Düýe janawar ýat ýerde botlap gelse, eýesiniñ öñünde ýüzüni aşak salyp durarmyş. Adamlaryñ käbiri welin, iñ erbet işleriñ birini edip gelse-de, ýüzüñe gönüläp ýylgyryp duruberýär. Çyn bedewler-ä gaty düşbi bolarmyş. Babañyñ kakasy - meniñ gaýyn atam (oña Meret seýis diýerdiler) ökde seýis ekeni. Ol: "Bedew adamyñ her bir sözüne düşünýär. Diñe ynsan dilinde gürläbilenok" diýerdi" diýip aýdardy. Hawa, hakyky bedewler durşy bilen akyl bolmaly. "Edebi atdan öwren" diýenlerinde bolsa, atyñ hiç wagt adamyñ üstündn basyp geçmeýändigini göz öñünde tutupdyr köneler. Itden näme öwrenjek?! It eýesine asla ikilik etmez. - A, pişik näme? - Pişik iýip-içýän, ýatýan ýerinde hiç mahal täret etmez. Etjek bolsa, çete çykar. Onsoñam synla-da göräý. Adamlaryñ arasynda bolsa duz iýen ýerine ikilik etmekden gaýtmaýanlary-da ýok däl. Döwletmyrat ÝEGENGULYÝEW, žurnalist. #garagum_2017 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |