12:09 Gahrymanlarymy özüm saýlamadym. | |
GAHRYMANLARYMY ÖZÜM SAÝLAMADYM
Edebi makalalar
Ýazyjynyň dünýägaraýşy. Hiç kim meni dünýä özümden aýdyň tanadyp bilmez. Hiç birýazyjy özüni kowumdaşlaryndan gizläp bilmez, çünki onuň her bir hereketi, döredijiliginiň her bir pursady onuň asyl tebigatyny düşündirýär. Men kitaplarymda özüm hakynda hiç zady gizlemän, ählisini adamlara, gürrüň berýärin. Ýazyjynyň işi hakynda. Göwnüme, ilkinji romanymdan geljekki ykbalymyň nähili bolljakdygyny bildim. Täze eýýamyň buşlukçysydygyma hiç haçan, sähelçe-de şübhelenmeýärdim hem-de her ädimimiň ägirt gyzyklanma bilen yzarlanjakdygyna düşünýärdim. Hiç wagt gahrymanlarymy saýlamadym, has dogrusy, olar meni saýladylar. Özümden öňküler ýaly, menem güýçli, ýagdaýlary, töweregini özüne boýun egdirip bilýän adamlara haýran galyp bakdym. Bu tema meniň aňymy şeýlebir eýeledi welin, özümi başga hiç bir zada bagyş edip bilmedim. Ylham hem edil söýgi ýaly joşgunly bolup bilýär. Romanlarymyň mazmuny ýüregimiň jümmüşinden we şahsy tejribämden gaýdýar, emma olary aňsat, biperwaýlyk bilen ýaýmaýaryn. Meniň ýazyjylyk endiklerim ýönekeý: uzak oýlanmak we gysga wagtda ýazmak. Işimiň köp bölegini aňymda bişirýärin. Pikirlerim belli bir tertibe gelýänçä ýazmaga başlamaýaryn. Ýazýan wagtym gahrymanlarymyň özara gürrüňlerinden bölekleri daşymdan gaýtalap aýdýaryn, çünki gulak — ygtybarly gözegçi. Men jümläni islendik adama düşnükli düzdüm diýýänçäm kagyza ynanmaýaryn. Emma şonda-da beýan edişimi göni däl-de kakdyryp, ümläp, yşarat edip aýdýan ýaly görýärin. Şol sebäpli okyjy has inçe pikirleri sypdyrmazlyk üçin köplenç üme düşünmeli bolýar. Men kynlyk bilen, irginsiz gysgaldyp we üýtgedip ýazýaryn. Eserlerimiň dokuzynyň düzüw bolmagy maňa juda möhüm. Şonuň üçin olary tä göwhere öwrülýänçäler tükeniksiz alada bilen ýylmaýaryn, timarlaýaryn. Köp awtorlaryň arkaýyn aýap saklajak uly göwrümini gymmatbahaly kiçijik daşa öwürýärin. Mende seýrek duşýan, öz eserlerime kesekiniň nazary bilen seredip bilmek ukyby bar. Başga bir ynsaby pesräk ýa- zyjynyň kabul etjek zadyny köp gezek ýaýdanman inkär edýärdim. Eger şatlyk getirse, ýazmaly. Elmydam ýazanymdan göwnüm suw içmese-de, ýazýan wagtym men juda bagtly. Ýazan zatlarymyň maňa irde-giçde ýadygärlik boljakdygyna ynanmaýaryn, — özüme dogruçyl baha bermäge çalyşýaryn. Zehinim bilen däl-de, erjelligim bilen ýazyjy boldum. Gowy kitabyň gymmatlylygy we özüne çekijiligi onuň kämil derejede sadalygynda, aç-açanlygynda, häsiýetleri we hereketleri döredýän islegleri hamala säwlik bilen diýen ýaly edip açyp bilmeginde. Bu - diliň hem pikiriň sadalygy. Ol ýasama däl. Ýöne göwnaçyk sada ýazmak, bilgeşleýin çylşyrymly ýazmakdan has kyn. Beýik ýazyjylar ajaýyp gysbylyk başarnygyna eýe. Olar tutanýerli, erjel, zähmetsöýer adamlar, yhlasly, irginsiz alymlar we dili inçeden bilýän ussatlardyr. Adatça, ussatlar hiç zat ýok diýen ýaly zatdan özüne çekiji, ajaýyp hekaýa döredip bilýärler. Häzirki zaman ýazyjylarynyň iň uly aýby — bezegçilige we daşky ýylpylda höwesjeňlikleridir. Zähmet hem wagt hakynda. Deňiz asuda bolanda, her öňýeten deňizçi. Ýöne bulutsyz Gün we gussasyz şatlyk — bu, elbetde, hakyky durmuş däldir. Mysal üçin, iň işi şowlularyň ykbalam bulaşan ýumaga meňzeýär. Ýitirmek we tapmak biri-biriniň ýerini çalşyp, gezekleşip gelip, bizi kä gynandyrýarlar, kä begendirýär. Hatda ölümiň özem ýaşaýşy gymmatly edýär. Ýaşaýşyň kyn minutlarynda adamlar hakyky ynsan adyna laýyk bolýarlar. Ýönekeýje synçy nazar bilen bakylsa-da, haýsydyr bir uly başlangyçlar kynçylyksyz başa barmaýar. Munuň üçin adam öz ykbalyna minnetdar bolmalydyr. Şowsuzlyklar bizi taplaýar. Häsiýet umytlar ýykylanda, döreýär. Biz özümize aşa ýokary baha berýändigimize synaglar netijesinde göz ýetirýäris. Durmuş tejribesi güýçli we gowşak taraplarymyzy anyk bilmegi öwreder. Ýalňyşlyklarymyza indikile gaýtalamajak derejede ökünip bilsek, şonda, hakykatdan-da, olara gynandygymyzdyr. Başga birinden ýokarda bolmakda hiç hili aýyp ýokdur. Hakyky ajaýyplyk, çyn ýeňiş öz «meniňden» ýokarda bolmagy başaran mahalyňda döreýändir. Durmuşda we işde ukyp däl-de, häsiýet, akyl däl-de, ýürek, genilik däl-de, erk, sabyr, tertiplilik hem-de paýhasa boýun bolmak möhümdir. Paýhas - ykbalyň bişişen akyla iň soňky peşgeşidir. Köp synaglary başyndan geçiren adam wagta öz kömekçisi ýaly garap başlaýar. «Wagt — geçmişi bezeýär, owa- danlaýarwe köşeşdirýär» diýýärler, emma ol sapak hem berýär. Wagt — tejribäniň iýmiti, paýhasyň boý alýan topragydyr. Ol ýaşlygyň dosty hem, duşmany hem bolup biler. Wagt — peýdasyna ýa-da zyýanyna ulanylandygyna baglylykda garrylygyň başujunda duran teselliçi ýa-da jellatdyr. Ömrüň nämedigine düşünýänçäk, eýýäm gutaraňkyrlaýar. Ýöne ony diňe uzaklygy bilen ölçäp bolmaýar. Dub agajy ýüzlerçe ýyl ýaşaýar. Oňa çenli dirileriň kowmy birnäçe gezek çalyşýar. Emma kim tutuş asyr boýy agaç bolup ýaşamagy ynsanyň doly manyly, maksada okgunly ýaşaýşynyň ýeke gününe çalşar?! Bizi şeýle ajaýyp we çuňňur tolgunma döredýän zatlar gurşap alýar welin, munuň gadyryny öňden bilmändigime biraz utanýan. Her niçigem bolsa, yzyma seredip, özüm hakynda şu dört sözi aýdyp bilerin: Men bagtly durmuşy ýaşadym! Nogsanlyklar hakynda. Bu dünýäniň görküni gaçyrýan ýigrenji nogsanlaryň içinde iň howplusy köre-körlükdir. Hiç bir nogsan onuň garaňky we zalym ruhy bilen deňleşip bilmez. Adam hemişe kejirlik bilen özüniň şahsy pikirine ýapyşyp ýatan wagtynda köre-körlük döreýär. Her bir zady hemişe kötekleýän adama her bir zada döredijilikli we işjeň çemeleşmek ýatdyr. Hususy ynanjy onuň häkimidir, gipertrofirlenen men-menligi — ýektäk halypasydyr. Şeýle azan aň üçin hususy garaýşy absolýut hakykatdyr. Ähli nogsanlyklaryň gözbaşy - şöhratparazlykdadyr. Ol ikiýüzliligi döredýär, görüpligi oýarýar, ýalana itekleýär. Köp kişiniň baýlygy artdygyça sahawaty azalýar. Adama geregini beriň, ol rahatlygy islär. Rahatlyga ýetse, elpe-şelpeligi küýsär. Bol-elinlikde ýüzdüriň, ol aňyrbaş lezzete zardyr. Aňrybaş lezzete eýe bolsa däliräsi geler. Oňa ähli islänlerini berseňiz hem ýene «Meni aldadylar, islänimi almadym» diýer. Wagty geler, adamyň asyl ýaradylyşy ykbaly bilen ýüzbe-ýüz çaknyşar—şonda şeýle bir partlama dörär! Maksada okgunly durmuş hakynda. Men hemişe-de has agramly, manyly içki durmuşdaky adamyň daşyndan hem sada ýaşap başlaýandygyna ynanýardym. Özüm babatda aýtsam bolsa, gadyr-gymmatyny bilmeýän zadyma eýe bolanymdan, özümde ýok zadyň gymmatyny bilenimi gowy görerdim. Gör, nähili gymmatly minutlarymyzy öz ejizligimiziň edenine däl diýip bilmän sarp edýäris. Olar ýeňles güýmenjeleriň, boş gürrüňleriň, şübheli we peýdasyz şagalaňlaryň pidasy bolýar. Gyzyklanýan zatlarymyzy çuňlaşdyrman çägini giňeltmek—öz-özüňden ogurlamakdyr. Ynsan hereketde bolmaly. Passiw synlaýjylyk — akylyň howply haly. Durmuşy ham-hyýalda, boş arzuwlarda geçirmek ýalňyşdyr. Jedel edegenler, pully oýunlara gyzygýanlar adatça garyplykda ölýärler. Hatda ýaşka işi şowlan kişiniňem, soňky netijesi erbet bolýar. Beýle adamlar tutanýerli zähmeti äsgermän, umumy kabul edilen tejribäni inkär edýärler. Işlemek, zähmet çekmek özüne çekijiligini ýitirýär we netijede, säwlik bilen geljek şowlama garaşmakda geçýän durmuş küle sowrulýar. Adamlar hemişe bagta barýan gysgajyk ýoly gözleýärler. Beýle ýol ýok. Bir zady islemek bilen oňa ýetmegiň başga-başga zatlardygyna akyl ýetirende adam paýhaslanýar. Uly ýazyjylara mahsus häsiýet — işlerine juda çynlakaý ýapyşmaklarydyr. Olaryň durmuşy köplenç kyn, şatlykdanam doly däl, ýöne olar hiç wagt işsiz oturmaýarlar. Olar islendik zat — bilim ýa-da ýöne bir döwüm çörek üçin işleselerem gara çynlary bilen, özlerini şol işe bagyş edýärler. Ýalňyzlyk hakynda. Kähalat ýalňyzlygym sebäpli uzakly gün ýazýaryn. Köpçülikden gyra çekileniňde kämillige bolan ymtylyş döreýär. Adamyň ruhy ýalňyzlykda öz-özi bilen gürleşýär, köplenç hem ruhuň güýji herekete öwrülýär. Şonuň üçin, eger adam bagtly bolmak isleýän bolsa, özi üçin köpräk wagt bölüp aýyrmaly. Emma ýalňyzlyk peýda getirjekmi ýa-da zyýan — bu adamyň ýasawyna, sowadyna we hususy häsiýetlerine bagly. Eger ýokary häsiýetli adamyň sap ýüregi ýalňyzlykda hasam arassalanýan bolsa, ownuk kişiniň gödek ýüregi öňküsindenem gödekleşýär. Şol sebäpden ýalňyzlyk ruhy güýçli ynsany terbiýelese, ejiz ruhlular üçin ol jebirdir. Emma ýazyjy ýazmaýan wagty dünýeden gaçmaly däldir. Men ideýalar däl-de, diri adamlar bilen gyzyklanýaryn. Kino, telewideniýe we teatr ýüregimi gysdyrýar. Adatça aşa dilewar adamlar ýaramaz ýazyjylar bolsa-da, men söhbetdeşligi, kimdir birini diňlemegi halaýaryn. Söýgi hakynda. Söýgi — adamy we dünýäni döredýän güýçdür. Ol söýýänleri paýhaslandyrýar, akyllary ýiteldýär, duýgulary terlendirýär, ganatlandyrýar. Söýgi oňa wepalylyk, süňňüň bilen berilmek netijesinde ömrüni dowam edýär we berkeýär. Onuň wezipesi özünde bar zatlaryň baryny paýlaşmakda. Söýgi ikitaraplylykdyr. Başga birine düşünmek tas iň uly bagtdyr. Başga biriniň saňa düşünmegi bolsa, mümkin, söýgüniň iň ýakymly, iň uly kanagatlanma eçilýän peşgeşidir. Söýgi peşgeş ornuna hiç zada garaşmaýar. Söýgi hatda daşyny nadaralyk we ýalan gurşanda-da, sabyrly we dogruçyldyr. Ol aşyklary aýyrýan wagty hem, giňişligi hem, daşky ýagdaýlary hem hasaba almaýar. Söýgi şatlyk berýär, agzalalyk däl-de, ylalaşyk getirýär, daşky bolşuňa bakyp günäkärlemeýär. Söýgi — ýaşaýşyň baş maksady, doganlygyň ýüze çykmasy, ýokary ahlak ýörelgeleriň özeni, hyzmatdaşlygyň esasydyr. Söýgi ähli ýerden, islendik ýagdaýda-da ýagşyny gözleýär, şony hem tapýar. Häzirki zaman we geljek hakynda. Şu günki gün taryhyň adaja akymy däl-de, saklap bolmajak güýç bilen öňe barýan tolkunyň çürbaşydyr. Beýik.döwürler geçmişde däldir, beýik döwürler—häzirki döwrümiz, has beýik döwürler bolsa — geljegimizdir. Ernest HEMINGUEÝ Terjime eden: Hydyr Amangeldiýew "Dünýä edebiýaty" žurnaly 1/2011 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |