09:26 Ýer titremeden ejir çekenlere edilýän kömekler - ullakan nol! | |
ÝER TITREMEDEN EJIR ÇEKENLERE EDILÝÄN KÖMEKLER - ULLAKAN NOL!
Publisistika
Dek häzir wagty däl... Bulary aýtmagyñ wagtymy şumat? Halas ediş işleri dowam edip durka şu meseläni gozgamak aýyp dälmi? Däl! Dagy näme edeýin? Şu sahypanyñ temasy ykdysadyýet... Her kim öz işini edenliginde gozgara problema galmaly däl ahyryn!.. Meselem, "Gyzyl ýarymaý"... Kömek ýollapdyr, çadyr gurupdyr diýýärler. Ýöne men teleýaýlynlaryñ birinde-de olara gözüm düşmedi... Diýmek, aýdylyşy ýaly däl bolarly... Köçede galan halk açlykdan marketleri talaýar. Keýpine talanoklar... Sorasañ "açlykdan ölüp barýas!" diýip jogap berýärler. Hany, nirede "Gyzyl ýarymaý"? * * * Her kes kömek etmegiñ gaýgysynda... Ortada IBAN inflýasiýasy bolýan ýaly hamala... Haýsysyna ynansamka diýip seredýäñ. Belli karara gelip bileñok. Ýogsam bolmasa, 1999-njy ýylyñ ýer titremesiniñ yzyndan taýýarlanyp, 2000-nji ýylda güýje girizilen ýer titremesi boýunça salgyt 23 ýaşyna aýak basdy. Ses berme ýaşy beýlede dursun, pasport alma ýaşyna ýetip, maşgala gurup giderlik ýyllar geçdi. "Ýörite aragatnaşyk salgydy" ("Özel İletişim Vergisi") adyny aldy, şol günden bärem häzire çenli 39 milliard dollara golaý pul toplandy. Hany, nirä gitdi bu pullar? "Harçlamaly ýerlere harçladyk. Indiden soñ bular ýaly zatlaryñ hasabyny bermäge wagtymyz ýok" diýip, beýanat beripdi. Diýmegem aýyp welin, hezil edip iýdiler... Pulsuzlykdan Merkezi bankyñ ätiýaç puluna çenli el uranlar ýer titremesi üçin pul goýarlar öýdýäñizmi? Ýeri, pullar düşnükli. A ýer titrän ýagdaýynda ýygnanmak üçin bölünip berilen meýdanlara näme boldy? Satyldy! Plazalar dikildi! Söwda merkezleri guruldy! * * * Biziñ halkymyz jomartdyr. 1.150 otaglyk köşgüñ ýanynda ýene aýry-aýry tomusky, gyşky köşk... "Beylerbeyi", "Dolmabahçe", "Yıldız", "Vahdettin", "Huber", "Beykoz Kasrı" köşkleri... Halk jomart bolmasa nädip bularyñ puluny tölejek? Netijede bular oñky däl, halkyñ köşkleri... Men size bir zady aýdaýyn: şumatky gyşyñ añzagynda biraz üşänlerinde ýer titremeden ejir çeken on müñlerçe raýaty ýerleşdirsinler şol köşklere... Ine, şonda ynanardym menem halk üçin gurulandygyna... * * * Ýurtda köpçülikleýin ýokanç kesel ýaýrasa, pul ýok! Ýer titreýär, pul ýok! Sil gelýär, pul ýok! Ýerler opurylýar, pul ýok! Ýangyn bar ýeri ýakyp-kül edip gelýär, pul ýok! Her zat üçin döwlete göz dikip durmaly däl diýilýän bolsa, her zat üçin halkyñ eline göz dikip durmañyz näme onda? Şu ýerde bir düşünişmezlig-ä bar öýdýän... Tegelek 100 milliard lira bölünip berilipdir. Agyzlaryny dolduryp aýdanam bolýarlar. Öz jübülerinden berýärlermi? Wezipe borçlary ahyry bu! Çeşmesini biziñ daban azabymyzdan süzüp alýan salgytlar... Gyt çeşmeleriñizi karta-da görkezip bolmajak ýerlere sowsañyz, dünýäniñ añry ujuna millionlarça dollarlyk metjit açsañyz, gidip Afrika Ösüş bankyna pul akdyrsañyz, wagty-sagady gelende raýatlardan kömek sorap, eliñizi sermäge mejbur bolarsyñyz. * * * Ýaponiýada zol ýer titräp, hatda tsunamiler bolup dur. Hökümet çekilen zyýanyñ öwezini dolmak üçin halkdan pul soraýarmy? Elbetde, soranok. Ol ýerde ýer titrese, birinji halk halas edilýär. Bizde ýer titrese birinji döwlet halas edilmeli. Ol ýerde döwlet halk üçin bar... Bizde halk döwlet üçin... Murat MURATOGLY. "SÖZCÜ" gazeti, 08.02.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |