15:27 Ezopyň basnýalaryndan | |
EZOPYŇ BASNÝALARYNDAN
Edebiýaty öwreniş
• DÜR TAPAN HORAZ Bir daýhanyň howlusynda, towuklaryň arasynda paýpyl-paýpyl basyp, köw-söw edip ýören horaz birdenkä samanyň astynda bir zadyň lowurdap ýatandygyny görüpdir. Şatlygyndan käkelän horaz ony çünki bilen çykaryp seretse, ol bir söý bilen ýitip, ýere garylan dür dänesi bolsa nätjek? “Saňa gadyr goýýan kişiler üçin sen, belki, hazynasyň – diýip, lapykeç bolan horaz hüňürdäpdir – Emma meniň üçin bir üýşmek dürdäneden ýekeje däne arpa bolany has ýagşyrak”. Horazlar çarh urar yşgynda arpaň, Dürdäne tapanda oňa ne derkar? • MÖJEGIŇ “MINNETDARLYGY” Möjek öz awlan haýwanyny iýip otyrka, onuň bokurdagynda süňk galypdyr. Bogazyndaky agyra çydap bilmän, uwlaý-uwlaý her ýana ylgaýan möjek her duş gelene ýalbaryp, süňki aýryp bermegini haýyş edýär eken. Özüni bu dertden dyndaranyň sylagyny ýetirjekdigine-de söz beripdir. Ahyry durna muňa synanyşmaga razy bolupdyr. Ol möjegi bir ýanlygyna ýatyryp, agzyny mümkingadar giňden açmagy buýrupdyr. Özüniň uzyn boýnuny möjegiň bokurdagyna sokan durna çüňki bilen süňki gozgap-gowşadyp, ahyrynda ony sogrup çykarypdyr. – Indem gaýrat edip, wada beren sylagyňyzy eçiläýseňiz... – diýip, durna garaşyp duranmyşyn. Möjek oňa dişlerini syrtardyp, wagşyýana ýylgyrypdyr-da, şeýle jogap beripdir: – A-how, sen möjegiň agzyna kelläňi sokup-da, ýene diri galdyň, şol saňa azmy? Gaýtam meniň ýanymdan sag-aman gidýäniňe şükür et sen. Şol saňa iň uly sylagdyr. Bar, gidiber… Hergiz gurtdan gowulyga garaşmaň: Açgözlere asyllylyk ýaraşmaz. • ÖŇDENGÖRIJI GARLAWAÇ Daýhan öz ýerinde biraz kenep tohumyny ekipdir. Garlawaç ol ýerde iýmit gözleginde bökjekleşip ýören guşlara ýüzlenip: - Şu adamdan ätiýaç ediň! - diýip duýdurypdyr. - Ätiýaç eder ýaly ol näme edýärmiş? - diýip guşlar geň galypdyrlar. - Ol kenep ekýär ahyryn – diýip garlawaç düşündiripdir – Siz haýal etmän onuň eken tohumlaryny ýekän-ýekän ýygnap alyň, ýogsam soň puşman edersiňiz. Guşlar garlawaja gulak asmandyrlar. Basym kenep ösüp ýetişipdir, ondan kendir ýüplük egrip, tor ýasapdyrlar. Garlawajyň pendi-maslahatyny äsgermedik guşlaryň ençemesi şol kenepden öndürilen tora düşüpdirler. Garlawaç tordaky guşlara jibrinipdir: - A men size näme diýipdim?!... Wagtynda dep eýle belaň tohumyn, Ýogsam bir gün başa salar wehimin. • BAGYŞLAMAK WE UNUTMAK Daýhanyň ogly atanlykda ýylanyň guýrugyny basypdyr, ýylanam yzyna öwrüläge-de, ony çakyp öldüripdir. Onuň atasy gazap bilen paltasyny alyp, ýylanyň yzyndan eňipdir we guýrugyny çapyp galypdyr. Ýylan aryny almak üçin daýhanyň gara mallaryny çakyp başlapdyr we şeýdip oňa ep-esli zelel ýetiripdir. “Ýylan bilen ýaraşmaly boljak” diýip oýlanan daýhan onuň hininiň agzyna her hili iýmit we bal getirip goýupdyr. – Gel, bu bolan zatlary unudaly we birek-biregi bagyşlaly – diýip, ol haýyş edipdir – Mümkin, sen meniň oglumy jezalandyrmaga we meniň mallarymdan aryňy çykarmaga hakly bolansyň, emma meniňem öz oglumyň aryny almaga synanyşmagym dogrudy ahyryn. Emma indi, hutma-hut bolanymyzdan soň, biz näme üçin razylaşyp, gaýtadan dostlaşmaly dälmişik? Onda ýylanyň hininden şeýle ses gelipdir: – Eý, ynsan! Seni bagyşlaýaryn. Ýöne zatlaryňy al-da, git şu ýerden! Biz biri-birimizi bagyşlanymyz bilen senden bagyr yzasy, menden guýruk yzasy aýrylyp gidesi ýok. Ýamanlygy, belki, bagyşlap bolar, Emmaki ýarasy ýürekde galar. • ÝYLANDAN DOST BOLMAZ Gyşyň güni tokaýdan gelýän odunçy garyň üstünde garalyp ýatan bir zady görüpdir. Seredip görse, ol sowukda doňup galan ýylan eken. Odunçy ony ýylatmak üçin goltugyna salypdyr-da, öýüne haýdapdyr. Ojagyň öňünde goýlan ýylanyň daşyna üýşen çagalar onuň kem-kemden özüne gelşine şatlyk bilen syn edýär ekenler. Haçan-da çagalaryň biri ýylany sypalamak üçin üstüne eglende, ol kellesini galdyryp, dişini syrtardypdyr. Ýylanyň çagany çakmaga peýlenýändigini aňan odunçy şobada paltasyny alyp, ýylana salypdyr-da, ony iki bölüp taşlapdyr. “Wah, ýolda doňup ýatyrka muňa eýe çykmaly däldim – diýip, ol hyrçyny dişläpdir – Şonda şeýdäge-de iki bölüp gaýdan bolsam-a has-da gowy boljak eken”. Ýylandan dost bolmaz, ýylan – ýylandyr, Ýagşylygy bilmez, zanny ýamandyr! • RAHATLYGYŇ EŞRETI Bir gezek şäher syçany öz obaly garyndaşynyňka görme-görüşe barypdyr. Gödeňsi we sada oba syçany ony gadyrly garşylap, çörek we peýnir, noýba dänesi we kakadylan et bilen bol-elin hezzetläpdir. Emma myhman syçan uzyn burunjygyny ýokary tutup, şeýle diýipdir: - Daýy, sen nädip şeýle hörekler bilen oňşuk edip bilýäň? Aý, howa-da, obada şondan gowy nämä garaşjak?! Meniň bilen şähere gidip, bir hepdejik ýaşasaň-a, men saňa hakyky durmuşyň nämedigini görkezerdim. Garaz, iki syçan şähere sary ýola düşüpdirler we agşam çagy şäher syçanynyň ýaşaýan mesgenine ýetipdirler. - Sen aryp-ýadansyň, daýy, oňat keýpiňi sazla! - diýip, hojaýyn obaly garyndaşyny ullukan myhman otagyna salypdyr. Syçanlar şol ýerde oturyşykdan galan nazy-nygmatlary we süýjülikleri iýip, şerap bilen üstüni ýetirip otyrkalar, güňleç “how-how” sesleri eşidilipdir. - Aý, bu şu öýüň itleri-le - diýip, şäher syçany myhmany rahatlandyrmaga çalşypdyr. - Ýegen, men nahar iýip otyrkam bimaza etseler halaýan-a däldirin! - diýip, myhman gatyrganypdyr. Biraz wagtdan gapy bat bilen açylyp, iki sany äpet köpek otaga kürsäp giripdir. Syçanlaryň ikisi hem zym-zyýat bolupdyrlar. - Sen nirä barýaň, daýy? - diýip, sähel salymdan şäher syçany ýola düşüp barýan myhmanyň yzyndan gygyrypdyr – Köpekler gitdi, meýlisi dowam etdireli! - Hoş, ýegen, sag bol! – diýip, oba syçany yzyna gaňrylyp jogap beripdir – Men beter giçikmänkä öýüme ýeteýin-de, ine-gana naharlanyp, arkaýyn ýataýyn!.. Bolsa halal nanyň, öz garyp çatmaň, Eşreti başgadyr çäşerip ýatmaň. • AKYLLY KEL Jöwzaly tomus güni meýdanda işläp ýadan bir kel pyýada öýüne gaýdyp gelýär eken. Garader bolup gelýän bendäniň töwereginde wyzzyldap, ýüregine düşen bir siňek ahyrsoňunda onuň çür depesindäki sakar ýerine gonupdyr. Amatyny peýländiren öýden ol adam saň-gaty aýasyny bar güýji bilen siňegiň üstünden inderipdir. Öz depesinden goýberen zarbasyndan ýaňa onuň gözi garaňkyrap gidipdir, Siňek bolsa gapdala uçup, sag-aman galypdyr. Basym siňek ony ýene bimaza edip ugrapdyr. Emma ol adam bu gezek oňa üns bermändir. “Şoňa barmysyňam diýmäýin-le – diýip, ol öz ýoluna mytdyldap barşyna hüňürdäpdir – Ýogsam şarpyk ýene-de özüme degjek ýaly-la”. Sen özüňi her näkese deň edip, Derde galma olar bilen jeň edip! • IÇIGARALYK Gämä münüp, onuň yz tarapyna geçip oturan bir ýolagçy özüniň ýigrenýän birisiniň şol gämä münüp gelýändigini görüpdir. Ol gelýänem muny görüpdir-de, “Ýamandan boýnuňy satyn al” edip, ondan uzak ýere – gäminiň öň tarapyna geçip oturypdyr. Deňizde ýüzüp barýarkalar güýçli tupan turup, gämi gark bolup başlapdyr. Her kim jan gaýgysynda iki ýana elewleýärmiş. Gäminiň yzky çetinde oturan adam bolsa kapitana şeýle sorag berýärmiş: – Sen şuny aýtsana: ilki gäminiň öň tarapy suwa gidermi ýa-da yzky tarapy? Kapitan: – Öň tarapy – diýip jogap berende, ýaňky içigara hil bir hoş habar eşiden ýaly biraz rahatlanypdyr. – Onda ýene ýagşy-la! – diýip, ol hoşallygyny daşyna çykarypdyr – Ilki şonuň gark bolşuny bir synlasam, onsoň maňa öz ajalym känbir armanly bolmaz. Awundyryp bilse birin bidöwlet, Taýýardyr özi hem çekmäge külpet. • YŞKYŇ BENDIWANY Gadym zamanda bir ýolbars owadan daýhan gyzyna aşyk bolupdyr we oňa öýlenmekçi bolup, ata-enesine söz aýdypdyr. Goja daýhan ýalňyz gyzyny wagşy ýyrtyja bermek islemändir, emma öýüne gelip oturan ol eýmenç peläketiň gaňryşyna gaýtmakdanam gorkupdyr. – Siziň bu garyndaşlyk teklibiňiz biziň üçin ullukan mertebedir, şir aga – diýip, ol ýalym-ýulum edipdir – Emma siziň şu syh ýaly ajaýyp diş-dyrnaklaryňyz biziň näzijek gyzymyza zeper etmezmi? Ilki şolardan dynyp geläýseňiz, onsoň bizem kempir bilen bu haýyr işi gaýra tesdirmän, arkaýyn toýuň maslahatyny edibersek... Ýolbarsyň bu dünýäde diş-dyrnagyndan zyýada näme buýsanjy bar? Emma söýginiň jadysy bilen bäsleşip biljek güýç hem ýok. Şeýlelikde, aşyk ýolbars özi üçin iň aýylganç pidagärlige baş urupdyr: dişlerini sogurdyp, dyrnaklaryny kesdiripdir. Emma indi diş-dyrnaksyz şirden kim çekinjek? Daýhanyň öýüne kelek sygyr ýaly bolup gelen ejiz janaweriň üstünden gyzyň hossarlary güle-güle hezil edinipdirler, goja daýhan bolsa onuň maňlaýyna taýagyny gezäp, gapysyndan kowup goýberipdir: – Mende saňa berer ýaly gyz ýok, ganojak! Bar, eliňden gelýänini gaýgyrma, güýjüň ýetse asman paýyňy çek! Yşk dyza çökerdi ençe ärleri, Mugyra getirdi arslan-şirleri. • AJAÝYP NIKAP Şähere aralaşan tilki saý-sebäp bilen teatryň geýim-gejim saklanýan otagyna sümsünip giripdir. Özüne dikanlap bakyp duran bir owadan ýüzi görende ol birbada gorkudan tisginip gitse-de, soň ol ýüzüň gymyldamaýandygyny aňyp köşeşipdir. Sütüne geýdirilip goýlan, aktýorlaryň ýüzüne geýýän ol nikabynyň gözelligine tilki bir salym haýran bolup durupdyr. Soň onuň eýlesine-beýlesine geçip, daşyndan aýlanyp, oňat synlan tilki: – Be-e, bu ýüz-ä gaty owadan ýüz eken welin, arman aňyrsynda beýnisi ýok oguşýa – diýip, lapykeç hüňürdäpdir – Neressä görk-görmek baryny eçilipdirler-de, özge zatlardan binesip goýaýypdyrlar-ow... Zenan bardyr, görki Aýa bäs eder, Kelpeňligi äriň ömrün ýas eder. • YZYNY TAPSA RAZY Bir çopanyň sygry tokaýdan gölesini aldyryp gelipdir. Göläni möjek alandyr diýip pikir eden çopan: “Eý, Biribar, gölämi süýrän şol ýyrtyjyny tapsam, ýoluňa bir çebiş sadaka!” diýip doga-dileg aýdypdyr-da, tokaýa ugrapdyr. Onuň maksady mala degen gurdy öldürip, indiki zyýanlarynyň öňüni almakdy hem-de onuň derisini soýup, peýda görmekdi. Ahyry tokaýyň açyk ýerinde ol öz ýiten gölesini çeýnäp ýatan ýolbarsyň üstünden barypdyr. Göläni awlan möjek däl-de, şir ekeni. Ana, şonda ýolbarsyň özüni göräýmeginden gorkup, agaja bukulyp duran çopan simap kimin sandyrap, Hudaýa şeýle ýalbarýarmyş: – Ýa, Biribar, “Gözleýän awymy tapsam bir çebiş sadakam bar” diýipdim, men onymy hökman berjekdirin! Ýitigimi tapdym welin, indi meni şonuň penjesinden sypdyrsaň ýene bir öküz sadakam bardyr! Tanamaýan awuň gezseň yzynda, Özüň şam bolarsyň “tutdum” diýeňde. • PEÝDASYZ ÝELEKLER Giň howluda seýkin basyp seýran edýän älemgoşar guýrukly tawus guşlara bir ýaş alahekge elmydama gözügidijilik bilen syn edýän ekeni. Bir gün ol tawuslaryň ýelegini çalşyranda düşürýän köne ýeleklerini ýygnap ugrapdyr. Ýeterlik mukdarda ýygnanandan soň, ol ýaňky ýelekleri guýrugyna we başga ýerlerine daňypdyr we sallanjyrap-sypanyp tawuslara goşulmaga gidipdir. Emma ol ýakyn gelen badyna tawuslar onuň özlerine degişli däldigine kemsiz göz ýetiripdirler. Biçäräniň üstüne ýerli-ýerden çöwjän tawuslar, ony çokjalap, galp ýeleklerini goparyp aýrypdyrlar. Şeýlelikde ýelek bilen tawus boljak bolan ol gögele alahekgä ýene öz sypatyna kaýyl bolmakdan başga alaç galmandyr. – Akmajyk diýsä! Sen ol gözel guşlar diňe ýelek-per bilen owadandyr öýtdüňmi? – diýip, bu zatlary görüp duran bir dana garry guş oňa käýinipdir. Syratyňa kybap bolsun eginbaş, Birewe öýkünme, özüň kämilleş! • ÖZ ALLARYNYŇ PIDASY – Meniň hile-mekirliklerim sanardan kändir – diýip, bir gün tilki tokaý pişiginiň ýanynda öwnüpdir – Iň bärkisi, duşmanlardan gaçyp gutulmak üçin ýüz sany emelim bar. Seniňki näçe? – Meniň-ä duşmandan gutulmak üçin ýekeje emelim bar – diýip, pişik boýun alypdyr – Duşmany gören badyma golaýymdaky agaja dyrmaşyp çykýan-da, şahadan-şaha böküp, tokaýa siňip gidýän. Ýöne şol ýekeje emelime gaty ökde men. Edil şol pursat aw itleriniň sesi eşidilipdir. Pişik dessine agaja dyrmaşypdyr-da, şahanyň aňyrsyndan tilkä gygyrypdyr: – Ine, meniň emelim! Hany, tilki dost, indi seniň ýüz emeliň haýsyny ulanýandygyňy synlap göreýin! Tilki özüniň şunça emelleriniň haýsysyny ulanjagyny bilmän, barysyny kellesinde aýlap durka, itler onuň daşyny alypdyrlar. Gitdigiçe aljyrap, huşy başyndan uçan tilki äm-säm bolup galypdyr. Şeýlelikde, itleriň tutan tilkisini awçylar gelip öldüripdirler, pişik bolsa aman-sag gidipdir. Kän emel guranyň öz akly çaşar, Bir gün öz alyna özi çolaşar. • ÝAGŞYLYGA – ÝAMANLYK Bir gezek bir adam pürs ýygmak üçin el degmedik gür tokaýlyga gelipdir. Emma onuň paltasynyň sapy bolmansoň, kuwwatly we syrdam agaçlara bialaç seredip, näme etjegini bilmän duranmyş. Sada we açyk göwünli daragtlar onuň kösenip duranyny görüp, näme gerekdigini sorapdyrlar. Muňa begenen adam özüne bir iş üçin golboýy agajyň gerekdigini aýdypdyr. Daragtlar dessine ýardama häzir bolupdyrlar, olaryň biri bolsa öz şahasyndan jomrup, golboýy agajy adama bagyş edipdir. Emma adam nädipdir? Ol ýaňky bölek agajy öz paltasyna sap edipdir-de, daragtlary bir ujundan pürreläp ugrapdyr. Başlary gök direýän daragtlar ýeke-ýekeden ýere gürpüldäp gaýdýarkalar, öz duşmanyny gönendiren ýagşylyklaryna ahmyr edip, näçe gözýaş saçsalaram, indi giç bolupdyr. Namart hergiz sarpalamaz merdiň hoş gylygyny, Öz garşyňa ulanar eden ýagşylygyňy. • PENT BERMEZDEN OWAL... Ene leňňeç çagasy bilen kenar ýakasyndaky çägelige gezim etmäge çykdylar. – Balam, seniň ýöreýşiň örän gelşiksiz – diýip, ene leňňeç çagasyna düzediş berdi – Kä eýlä, kä beýlä towlanjyrap, egrem-bugram bolup barşyň bolanok. Göni ýöremegi öwren! – Wah, eje jan, men göni ýöremegi nireden görüpdirin? – diýip, çaga leňňeç aýtdy – Seniň özüň öňüme düş-de, nähili dogry ýörelýändigini bir gezejik görkez, onsoň menem senden öwrenip dogry ýöräýin! Pent bermezden owal özüňi düzet, Her işi görelde görkezip öwret! • GYLYGYNY GÖRKEZDI Gadym zamanda iki perişde jedel edipdir. Olaryň biri “Janly-jandarlaryň düýp gylygy üýtgäp biler” diýse, beýlekisi oňa garşy çykypdyr. Birinji perişde öz pikirini subut etmek üçin bir pişigi gyza öwrüpdir-de, ony bir ýigide durmuşa çykarypdyr. Toý dabarasynda sülmüräp oturan gelni ikinji perişdä görkezip: – Gör, düýnki pişigiň bu gün allanäme gelin bolup oturyşyny! Gylygy üýtgäpmi ýa-da ýok? – diýip sorapdyr. – Dur, gardaş, netije çykarmaga birazajyk howlukma! – diýen ikinji perişde toý derterhanynyň üstüne bir syçany oklap goýberipdir. Gelin syçany gören badyna bar zady unudyp, ýerinden towsup turupdyr-da, ony tutmak üçin üstüne özüni zyňypdyr. – Ine, pişik şindem öz gylygyny görkezdi! – diýip, ikinji perişde aýdypdyr. Gylygyňy gizläp bilmersiň ilden, Gizleseň-de ýüze çykýandyr tizden. • NE ÖZI IÝER... Günorta çagy ygyp ýören bir it mal agylyndaky içi samanly ahyra böküp giripdir-de, samanyň üstünde düýrlenip ýatypdyr. Öýlänler meýdanda işläp, ajygyp-ýadap gelen öküz saman iýmek üçin ahyra tarap ýönelipdir. Emma ymyzganyp ýatan it oýanyp, gahar bilen oňa üýrüpdir. Ürküp yza çekilen öküz her gezek ahyra golaýlaşanda it oňa üýrüpdir we haýbat bilen dişlerini syrtardypdyr. Ençeme gezek synanyşyk edenden soň, öküz itiň ahyrdan turmajagyna we özüne saman iýdirmejegine göz ýetirip, şol açlygyna ýatypdyr. “Käbirleri özleri iýip gönenmejek zadyny ýene illere-de iýdirenok” diýip, janawer öz ýanyndan jibrinipdir. Harsydünýä ýygyp-düýrer dünýäde, Zady ile bermez, iýmez özi-de. • GÖGE GALAN PYŞBAGA Bir pyşbaga bürgütden haýyş edipdir: “Men peslikdäki düzde ýaşap ýadadym. Belent dagyň kemerindäki ýaýla alyp göterseň, ýagşylygyň gadyryny bilerdim”. Muňa razylaşan bürgüt pyşdyly penjelerinde gysymlap, asmana göterip barýarka, oňa gyrgy duş gelipdir. Iki guş bilelikde gümür-ýamyr edip, uçup baryşlaryna pyşbaganyň hem gürrüňini edipdirler. – Munuň eti-hä gaty süýjüdir – diýip, pyşdyla ümlän garga bürgüdiň ýüzüne köpmanyly seredipdir. – Wah, süýjüdigini bilýän-le, bilemde name? – diýip, bürgüt lapykeç gürläpdir – Daşynda gaty gapagy bar-da. – Ho-ol aşakdaky ýylçýr gaýa onuň gaty gapagynyň eminden geler – diýip, garga akyl beripdir. Muny eşiden bürgüt penjesini açypdyr-da, zar-zar ýalbarýan pyşdyly aşaklygyna kelemenledip goýberipdir. Iki guş pyşbaganyň ýagly etini çekeläp, birsalym şady-horram meýlis gurupdyrlar. Ganym penjesinde galsaň-da arşa, Bir gün hökman deger maňlaýyň daşa! • ÄT GALAN KÖPEK Bir ýerden bir omaça eti girisine salan köpek ony agzynda berk gysyp, ine-ganalykda iýmek üçin öz mesgenine dolanyp gelýär eken. Keýpihon köpek ýol ugrana derýajygyň üstündäki paýapyldan geçip barýarka, aşakda haýaljakdan akýan suwuň ýüzündäki öz keşbine tötänden gözi düşüpdir. Oňa başga omaçany alyp barýan özge bir itdir öýden köpek özüniňkini azyrganyp, onuň agzyndaky “olja” hem göz gyzdyrypdyr. Ol bar zady unudyp, agzyny hatap kimin açyp, suwdaky keşbiniň üstüne açgözlik bilen özüni zyňanda, omaçasy-ha suwuň düýbünde gaýyp bolup gidipdir, özi bolsa girdapdan aman çykanyna kaýyl bolup, şol açlygyna selpildäp gaýtmaly bolupdyr. Kowalaşyp salgyma, Çyn nygmatdan boş galma! • DAG DEK URDY NAGRANY... Bir gezek dag etegindäki bir obanyň adamlary ir säher bilen dagyň lerzan urýan sesine oýanypdyrlar. Som-saýak bolup, düzlüge gaçyp giden adamlar bir ýere üýşüp, dagyň iňläp titreýşine, gaýalayň elenip, äpet daşlaryň togalanyp gaýdyşyna gorky bilen syn edip durupdyrlar. “Dagyň bu nagra dartyp çaýkanmasynyň bir soňy bardyr, bu bolşy onuň bir nägehany dogrup-döretjegine çalym edýär” diýip, köpi gören gojalar çak urupdyrlar. Adamlar gorky bilen kän garaşypdyrlar, dag bolsa şol kükräp-elenip duranmyşyn. Ahyrsoňunda dagyň etegindäki ýer sarsyp ýarylypdyr-da, jaýrygyň ujy mähelläniň duran ýerine çenli ýetipdir. Adamlar ol ýerden çykjak apata öňünden tagzym edip, lampa dyza çöküpdirler. Jaýrykdan bolsa ilki görnen bir syçanjygyň tumşugy bolupdyr. Syçanjyk çykansoň dag köşeşip, aram tapypdyr, asman asudalanyp, zeminem öňki durkuna gelipdir. Şondan bäri özüni mazamlap, il içine owazasyny ýaýradyp, ilkibaşda täsir we umyt döreden, emma soňunda suwytly bitiren goşy bolmadyk pöwheler barada şeýle diýilýär: Dag dek urdy nagrany, Syçan boldy dograny. • UZAKDAN BATYRLYK Obanyň çetindäki bir tamyň üstünde oturan oglanjyk sesýetim uzaklykdan geçip barýan bir möjegi görüpdir. Bu ýerde ýyrtyjydan özüne howp ýokdugyna gowy düşünýän çaga oňa gygyryp, käýemäge başlapdyr: – Eh-eý, nirä barýarsyň? Obanyň mallaryny ogurlamaga utanaňokmy? Möjek oňä näme diýýärsiňem diýmän, ýoluny dowam edipdir. Oglanjygyň bolsa gahar-gazaby barha güýçlenipdir: – Tüýkesme ogry, galtaman peläket! Asla seniň bu halal bendeleriň öýlerine golaý gelmäge nädip ýüzüň çydaýar? Edýän gabahat işleriňi men bilýän däldirin öýdýäňmi? Maňa görünmäge neneň gaýratyň çatýar?.. “Gygyryber, körpeje dostum! – diýip, möjek öz ugruna seňkildäp barşyna oňa gözüniň gyýtagyny aýlap hüňürdäpdir – Häzir elýeterden uzagrakda sen. Uzyn diliň keýpini gör. Arman, şol “batyrlygyňy” düz ýere çykybam bir görkezsediň...” Howp-hatardan uzakda Batyr bolar gorkak-da. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |