12:17 Gara Gammaryñ bildirişleri / gülküli hekaýa | |
GARA GAMMARYŇ BILDIRIŞLERI
Satiriki hekaýalar
Iş wagty tamamlanyp barýarka Sapaly dostum gapydan giräýdi. Uniwersitetde bäş ýyllap Sapaly bilen bileje okapdyk. Onuň bilen bir otagda ýaşapdyk. Öýe gaýtdyk. Öňümize getirilen çaýdan ýaňy adama bir käse içipdik. Diwardan asylgy radiodan eşidilýän sazyň ýakymly sesi birden kesildi. Salym geçmänkä-de iki-üç gaýra tyrkyldy eşidildi. Yzy bilenem kolhozyň direktory Gara Gammaryň sesi ýaňlandy: - Pikir beriň, pikir beriň! Gepleýär “Daýhan” kolhozynyň radiouzeli. Häzir kolhozymyzdan bolan bildirişleri eşitdirýäris. Şu gün agşam kolhozymyzyň ýazky klubynda “Gapyl galan” diýen reňkli hindi kinofilmi görkeziljek. Soňundan bolsa “Zenan wejeralygy” diýen kino görkezilýär. Oňa ýaşy on ýedä ýetmedikler goýberiljek däldir! Diktor sesine az-kem dyngy berdi-de, yzly-yzyna üsgürdi. Sesine nazym berip, ýene okap başlady. - Bildirişlerimizi dowam etdirýäris. Kinofilmler agşam sagat sekiz otuzda başlanýar. Biletler kino başlanmanka gapyda nagt pul alnyp satylýar! Diktor az-kem sagyndy-da, ýene söz başlady: - Indi kolhozymyzdan bolan ýene bir bildiriş eşitdirýäris. Kolhozymyzyň “Ýagtylyk” uçastogyndaky sygyrly hojalyklaryň dykgatyna! Kimiň sygry bar bolsa, ony şahyna ýüp dakyp, Haýyt çopanyň öýüniň gapdalyndaky tilagajyň ýanyna alyp barmaly. Sebäbi şol ýerde saçym.... şol ýerde sagym sa-sa-sa.... Diktor soňky sözi süýndürip-süýndürip gaýtalasa-da, yzyny dowam etdirip bilmedi. Ol zeýrenmäge başlady. - Şü mal dogtarymyzam ýokary bilimlä meňzeş däl. Hatyna düşünip bolanok. Beýtmeli däl ahyry. Howlukman aýtjak zadyňy düşnükli ýazmaly. Radiodan yzly-yzyna kagyz şykyrdysy eşidilenden soň, ýene diktor gepläp başlady: - Hawa, ýaňky “sagym” diýip okajak bolanymyz “sanjym” eken, ýoldaş radiodiňleýjiler. Hawa, ýaňky aýdylyşy ýaly, sygyrly adamlar ertir ýüpli barmaly. Sanjym geçirilen wagty o janawarlar ýakymsyzlyk edip, şallaklamaz ýaly sygyrlary tilagaja daňmaly! Habar beren wetwraç Köçäýew B. Diktor uzak eglenmän: “Pikir beriň, pikir beriň! “Gepleýär “Daýhan” kolhozynyň radiouzeli!” diýdi-de, öňki okan bildirişlerini sözme-söz, nokatma-nokat gaýtalap ugrady. Gara Gammaryň bildirişleri soňlamagy bilen Sapalam uly aladadan dynan ýaly boldy. Ol düşegiň üstüne geçip, ornaşykly oturdy. Sapaly uniwersitetde okaýarka kinony şeýle bir söýýärdi, heý goýaý. Öňki gören kinolaryny gaýtalap görýän wagtlary hem köp bolýardy. Onuň henizem şol bolşy eken. Nahar başyndakagam, kolhoz klubynda boljak kinolary görmäge ilgezik boldy oturdy. Gara aga ikinji gezek bildiriş okandan soň Sapaly sagadyna seredip, geýinmek bilen boldy... Biz kono görüp çykanymyzda, sagadyň iki dilem on ikä golaýlapdy. Heniz klubdan arany açmankak golaýdaky repreduktordan Gara Gammaryň bildiriş okaýan sesi eşidildi. Ol biizň ýaňyja görüp çykan kinofilmlerimiziň şu gün agşam görkeziljekdigini, kinonyň sagat sekiz otuzda başlanýandygyny habar berýärdi. Klubdan çykan mähelläniň içinde diňe Sapaly bolaýmasa, Gara aganyň okaýan bildirişini geňleýänem ýokdy. Radiouzeliň deňine ýetýänçäk, Gara aga daşaryk çykan eken. Onuň deňine ýeten oglanlaryň biri salam berdi. Soňam: - Gara aga, kino baradaky bildirişi indi okajagam bolma! Biz o kinolary görüp gaýtdyk – diýdi. Gara aga jogaby nagt etdi: - Aý, siziň kinony göreniňiz-görmäniňiz bilen işim ýok. Kinoçy ýigit “Gara aga, şu bildirişi gaýrat edip, ýedi gezek okaweri” diýipdir. Ýaňy alty gezek okadym. Ýene bir gezek okamagy menden alsyn. Gara Gammar aýdanyny etdi. Öýe gelip ýorgana girjek bolup durkak, kolhoz diktory ýaňky görüp gaýdan kinofilmlerimiziň görkeziljekdigi barada bildirişi ýene bir gezek okady. Akmämmet HAN. “Edebiýat we sungat” gazeti, 1992 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 6 | |||||||
| |||||||