13:32 Ezopyñ basnýalaryndan | |
EZOPYÑ BASNÝALARYNDAN
▶ GÖRMEKSIZEM BOLSAM... Saýhally durna bilen tylla ganatly tawus jedele urupdyrlar. Tawus onuñ sypatyny, keşbini ýañsa alýardy. Durna kelpeñ tawusa ýüzlenip, ahyry şeýle diýipdir: - Bar, sen menden görmekli ekeniñem-dä. Oña derek men al-asmanda pasyrdap, ýyldyzlañ deñinde pel-pelleýän, sen welin horaz kimin ýerden çala saýlanyp, diñe pysyr-pysyr edýäñ... ▶ ÜÇ BÖLEK OLJA Ýolbars bilen gulan ikisi aw awlapdyr. Ýolbars güýjüne baýrynsa, gulan ýüwrükligine baýrynýardy. Şeýlelikde, ikisi olja baryny alypdyr. Ýolbars oljany üçe bölüpdir. - Ine, şu bölek meñki - diýip, ýolbars oña düşündiripdir. - Sebäbi men güýçli, ikinji bölegini awa şärikligim üçin alýan. Eger şu ýerden çaltrak gümüñi dartmasañ üçünji bölek saña gaty gymmat düşer. ▶ HARLANAN BEDEW Uruş mahaly ýigit atyny saýlama iým bilen bakypdyr. Howp-hatarda, agyr-agyr jeñde özüni goratmak üçin şeýdipdir. Uruş gutarypdyr. Indi şol ýigit bedewini eşek ornunda ulanyp, oña agyr-agyr ýük daşadypdyr, üstesine ýeter-ýetmez naharlapdyr. Ýene uruş başlanypdyr. Ýigit atynyñ üstüne towsup, ýaragyny şaýlap, ýola düşüpdir. Ýöne aty indi eýesini götermäge gurbaty çatmandyr. Ahyry ol çydaman eýesine şeýle diýipdir: "Hany, üstümden düş-de, pyýada goşunyñ hataryna goşul. Sebäbi sen meni eşege öwürdiñ, indi sen eşegi ata öwrüp biläýermikäñ?.." ▶ KÜMSÜK HÄSIÝET Gaty ýaragan it bar eken. Ol ötegçilere-de azar ýamanyny beripdir. Sessiz-üýnsüz baryp hatyladyp alaýýarmyş. Eýesi onda bizar bolup, boýnuna jañ asypdyr. Jañ sesi howp-hatary öñünden duýdurypdyr. Ýarak it welin muña özüne edilýän dereje diýip düşündi hem-de petekesini gaýşartdy. Uly meýdançada eýläk geçip, beýläk geçip, bir jyññyrdady. Ony synlap duran bir garry köpek: - Sen nämäñe temegiñi göge tutýañ? - diýip, jabjyndy. - Saña bu jañjagaz edermenligiñ üçin däl, kümsük, ýaramaz häsiýetiñ üçin berildi! ▶ DAT GÜNÜMIZE!.. Haýwanlaryñ şasy ýolbars akylyndan azaşypdyr. Ony ýaýladan garap duran sugun haýpygelijilik bilen pyşyrdady: "Dat, biz garybyñ gününe! Bu bende akylyndan öz akylyndaka zordan çydaýadyk. Akylyndan azaşansoñ, nähili bela-beterleri gopararka? Ezop. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |