14:18 Germaniýa we Günorta Koreýa | |
GERMANIÝA WE GÜNORTA KOREÝA
Publisistika
Koronawirus krizisini başymyzdan sowansoñ ullakan bir ýüzleşme bolar we dünýä ýurtlary bu aýgytly göreşde gazanan üstünliklerine, ukyp-başarnyk kriteriýalaryna görä ikä bölünerler. Ýewropa bileleşiginiñ agzalarynyñ aglabasy diýen ýaly agyr synagdan geçýär. Waka we ölüm sany ummadan çykdy. Wirusyñ ilkinji başlan ýurdy bolan Hytaý bilen Italiýanyñ arasynda ýygjam adam we haryt gatnaşygy bolansoñ, Italiýada hasam howply ýagdaý döredi. Bulam az bolýan ýaly, Italiýanyñ käbir öñüni alyş işlerinde haýal-ýagallyga ýol bermegi, italýanlaryñ berilýän duýduryşlara garamazdan, gündelik durmuşdaky hemişeki endiklerinden el çekmän sosiallaşmada kejeñeklige tutmagy häzirki tragiki ýagdaýy emele getirdi. Ispaniýadaky ýagdaýlaram şuña meñzeş, soñunyñ nähili gutarjagy belli däl. Fransiýanyñ ýagdaýy edil goñşulary ýaly bolmasa-da, öwerlik ýagdaý ýok. Angliýanyñ nähili çäre kabul etjegine uly gyzyklanma bilen garaşýardylar, emma absurd bir humar oýnap, millionlarça adamyñ ömrüni howp astyna saldylar. ABŞ-nyñ ýagdaýy hemmesiniñkidenem erbet. "It eýesini, pişik - bikesini tananok". TW ýaýlymlary Kaliforniýanyñ kenarlaryna dolan adamlaryñ bolşuny görkezýär, kada-kanunlara eýerýän ýok, öýden çykman oturanlaram aklyndan azaşan däliler ýaly duluna azyk önümlerini we hajathana kagyzyny basýar. Dünýäniñ iñ güýçli döwletiniñ saglygy goraýyş ulgamy orta we pes girdejili millionlarça adamyna hyzmat ederlik ýagdaýy ýok. Ýokary hilli hyzmat diñe puly bolan az sanly adamlar üçin gurnalan. Ýewropada bu agyr synagdan iñ gowy geçip bilen ýurt - Germaniýa. Germaniýanyñ premýer-ministri Angela Merkel krizisiñ başyndan bäri anyk we kesgitli çykyşlar etdi. Nemes teleýaýlymlarynda komplimasiýa teoriýaçylaryna orun ýok. Diñe ylma salgylanýan iñ soñky terbiýeleýji ýaýlymlar arkaly jemgyýete iñ dogry maglumatlar ýetirildi. Hemmeler kada-kanunlara eýerýär we munuñ netijesinde Germaniýada ölümi grafigi berk gözegçilik astyna alyndy. Ylymda, industriýada we önümçilikde Ýewropanyñ iñ öñdebaryjy ýurdy bolan Germaniýa bu üstünliginiñ tötänlik däldigini saglygy goraýyş ulgamynda gazanan ýokary netijeleri bilenem birkemsiz subut etmegi başardy. Günorta Koreýa bolsa dünýä ýurtlaryna görüm-görelde bolup biljek ýokary netijeleri gazandy. Ýurtda sözüñ doly manysynda mobilizasiýa yglan edildi, berk kada-kanunlar ýola goýuldy, haýran galarlyk möçberde barlag testlerini ulanyşa girizildi, adamlar duýduryşlara gulak asdylar. Ol ýerde-de waka we ölümler kadalaşdy. Koreýler özlerini çalt dürsediler. Bu iki ýurduñ üstünligi başga ýurtlara nusga bolmalydyr. Olar şuny görkezdiler: ylmyñ we akyl-paýhasyñ güýji tertip-düzgün bilen bileleşende bu howply keseli ýeñmegiñ kynçylygy ýok. Goñşymyz Eýranyñ ahwaly diýseñ gynandyryjy. Tähran hökümeti üst-üste döreden fiaskolaryna saglygy goraýyş ulgamyndaky kemçiliklerini-de goşdy we Eýran dünýäniñ iñ agyr ýitgi çeken ýurtlarynyñ hataryna girdi. Käbir ýurtlaryñ mälim edýän maglumatlarynyñ näderejede dogrudygy şübheli. Mysal üçin, Russiýa. Ilaty 145 milliondygyna garamazdan koronawirus zerarly ömür tanapy üzülenleriñ sany Lýuksemburgdanam az görünýär! Beýle zat mümkinmi beri? Statistikada şular ýaly düşnüksiz maglumatlar bar bolansoñ "Eýse käbir hakykatlar gizlenýärmikä?" diýen şübhe biygtyýar kalbyña dolýar. Hakan ÇELIK. "Posta" gazeti, 24.03.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |