17:41 Eýranyñ derdi başga: Ormuz bogazy | |
EÝRANYÑ DERDI BAŞGA: ORMUZ BOGAZY
Maliýe we ykdysadyýet
Aslynda bärde Eýranyñ asmana atan salýut şowhunyndan has köpräk zat bar. Esasy üns berilmeli ýer Ormuz bogazy... Bogaz dünýäniñ nebit ýataklarynyñ agramly bölegini özünde saklaýan we bu nebitiñ ep-esli böleginiñ eksport edilýän Ýakyn Gündogar ýurtlary üçin esasy geçelge punktydyr... * * * Saud Arabystany, Eýran, Birleşen Arap Emirlikleri, Kuweýt, Yrak ýaly nebite baý ýurtlar satýan nebitleriniñ ep-esli bölegini şu bogazyñ üstünden ugradýar. Ormuz bogazy global nebit geçirijileriniñ 30%-e golaýyny üstünden geçirýän aýgytlaýjy deñiz geçelgesi... Bogazyñ ýapylmagy ýa-da haýsydyr bir görnüşde petiklenmegi global nebit liniýasynda uly arakesmä getirip biler. Soñam nebitiñ bahasynyñ keýgiñ şahyna çykyşyny görüñ... Dünýäde nebit bahalarynyñ galmagy sebäpli ykdysadyýetine ýaramaz täsir edýän ýurtlaryñ birem biz... Şonsuzam her zatdan ýaramaz täsirini alýan ýeke-täk ýurt biz... Haýsam bolsa bir zatdan položitel täsir alan bolsa, meniñem-ä ýadymda galardy! Ýogsam bolmasa, saýlawlardan öñ öñünden berilen sözleri jemlesek, häzir dünýäniñ birinji belgili energetika öndürijisi bolmalydyk... Hiç kim 2023-nji ýylda bizi saklap bilmeli däldi... 2053-nji ýyla gelenimizde tutuş Ýewropa, 2071-nji ýyla gelenimizde bolsa bütin dünýä bize baş egmelidi... Diýmek, bolmaýan eken! * * * Üç-dört ýyl öñ nebitiñ bahasy 16 dollara çenli düşdi... Suwdanam arzan boldy. Adaty şertlerde bu bahalar bilen iñ köp import çykdajysy energetika bolan türk ykdysadyýeti parlaýmalydy... Nebitiñ bahasynyñ pese düşmegi maliýe boşlañlygyny we inflýasiýany ýer biken ýegsan etmelidi, ösüşi çaltlandyrmalydy... Näme üýtgedi? Hiç zat! Dünýäniñ iñ köp nebit ýataklaryna eýe ýurt Wenesuela... Dünýäniñ iñ ýaramaz ykdysadyýeti-de ýene şol ýurtda... Ýurt ýaramaz dolandyrylýan bolsa, nebit suw bolup ýaplardan akanda ne peýda... • Kitabyñ bize aýdyşyndan... Kitapdan gür bereýin... Türkiýe sarp edýän energetikasynyñ uly bölegini, aýratynam nebut-gazyny daşyndan satyn alýar. Nebitiñ bahasynyñ galmagy ýurduñ çykjasyny göni artdyrýar. Bu ýagdaý Türkiýäniñ maliýe boşlañlygyny giñeldip, daşarky söwda deñagramlylygyna ýaramaz täsirini ýetirýär we türk lirasynyñ üstünde basyş emele getirýär. * * * Nebitiñ bahasynyñ galmagy transport we önümçilik çykdajylaryny artdtryp, umumy inflýasiýa derejesine gönüden-göni täsirini ýetirýär. Türkiýe ýaly uly energetika importçysy üçin bu ýagdaý sarp ediji bahalaryna täsir edýär we ýaşaýyş-durmuş çykdajylaryny artdyrýar. * * * Türkiýäniñ energetika bolan ýokary islegi global energetika bahalaryndaky oýnamalara garşy ykdysady döwülmelerini artdyrýar. Nebitiñ bahasynyñ galmagy aýratynam agyr senagat we ýük-ulag geçirijilik pudaklarynda işleýän edara-kärhanalaryñ üstünde maliýe basyşyny döredýär. Bular ýaly ýaly döwürlerde önümçilik we maýa goýumlary hem agsaýar. * * * Nebitiñ bahasynyñ galmagy uzak wagta çekjek bolsa, bolmalysydjan has hümmetli türk lirasy bilen ýol aşma arzuwy wagtyndan öñ soñlanar. Türkiýäniñ daşarky bergileriniñ uly bölegi walýuta görnüşinde... Nebitiñ bahasynyñ galmagy bilen türk lirasynyñ hümmetini ýitirmegi bu bergileri üzme çykdajylaryny artdyrar. Sapak geçen ýaly boldy, ýöne howatyrlanmañ, ekzamen tabşyrmaly bolmaz. Bulam meseläniñ ynjaldýan tarapy... • Ykdysadyýetiñ formulasy ýalñyş Biziñ ykdysadyýetimiz awtobusa münüp-münmänkä bir oña-bir muña gonup elewräp ýören nalajedeýin ýolagçy ýaly... Belli bir ornuny tapyp bilenok. Sürüji gaza bassa-da, tormoza bassa-da, ýer bagyrtlaýar. Içimden bizi şeýle ýagdaýa düşürenlere aýratyn minnetdarlyk bildiräýesim gelip dur! Ýigrimi iki ýyllap ýurdy dolandyryp oturanlaryñ durmuşa geçiren ykdysady maksatnamasy püçege çykdygysaýy, ady üýtgedilip "täzelenen görnüşde" diýlip, gaýtadan öñki zady bazara çykarmagyna näme diýip näme aýtmaly? * * * Mälim edilen maksatnamanyñ ösüş, inflýasiýa, maliýe boşlañlygy, milli girdeji boýunça ugurlaryna seredeniñe we olary tankyt edeniñe hem degmeýär.... Prosent bir dereje, emma onuñam täsiri halkyñ nezdinde köp däl... Seredip biljek ýeke ugrumyz bar: dollar kursy! Kowaladygymyzça has beter alyp gaçýarlar geljegimizi, emma olara şu günlerini geçirseler bolany... * * * Biziñ daşary ýurtdan geljek juda köp pula mätäçligimiz bar. Munuñ üçin swap diýilýän türk lirasy bilen daşary ýurt walýutasynyñ degdim-gaçdy kanallarynyñ açylmagy gerek. Edip bolmajak zat däl aslynda... Nämüçin açmaýarlar? Açsalar, häzire çenli çekilen kösençlikleriñ biderekdigi bilner. Dollaryñ kursy bir ýerde durmaz, ýokaryk galar. * * * Saýlawlaram geçip gutarandygyna görä, AKP-de akylly-başly maslahatçy ýokmuka? Ýarym-ýarpy iş geçirip bu zatlaryñ öñüni alyp bolmaz... Biraz wagt düzelişen ýaly etse-de; ykdysadyýet gaýtadan ýer bagyrtlar... "Beýle bolup gitmez, kem-kemden düzeler" diýib-ä hiçem tama etmäñ. 2024-nji ýyl türk ykdysadyýeti üçin ýitirilen ýyllaryñ biri... Tama edýänler oturyp ýene bir gezek pikir etsin. Nämä umyt bildirýärler? Haýsy şertler astynda umyt bildiren zatlar amala aşyrylmaly? Jogabyny tapsalar, gelsinler, bazar ortada... Murat MURATOGLY. "SÖZCÜ" gazeti, 15.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |