02:42 Garagalpagystan türkmenleri | |
GARAGALPAGYSTAN TÜRKMENLERI
Taryhy makalalar
1. Milli bitewilikden bölünip giden türkmenleriñ 100 müñe golaýy häzirki günde Garagalpagystanda ýaşaýar. Olar bu ülkä - ýaşap oturan ýerlerine, belli bir wagtda däl, aýry-aýry ýyllarda göçüp barypdyrlar. Taryhy maglumatlaryñ, ýerli türkmen ýaşulylarynyñ berýän gürrüñlerine görä, türkmenler (atalar) ilkinji gezek Allaguly han (1825-1842) döwründe, takmynan 1825-1830-njy ýyllarda, ikinji gezek hem han (Muhammmet Emin 1845-1855) bilen bolan ylalaşyga görä, 1855-nji (luw) ýyly köpçülikleýin derýadan gaýra geçýärler. Aradan onça wagt geçmänkä, beýleki taýpalar (gökleñ, arabaçy, igdir, düýeji) hem göçüp barýarlar. Täze mekana göçüp gelen türkmenler öñden çañap ýatan boz meýdany (alan atlyk ýerlerini) özleşdirmekde, suw desgalaryny gurmakda örän köp zähmet çekýärler. Agyr durmuşda güzeran geçirýärler. 2. 1873-nji ýylyñ II ýarymyndan başlap türkmenleriñ bu mekany rus patyşasynyñ, 1917-nji ýylyñ ahyrynda hem sowet häkimiýetiniñ ygtyýaryna geçýär. Öñki düzgün-tertip, salgyt-töleg, gün-güzeran düýbünden üýtgeýär. Ýerli halk bilen bir hatarda türkmenler-de ezilmekligiñ başga-başga görnüşlerine sezewar bolýarlar. 3. Türkmenler hojalykda çarwaçylyk, az-kem hünärmentçilik, esasan daýhançylyk bilen meşgullanypdyrlar. Türkmene mahsus el hünäri bolan haly, palas, kilim, çuwal, torba, horjun we ş.m. harytlary dokamaklyk hem ünsden düşürilmändir. Olar ýaly işler heniz-henizler hem dowam edýär. 4. Türkmenleriñ tutuş oba bolup ýaşaýan ýerlerinde milli özboluşlyklar (geýim, şaý-sep, aýdym-saz) durnukly saklanýar. Garyndaş halklar (özbek, garagalpak) bilen aralaşyp ýa-da duldegşir oturanlarynda egin-eşik, däp-dessurlar köp halatlarda ýerli milletleriñki ýaly bir umumylyga eýe. Bu ýagdaý olaryñ dilinde hem açyk duýulýar. 5. Bilim almak meselesi bularda hem, beýleki ýerlerde bolşy ýaly, jemgyýetiñ gurluşyna görä özgerip durupdyr. Geçmişde obasaýyn dini mekdepler (metjitler) bolup, onda arap dilinde okadylypdyr. Uly medreseler hanlygyñ merkezinde - Hywada bolupdyr. Soñky döwlet öwrülişiklerinde bolsa rus, ýerli we milli dillerde okapdyrlar. Häzirki günde Garagalpagystanda bar bolan 30-a golaý türkmen mekdepleriniñ köpüsinde (türkmenleriñ kowçum oturan obalarynda) ýaşlara türkmen dilinde, milli taýdan azlyk edýän ýerlerinde ýerli (özbek, garagalpak) dilinde sowat öwredilýär. 6. Toý-märekelerde at çapdyrylyp, göreş tutdurylýar. Türkmen bagşylary milli saz guralynda saz çalyp, aýdym aýdýarlar. Olaryñ repertuarynda türkmen klassyklarynyñ (Magtymguly, Kemine, Mollanepes we başg.) sözüne degişli aýdymlar, "Görogly", "Şasenem-Garyp", "Hüýrlukga-Hemra" ýaly halk dessanlary uly orun tutýar. © S.ARAZKULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |