19:19 Iki zenan lider | |
IKI ZENAN LIDER
Zenan şahsyýetler
Ýewropadan Ýakyn Gündogara, Aziýadan Amerika yklymyna çenli birentek ýurtlar ukypsyz we belli bir maksady bolmadyk körzehin liderleriñ şowsuz kararlaryndan ýaña gylyñ üstünde durlar. Düýpli meseleleriñ birine-de oñly çözgüt tapyp bilenoklar. Ykdysady meselelere çäre gözlemekden ejiz gelýärler. Adalatly bolup bilenoklar we garşa ýalan sözleýärler. Aralarynda iki lider bar, olar däp bolan galyplardan has başgaça görnüşde ýurtlaryny uly üstünlik bilen dolandyrýarlar. Üstesine-de ikisi-de zenan. Biri Germaniýanyñ premýer-ministri Angela Merkel, beýlekisi - Täze Zelandiýanyñ premýer-ministri Jasinda Ardern. Okeaniýadaky Täze Zelandiýa kiçijik, emma ýaşaýyş-durmuş derejesi diýseñ ösen, şeýle-de töwereginde problemaly goñşular ýok. Ilatyñ aglaba böleginiñ bilim derejesi gowy. Bular ýaly çetde ýerleşen asuda ýurdy dolandyrmak göräýmäge añsat ýaly görnübem biler. Onuñ liderlik ukyby we hili ýurtlaryñ ululygyndan garaşsyz ýagdaýda orta çykan aýratynlyk. Meniñ özüm-ä, Jakinda Ardern Täze Zelandiýanyñ däl-de, Angliýanyñ başynda oturanam bolsa şeýle netijäni gazanyp bilerdi diýip pikir edýärin. Ýadyñyza düşýän bolsa, öñräk Täze Zelandiýanyñ Kraýstçerç şäherinde metjitde namaz okap duran musulmanlara garşy gönükdirilen wehim terrorçylykly waka bolup geçipdi. Jakinda Ardern bu trawmatik hadysany ullakan bir döwletiñ karizmatik lideri kimin seljerdi. Populist şemallara özüni aldyrmady. Nädogry syýasat ýöredip gahar-gazabyñ, agzalalygyñ ulalmagyna, öýke-kine tolkunynyñ asmana galmagyna sebäp bolup bilerdi. "Biziñ hemmämiz şu ýurduñ adamlary!" diýip, musulmanlara gujak açdy. Diñe terrorçylara däl, olaryñ arkalanýan milletçi ideologoýalaryna garşy göreşmek üçinem möhüm çäreleri kabul etdi. Ok atýan ýaraglaryñ ulanylyşyna kesgitli çäklendirmeleri girizdi. ■ Merkeliñ tapawudy Angela Merkel eýýäm ençeme ýyl bäri Germaniýanyñ premýer-ministri. Häzire çenli ykdysady we syýasy birnäçe krizisiñ sowukganlylyk bilen hötdesinden geldi. Şeýtmek bilen ol diñe özüni goldaýan gatlaklaryñ däl, garşysyna çykyş edýän taraplaryñam hormat goýýan adamsyna öwrüldi. Çözmesi kyn iñ çylşyrymly meselelere oýlanşykly çemeleşmesi, ykdysadyýeti üstünliki dolandyrmagy we Germaniýany global çaýkanşykdan ýara almazdan çykarmagy iñ ünsi çekiji taraplary boldy. Merkeliñ ýolbaşçylygyndaky Germaniýa her pudakda markalaşan şereketleri, býužetiniñ dolulygy, rekord eksporty bilen häzir Ýewropanyñ iñ güýçli ýurduna öwrüldi. Merkel ve Ardern koronawirusa garşy göreşde-de, barmak çommaldyp görkezerlik ýokary netijeleri gazandylar. Jynsyýetçi deñeşdirmeler etmegi halamaýan welin, şonda-da, zenanlaryñ syýasata giren ýurtlarynyñ köpüsinde uly ösüşleriñ gazanylýandygyny gördüm. Finlandiýadyr Norwegiýada hem şeýle ýagdaý bar. ■ Eneler üçin nahal Stambuldaky ýeke-täk zenan ýerli häkimiýet işgäri Sanjakdepäniñ häkimi Şeýma Dögüji saglygy goraýyş ulgamynda işleýän eneler üçin görüm-göreldelik asylly işiñ başyny başlady. Professor Ilhank Warank adyndaky Bilim we ylmy-barlaglar hassahanasynda işleýän dört ýüz enäniñ hormatyna gurluşygy dowan edýän göçme hassahananyñ meýdançasynda agaç nahallaryny oturtdy. Şol ikiarada Şeýma Dögüjiniñ häkimlik edýän raýony Sanjakdepede gurlup duran müñ adamlyk hassahananyñ maý aýynyñ aýagynda tamamlanyp ulanyşa berilmegi meýilleşdirilýär. Nesip holsa, diñe koronawirus döwründe däl, eýsem başga wagtlarda-da döräp biläýjek köpçülikleýin ýokanç keselleriñ bejergisinde-de Stambul diýseñ möhüm ähmiýetli binanyñ eýesi bolar. Hakan ÇELIK. "Posta" gazeti, 12.05.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |